Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda ‘Türkmenhowaýollarynyň’ ýolagçylarynyň goşlary ogurlanýar


Aşgabadyň aeroporty
Aşgabadyň aeroporty

Aşgabadyň aeroportunda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçarlarynda sapar edýän ýolagçylaryň goşlarynyň ogurlanmagy ýa-da ýitmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelendigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary aýdýarlar.

“Aeroportuň işgärleri ýolagçylaryň goşlaryny açyp, ondan täze ýa-da geýlen, ýöne entek köne bolmadyk egin-eşikleri, tehniki serişdeleri we mobil telefonlary alýarlar. Bular ýaly wakalaryň bolýandygy barada soňky aýlarda yzygiderli habarlar eşidilip başlandy” diýip, Azatlygyň anonim şertde habarlaşan Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 1-nji maýda gürrüň berdi.

Habarçynyň bu ýagdaýy başdan geçiren ýolagçylaryň birnäçesine salgylanyp aýtmagyna görä, aeroportda ähli zat kadalaşdyrylypdyr, ýagny ýolagçylaryň goşlary goýulýan ýerlerdäki gözegçilik kameralarynda hem görülmez ýaly tehniki enjamlar hatardan çykarýarlar.

“Bu ýagdaý, esasan-da daşary ýurtlara ýa-da başga şäherlere uçýan ýolagçylar bilen bagly ýüze çykýar. Sebäbi olar goşlarynyň ogurlanandygy barada baran şäherinde şikaýat edip bilmeýärler ýa-da olar zatlarynyň ogurlanandygyny giç bilip galýarlar. Ýolagçylar şikaýat edende-de, olaryň ogurlanan zadyny yzyna alandygy barada eşitmedim” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň goşlaryna şol şereketleriň işgärleri tarapyndan gözegçilik edilip, kabul edilýär.

Muňa garamazdan, goşlaryň ogurlanmagy bilen bagly ýagdaýa käte daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň, ýagny daşary ýurt raýatlarynyň hem duçar bolýandygy aýdylýar.

“Ýakynda “Türkmenhowaýollarynyň” uçary bilen sapar eden “Buig” kompaniýasynyň işgärleriniň goşlarynyň ýitendigi barada aeroporta şikaýat edilipdir. Olaryň bagažyndaky goşlary, şol sanda kompýuterleri ýitirim bolupdyr. Ýöne olara ýiten goşlarynyň öwezini dolar ýaly pul tölenipdir. Şeýdip, bu şikaýatyň üstüni ýapypdyrlar. Ýöne puluň “Buig” kompaniýasymy ýa-da türkmen häkimiýetleri tarapyndan berlendigi barada maglumat ýok” diýip, habarçy Aşgabadyň aeroportunyň anonim şertde maglumat beren käbir işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Habarçy bu wakadan soňra daşary ýurt şereketleriniň işgärleriniň aglabasynyň “Lufthansa” ýa-da “Türk howaýollary” kompaniýalarynyň uçarlary bilen sapar edip başlandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Mundanam başga, ol daşary ýurtly we türkmenistanly ýolagçylaryň Aşgabadyň aeroportunyň işgärleriniň bagažlara geleňsiz we biperwaý çemeleşmeginden, şeýle-de olary hatardan çykarmagyndan nägile bolýandygyny hem aýtdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlary Aşgabadyň aeroportunyň we “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň resmilerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň ady ýükleriň köpüsiniň wagtynda gelmezligi, olaryň bolmalysyndan aşa uly bolmagy we howpsuzlyk meselesi ýaly dürli bökdençlikler bilen ilteşikli agzalýar.

19-njy martda Ýewgeniý Kanşin atly ýolagçy “Türkmenhowaýollarynyň” 18-nji martda Aşgabatdan Almaty şäherine amala aşyran reýsinden soň, gazak aeroportunyň ýolagçy goşlaryny paýlaýan bölüminde emele gelen kadasyz ýagdaýy görkezýän wideony çap etdi.

Bu wakadan soň, 26-njy martda Gazagystanyň Almaty şäheriniň halkara aeroporty “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň ýolagçy goşlaryny transport etmek bilen bagly düzgünleri bozýandygyny aýdyp, onuň işine nägilelik bildirdi.

“Goşlaryň agramy köplenç – bir adama rugsat berilýän – 32 kilogramdan geçýär. BU EÝÝÄM GOŞ DÄL-DE, ÝÜK BOLÝAR” diýlip, gazak aeroporty bu mesele boýunça özleriniň “Türkmenhowaýollaryna” ençeme gezek ýüzlenendigine garamazdan, muňa häzire çenli çözgüt tapylmaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, gazak aeroportunyň beýanatynda Aşgabadyň aeroportunda bagažlaryň ählisiniň uçara ýüklenmeýändigi, uçara ýüklenmedik bagažyň, adat bolşy ýaly nobatdaky reýslerde däl-de, aradan ep-esli wagt geçensoň iberilýändigi hem bellenildi.

4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy.

1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollarynyň” resmi websaýtynda berlen maglumata görä, bu kompaniýanyň uçarlary arkaly ýurduň içinde günde 5000 ýolagçy uçýar. Ýerli we daşary ýurt uçuşlarynyň iksinde bolsa, her ýylda 3 milliona golaý ýolagçy sapar edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG