Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çagalar baglarynyň tölegleriniň ýene iki esse gymmatladyljakdygy aýdylýar


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň 67-nji çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň ene-atalaryna 1-nji oktýabrdan başlap, tölegleriň gymmatladyljakdygyny mälim etdiler diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşir özüniň ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 20-nji sentýabrda çap eden maglumatynda ene-atalara çagalar baglarynyň aýlyk tölegleriniň 160 manat boljakdygy barada aýdylandygyny ýazdy.

Azatlyk Radiosyna we onuň ýurt içindäki habarçylaryna paýtagtyň 67-nji çagalar bagy bilen habarlaşyp, bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Ýöne Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary ilat arasynda indi üç günden bäri çagalar baglarynyň aýlyk tölegleriniň gymmatlajakdygy barada myş-myşlaryň ýaýrandygyny, ýöne bu barada çagalar baglarynyň ýolbaşçylary we terbiýeçileri tarapyndan anyk jogap berilmeýändigini aýdýarlar.

“112-nji çagalar bagyna çagasyny gatnadýan ata-enä terbiýeçi ‘Bizem edil siz ýaly şu zady bilemizok, ýöne il içinde gürrüň bar. Biz çagalar bagynyň müdirinden soranymyzda-da, eger şeýle zat kabul edilse, size aýdarys. Näme üçin il içinde çykan gürrüňlerden hakykat ýasajak bolýaňyz diýip, üstümize gygyrdy diýipdir” diýip, çagasy dürli-dürli çagalar baglaryna gatnaýan ene-atalaryň azyndan dördüsi bilen söhbetdeş bolan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň yz ýanynda, Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri Aşgabatda 10 manatdan we welaýatlarda 8 manatdan 80 manada duýdansyz ýokarlandyryldy. Bu gymmatlama käbir ene-atalaryň arasynda nägilelikleriň döremegine sebäp bolupdy we olaryň ençemesi öz çagalaryny çagalar bagyna gatnatmagy bes edipdi.

Şol bir wagtyň özünde, aradan indi bir ýyla golaý wagtyň geçendigine garamazdan, çagalar baglarynda çagalara berilýän hyzmatyň gowulanmaýandygyny, terbiýäniň ýa-da iýmitlendirilişiň hilinde hiç hili özgerişigiň göze ilmeýändigini, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň onlarçasy gürrüň berdi.

Galyberse-de, ene-atalaryň ençemesi öz çagalarynyň çagalar baglarynda standart derejede berilmeli hyzmat bilen doly üpjün edilmegini isleýän bolsalar, onda özleriniň terbiýeçilere resmi bolmadyk goşmaça tölegleri, ýagny her aýda 20-40 manat möçberinde “para” bermeli bolýandyklaryny hem aýdýarlar.

“Eger ata-enesi çagalar bagynyň terbiýeçisine ýa-da enekesine para-peşgeş berýän bolsa, onda şol çaga seredilişi üýtgeşik diýip, ata-eneler zeýrenýärler. Meselem, ata-enesi para beren çagalara şol toparda öwredilmeli zatlar edil öwredilmeli derejesinde öwredilýär, ýöne garyp toparyň çagalaryna bolsa diňe çagalar bagynda seredilýär. Hatda ene-atalaryň köpüsi çagalara goşmaça pampers eltip berseler-de, olary ikinji gezek çalyşmaýandyklaryny aýdýarlar. Olar “biz sorasak, aý ikinji gezek täret edendir diýip, başdan sowma jogap berýärler” diýýärler” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.

Resmi mediada paýtagtda we welaýatlarda täzelikde gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglary we Türkmenistanyň “bagtyýar çagalygyň ýurdudygy” barada reportažlar çap edilýär we görkezilýär. Ýöne çagalar baglarynyň tölegleriniň ýokarlanmagy, ene-atalaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda hiç zat aýdylmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG