Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene-atalar paýtagt häkiminiň hususy söwda bähbitlerini çagalaryň şatlygyndan 'ileri tutandygyny' aýdýarlar


Aşgabat, çagalar meýdançasy
Aşgabat, çagalar meýdançasy

Aşgabadyň 11-nji etrapçasynyň, Oguzhan köçesiniň boýundaky 14/1, 14/2, 10, 12-nji jaýlaryň, ýüze ýakyn kwartiranyň ýaşaýajylary 4-nji aprelde gol ýygnap, ýurduň prezidentine, Barkararlyk etrap prokuraturasyna we şäher häkimi Şamuhammet Durdylyýewe arza bilen ýüz tutdular diýip, “Azatlygyň” Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Gürrüňi edilýän ýaşaýjylaryň redaksiýanyň “Hormatly Arkadag” rubrikasyna iberen haty 5-nji aprelde “Azatlyk” radiosynyň websaýtynda çap edildi.

Hatyň guramaçylary we oňa gol çeken ene-atalar 11-nji mikroraýonda, Oguzhan (ozalky Aýtakow) köçesiniň ugrundaky 14/1 we 14/2 belgili jaýlarda ýaşaýan ýaşaýjylar, şeýle-de olaryň goňşulary bu ýerdäki çagalar meýdançasyny saklap galmak ugrunda göreşýär.

Ýaşaýjylary prezidente we beýleki ýolbaşçylara ýazan hatlarynda bu ýerdäki çagalar meýdançasynyň saklanylyp galynmagy soralýar, sebäbi ol çagalar meýdançasyna, gapdalyndaky kommersiýa dükanynyň giňeldilmek planlary sebäpli, ýok bolmak howpy abanýar.

“Azatlyga” ene-atlardan gelip gowşan maglumatda aýdylmagyna görä, giňeldiljek kommersiýa dükanynyň gapdalynda ýerleşýän çagalar meýdançasynyň oturgyçlaryny goparyp aýyrdylar, 3-nji aprelde bolsa çagalaryň oýnaýan “gorkasyny” sökmäge başladylar, gurluşyk üçin haýat germewlerini aýladylar.

Bu ýagdaý 4-nji aprelde birnäçe raýat aktiwistiniň şäher häkimligine baryp, häkim bilen duşuşmagy talap etmegine alyp geldi. Emma häkimligiň kabulhanasyndaky sekretar olara poçta arkaly gowşuryljagyna kepil geçilen hat ibermegi maslahat berdi we onuň şol günüň özünde şäher häkimi Ş.Durdylyýewiň iş stolunyň üstünde boljakdygyny, netijede olaryň birnäçe günden jogap aljakdygyny ynandyrdy.

Aktiwistler, aragatnaşyk üçin,şäher häkimliginiň wekiline öz telefon nomerlerini berdiler we şondan soň, maslahat berlişi ýaly, hem şäher häkimine, hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň adresine çagalar meýdançasyny saklap galmak baradaky arza hatlaryny iberdiler.

Bu hata 24-nji aprelde “jogap geldi”, ýöne ol jogap ne ne telefon üsti bilen, ne-de hat üsti bilen geldi diýip, “Azatlygyň” Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Gurluşykçylar gurluşyk materiallaryny getirdiler we işe başladylar. Olar çagalar meýdançasynyň göni 20 metr meýdanyny kesip alyp, onuň diňe dörtden birini çagalara galdyrdylar” diýip, habarçy aýdýar.

“Eger arza ýazylmadyk bolsa, onda çagalar hiç bir ýer galdyrmazdylar, emma indi görülmedik ynsanperwerlik görkezdiler” diýip, bu ýerde ýaşaýan ene-atalaryň biri aýtdy. “Dogry, çagalar meýdançasyna-da, dükan üçin hemýene bir 4 metrden ýer goşdular” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Bizde döwlet adam üçin, ýöne “adamlaryň” sany berk çäklendirilen.
Aşgabatly ene

Şonuň bilen bir wagtda, adatça bolşy ýaly, goşmaça ýerdäki arçalary çapmadylar, tersine gaýtadan oturtdylar.

Ozal çagalar diňe “gorkada” oýnamaýardylar, eýsem bu ýerde futbol oýnap, tigir sürüp hem göwün solpusyndan çykýardylar. Goparylyp aýrylan uzyn oturgyçlarda bolsa ene-atalar oturyp, çagalaryna esewan edýärdiler.

Emma ýokarda arkasy bolan hususy telekeçileriň bähbitleri çagalaryň bähbitlerinden ýokarda bolup çykdy” diýip, “Azatlygyň” habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

Ikinji bir ýaşaýjy bolsa, ajy ýylgyryp: “Bizde döwlet adam üçin, ýöne “adamlaryň” sany berk çäklendirilen” diýdi.

Häzirlikçe çagalar gurluşyk üçin dökülen çäge üýşmeginiň üstüne çykyp oýnaýarlar, ýöne biraz soň olara öz ullakan çagalar meýdançasynyň näme üçin birden kiçijik bolup galmagynyň sebäbini düşündirmek kyn bolar” adynyň aýdylmazlygyny soran 50 ýaşyndaky aşgabatly ene “Azatlygyň” habarçysyna aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG