Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Putin bilen gepleşik geçirmek üçin Wladiwostoga bardy


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygyndan bir gün öň, otluda Russiýanyň Uzak Gündogar regionynda ýerleşýän port şäheri Wladiwostoga bardy.

24-nji aprelde irden Kim Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň serhet araçäkleriniň golaýyndaky Hasan stansiýasyna baryp, Russiýanyň territoriýasyna geçdi. Bu ýerde ony rus milli egin-eşigindäki gyzlar garşy alyp, oňa gül desselerini gowşurdylar we Russiýanyň milli buhanka çöregini we duz hödürlediler.

Russiýanyň “Interfax” habar agentliginiň beren maglumatyna görä, Hasan stansiýasynda Kimi garşy alan rus resmileriniň arasynda ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Igor Morgulow, Russiýanyň Demirgazyk Koreýadaky ilçisi Aleksandr Matsegora, Uzak Gündogar we Arktik regionyny ösdürmek boýunça ministr Aleksandr Kozlow we Primorýe regionynyň häkimi Oleg Kožemýako dagy bardy.

Primorýe regionynyň administrasiýasynyň metbugat gullugy Kime salgylanyp, onuň Russiýa “uzak wagtdan bäri” sapar etmek isleýändigini aýtdy.

“Men döwlet başyna geçenimden bäri ýedi ýyl geçdi, ýöne meniň häzirki pursada çenli Russiýa sapar etmäge mümkinçiligim bolmady” diýip, metbugat gullugy Kimiň sözlerini sitirledi.

Kim özüniň hökümet delegasiýasy we ýaragly güýçleriniň resmileri bilen bilelikde, Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýandan Wladiwostok şäherine ýaraglandyrylan hususy otluda sapar etdi. Olar 700 kilometre golaý aralykdaky ýoly otluda geçdiler.

“25-nji apreldäki gepleşikler Koreý ýarymadasyndaky ýadro problemasyna syýasy we diplomatik çözgüt tapmaga gönükdiriler” diýip, 23-nji aprelde Putiniň daşary gatnaşyklar boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow aýtdy.

“Soňky birnäçe aýyň dowamynda ýarymadanyň töwereginde ýagdaýlar belli bir derejede durnuklaşdy. Bu Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyny bes etmek we özüniň ýadro synaglaryny geçirýän desgasyny ýapmak inisiatiwasynyň saýasynda diýen ýaly amala aşdy” diýip, ol belledi.

Uşakow iki lideriň geçirjek gepleşiklerine giň göwrümli delegasiýalar, şol sanda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow goşulmazdan öň, olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirjekdigini hem belledi.

23-nji aprelde Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “RIA Novosti” neşri duşuşygyň dowamynda ylalaşyklara gol goýulmagyna ýa-da bilelikde beýanat ýaýradylmagyna garaşylmaýandygyny mälim etdi.

Putin bilen Kimiň arasynda geçirilmegine garaşylýan duşuşyk, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Koreýa ýarymadasynda ýadro dartgynlygynyň soňuna ýetmek üçin ylalaşyga gelmäge basyş edýän mahalynda bolar.

2018-nji ýylyň iýun we 2019-njy ýylyň fewral aýlarynda geçirilen sammitlerde Tramp we Kim ýadrosyzlandyrmak boýunça ylalaşyga gelmekde şowsuz bolupdylar.

Trampyň administrasiýasy üçünji sammiti geçirmek ähtimallygyny teklip etdi. Ýöne 18-nji aprelde Demirgazyk Koreýa Waşingtondan nobatdaky gepleşiklerden ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeony çykarmagy talap etdi.

Mart aýynda Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýarag programmasy bilen bagly Phenýana garşy täze sanksiýalary güýje girizipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG