Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

F.Tuhbatullin: Türkmen mediasy habardar etmäge däl, azaşdyrmaga gönükdirilen


Türkmen TW-siniň işgärleri iş wagtynda. Lebap. Arhiw suraty
Türkmen TW-siniň işgärleri iş wagtynda. Lebap. Arhiw suraty

Türkmenistan bu ýyly hem 3-nji maýda bellenilýän Bütindünýä metbugat azatlygy gününi ozalky ýagdaýynda, prezidentiň metbugata gözegçilik edýän wise-premýere çäreleri 'ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi' tabşyrandygy baradaky habar bilen garşylady.

Hukuk goraýjylar Türkmenistanda metbugat azatlygynyň düýpden ýokdugyny, ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň doly döwlet kontrollygynda işleýändigini we daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýerli žurnalistleriň yzygiderli ýanalýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda Türkmenistan soňky ýyllarda metbugat hakyndaky kanunlaryny kämilleşdirmek, žurnalistleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça belli bir tagallalary edýäne meňzeýär.

Ikinji tarapdan, ýerli metbugatyň işi tankyt edilende, prezident derejesinde aýdylýan sözlere görä, metbugatyň wezipesi diňe ýurtdaky üstünlikleri beýan etmekden ybarat bolup görünýär. Şu aralykda, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygy boýunça ýyllyk hasabatynyň maglumatyna görä, Türkmenistan bu meseledeiki dereje ýitirip, iň yzdaky orna – Demirgazyk Koreýadan hem soňky ýere düşdi.

Biz bu ýgdaýlar barada hukuk goraýjy, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň baş redaktory Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş bolýarys.

Azatlyk: Farid, Türkmenistan bu ýyl metbugat azatlygy meselesinde Demirgazyk Koreýadan hem yzdaky orna geçdi. Ýöne muňa garamazdan, Siziň websaýtyňyz türkmen mediasynyň maglumatlaryny iň kän ulanýan neşirleriň biri bolup görünýär. Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň we türkmen meseleleri bilen gyzyklanýan adamlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolamyzda, resmi türkmen metbugatynyň habarlarynyň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ugurlardaky işjeňliklerini görkezýän wideolaryň internetde elýeterli bolmagyna garamazdan, olar bu habarlary esasan Siziň saýtyňyzdan alýandyklaryny aýtdylar. Şol bir wagtda, hil meselesinde nägileliklerini aýdyp, prezident Berdimuhamedow hem türkmen mediasyny yzygiderli tankytlaýar. Munuň üstesine, ýurt içindäki adamlaryň köpüsiniň türkmen neşirlerine gyzyklanma bildirmeýändikleri aýdylýar. Bu ýerde syr nämede, türkmen metbugatynda nämeler bolup geçýär?

Farid Tuhbatullin: Men bu ýerde birnäçe sebäp görýärin. Birinjiden, meniň pikirimçe, häzir türkmen dili we türkmen filologiýasy babatdaky düşünje prisipde örän çüpredi. Megerem şundan, olar haýsydyr bir ýönekeý zatlary em örän çylşyrymlaşdyryp, yzyn-uzyn sözlemler bilen beýan edýärler. Onsoň olaryň haýsam bolsa bir makalasynda ýa tekstinde beriljek bolýan maglumatyňözenini tapyp, ol taýdan çykaryp aljak bolsaň, çäji harpykdan saýlap, kadaly, okar ýaly material etjek bolsaň,iki-üç sagat oturmaly bolýarsyň.

Biz olaryň metbugatynda, saýtlarynda çap edilen resmi materiallardan maglumat alamyzda şu kyn wezipe bilen meşgullanýarys. Ikinji tarapdan, käte olar muny bilkastdan, problemalaryň üstüni örtmek we adamlar okamakdan, bolýan zatlara düşünjek bolmakdan ýadap, diňe sözbaşyda aýdylýan zatlar bilen çäklensin diýip edýän bolmasynlar diýip hem oýlanýarsyň. Sözbaşylar bolsa, olarda hemişe örän optimistik.

Ýöne nähilem bolsa, telewideniýäniň wideomateriallarynyň üstünde hem, çaphana metbugatyndaky materiallaryň üstünde hem, ol ýerde üýşürilen harpykdan çäji saýlamak üçinörän uzak işlemeli bolýar. Onsoň olary has düşnükli, ýönekeý görnüşde, hususan-da daşary ýurtlarda ýaşaýanlar we halkara metbugatynyň wekilleri üçin elýeterli etmek biziň işimiň bir ugry bolup durýar. Ol hakykatdanam örän meşhur, sebäbi islendik çynlakaý köpçülik habar serişdesinde bu zatlaryň ählisiniň içine girmäge, dörmäge ne wagt, ne isleg bar. Onsoň olara biziň berýän materiallarymyzy almak aňsat bolýar.

Azatlyk: Onda, ikinji bir tarapdan, döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasy bir tarapdan döwlet propagandasy üçin işlese, ikinji tarapdan size çig mal, material bermek üçin işleýän ýaly bolup görünýär-dä?

F.Tuhbatullin: Belki-de olar beýle etmek isleýän däldirler, emma prinsipde bu şeýle bolup çykýar. Eger olaryň özi şeýle okar ýaly, halkara metbugaty üçin kabul ederlik material berseler, onda bu ýerde biziň zähmetimize bolan talap azalardy we umuman biziň resurslarymyz mundan meger köp ýitgi çekerdi. Emma türkmen köpçülik mediasy gowulandyrylsa we materiallary häzirki zaman talaplary esasynda, düşnükli dilde çap etse, men prinsipde adam hökmünde razy bolardym we begenerdim.

Azatlyk: Farid, türkmen žurnalistleri şu ýagdaýa düşünmeýärlermi ýa-da bu prezidentiň diňe ýurtdaky üstünlikleri görkezmek talaby bilen baglymy? Türkmen žurnalistleri dünýä žurnalistikasynda nähili işlenýändigini bilmeýärlermi? Sebäbi türkmen žurnalistleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin okuwlaryň hem yzygyderli geçirilýändigi habar berilýär.

F.Tuhbatullin: ​Hakykatadanam, hususan-da ÝHHG özleriniň türkmen žurnalistleri üçin örän ýeterlik derejede seminarlary, treningleri geçirýändiklerini habar berýär. Emma teoriýa bir başga, praktika bolsa düýpden başga mesele. Bu ýerde esasan olaryň işleýän şertlerine seretmeli. Eger ol ýerde kimdir birleri häzirki zaman talaplary esasynda ýazmaga synanyşsa ýa muny islese-de, olara ilkinji nobatda bu işi etmäge neşiriň redaksiýasynyň, olara gözegçilik edýän wise-premýerleriň ýol bermezligi mümkin.

Mundan başga, jogapkärçilikden gorkmak duýgusy olara häzirki zamanda işlenmelisi ýaly işlemäge ýol bermeýär. Özem bu metbugat azatlygy üçin çynlakaýdan-çynlakaý problema bolup durýar. Uly hasapdan alnanda, şeýle şertlerde belki-de prinsipde türkmen häkimiýetleri üçin o diýen agyry-ynjysyz, şol bir wagtda-da haýsydyr bir problemalaryň açylyp görkezilýän we häkimiýetlere kömek edýän makalalaryçap edip bolardy. Gynançly ýeri, şeýle syýasat Türkmenistanyň metbugat azatlygy boýunça reýtingde iň soňky orna düşmegine getirdi, bu örän gaýgyly fakt.

Azatlyk: Türkmen mediasy, siziň hem aýdyşyňyz ýaly, ýurtdaky problemalar hakynda maglumat bermeýär, hatda hasyllylygyň pesdigi, tebigy hadysalar hakynda hem maglumat çap edilmeýär. Ikinji tarapdan,
Ministrler kabinetinde prezident derejesinde ol ýa-da beýleki pudak tankytlanandan soňam, metbugat ýene öňküligine galýar, problemalaryň golaýyna barmaýar. Bu ýagdaý, siziňçe, näçe wagt dowam etdirilip bilner?

F.Tuhbatullin: ​ Men häzirki häkimiýet ulgamy saklanýan wagtynda bu meselede hiç zat üýtgemez, çüpremek dowam eder, ýagny ýagdaýlar ýaramazlaşar diýip pikir edýärin. Munuň aýdyň mysallarynyň biri, mysal üçin, golaýda çap edilen ÝOJ-laryň sanawy bolup durýar.

Bir düşündiriş boýunça Türkmenistan ähli diplomlary ykrar eder, beýleki düşündiriş boýunça bu düýpden başgaça bolar, hatda resmi metbugatda hem olar özleriniň bu sanaw bilen näme etmekçi bolýandyklaryny anyk düşündirip bilmediler. Bilim ministrliginiň wekilleri-de, resmi taýdan bu ugurdan ýeterlik düşünjesi bolmaly beýleki adamlar-da hakykatda ýagdaýy bulam-bujar etdiler, olaryň aýdýan sözlerinde iş ýüzünde hakykatda näme isleýändiklerine düşünmek mümkin däl. Ýogsam biz düşünýäris, bu ýerde gürrüň daşary ýurtlarda okamak isleýänleriň sanyny, şol bir wagtda-da olara Westen Union arkaly geçirilýän walýutanyň möçberini azaltmak hakynda barýar.

Ýagny maksat ýönekeý, ýöne olar munuň üstüni şeýle usulda örtdüler we özleriniň näme etmek isleýändiklerini açyk düşündirip bilmediler. Sebäbi olar bizde walýuta çalyşmak problemasy bar diýip aýdyp bilmeýärler. Bu ýagdaýlar Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýurduň öz halkyny we halkara jemgyýetçiligini habardar etmäge däl-de, eýsem azaşdyrmaga gönükdirilendigini görkezýär.

XS
SM
MD
LG