Sepleriň elýeterliligi

Moldowada Türkmenistanyň gurup beren çagalar bagy açyldy


Illýustrasiva

Moldowanyň Gagauziýa awtonom çäkli düzüminiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasynda, Türkmenistanyň gurup beren çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmen mediasynyň 17-nji maýda beren maglumatynda “Dostluk” atly bu çagalar bagynyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen doganlyk halka sowgat hökmünde gurlandygy aýdylýar.

“Mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylyş dabarasyna Moldowanyň prezidenti Igor Dodon, türkmen daşary işler ministri Raşid Meredow, Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň baştutany Irina Wlah gatnaşdy” diýlip, habarda bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, eýeleýän meýdany 2950 inedördül metre deň bolan çagalar bagy 8 topar üçin 160 çaga niýetlenip, olaryň ikisi logoped we ikisi irki ösüş toparlary bolup durýar. Bu ýerde çaganyň aňyny ösdürýän sapaklar üçin otaglar enjamlaşdyryldy. Olaryň hatarynda el işleri, informatika, lingwistika, gimnastika, şeýle hem aýdym-saz otagy, ýüzülýän howuz bar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan “doganlyk halka sowgat” hökmünde goňşy ýurtlaryň käbirinde, şeýle-de, käbir beýleki döwletlerde mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk öýlerini gurýar. Emma şol bir wagtyň özünde, käbir türkmenistanlylar we ýerli synçylar ýurtda ençeme obanyň mekdepsiz, çagalar bagsyz ýa-da saglyk öýsüz kösenýändigini, käbirlerinde bolsa, abatlaýyş işleriniň indi tas 30 ýyl bäri geçirilmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Müsür obasyndan özüni Hallygözel diýip tanyşdyran kärendeçi zenan öz obalarynda çagalar bagynyň ýoklugy sebäpli çagaly eneleriň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdypdy.

“Obamyzda çagalar bagy ýok. Obamyzda çagaly eneler öz çagalaryny özbaşdak goýup gaýdýarlar, ulurak çagalar kiçiräklerine seredýärler ýa-da gaýynlaryna, goňşularyna tabşyryp gaýdýarlar. Käbir kärendeçiler 3-4 ýaşyndaky çagalaryny ýany bilen meýdana alyp gidýärler. Bolmasa, işe gidip bilenoklar. Biziň obamyzyň çagalaram täze tipli çagalar bagynda terbiýelenseler, olaryň dünýägaraýşy giň boljak, çagalarymyz köpçülige öwrenişjek, mekdebe taýýarlykly barjak” diýip, Hallygözel aýdýar.

Ahal welaýatyndan özüni Şekersoltan diýip tanadan zenan bolsa, öz ýaşaýan sebitinde çagalar bagy bolsa-da, onuň bu ýerde ýaşaýan çagalar üçin darlyk edýändigini, şol sebäpli körpeleriň talabalaýyk terbiýe alyp bilmeýändigini aýdýar.

“23 çaga bolmaly ýerde 43-44 çaga saklanylýar. Olara kyn, biri-biriniň sesine çydanoklar. Ine, ýagdaýymyz kyn. Şol çagalara mümkinçilik ýok. Kähalatda olar bir düşekde iki bolup ýatýarlar, şolara eýdip-beýdip seredýärler. Ýöne çagalar bagynda hiç hili mümkinçilik ýok” diýip, Şekersoltan daýza aýdýar.

Mundanam başga, ýurtdan gowuşýan maglumatlarda, käbir sebitlerde mekdepleriň uzakda ýerleşýändigi sebäpli çagalaryň her gün 3-4 kilometr aralygy pyýada geçmeli bolýandygy aýdylýar.

Türkmenistanda çagalar baglary hökümetiň hasabynda bolup, ene-atalar çagalaryň terbiýesi üçin, her aýda resmi suratda 8 manat tölemeli. Elýeterli bolan soňky resmi statistiki maglumatlara görä, 2012-nji ýylda ýurt boýunça 871 sany mekdebe çenli çagalar edaralary bolup, olarda 190 müň çaga terbiýelenipdir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG