Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Biz Aşgabadyň häkiminiň hyzmatkärleri”


9-njy maýda Aşgabadyň Parahat etrapçasynda köçäniň gyrasyndaky haşal otlary arassalaýan zenan we onuň ýanynda telefonyna seredip oturan erkek adam.

Türkmenistanda II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 74-nji ýyldönümi bellenilen mahalynda, Aşgabadyň Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirlikleriniň zenan işgärleri köçeleri süpürip, ýoluň ýakasyndaky haşal otlary arassalamaga mejbur edildi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, 9-njy maýda giçlik sagat 18:00 töweregi Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirlikleriniň zenan işgärleri paýtagtyň Parahat 2/1, Parahat 2/2, Parahat 2/3 we Parahat 2/4 etrapçalaryndaky köçeleriň ugruna barmaly edildi.

“Aýal-gyzlar ilki Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirliklerindäki esasy işlerini berjaý etdiler. Sagat 5-de iş tamamlanandan soňra-da, paýtagtyň dürli köçelerini arassalap başladylar. Olar köçeden görünýän we görünmeýän otlaryň ählisini aýyrmaly boldular. Olar gije garaňky düşýänçä işlediler” diýip, türkmen häkimiýetleri tarapyndan “şäheri abadanlaşdyrmak çäresi” diýlip atlandyrylýan işlere çekilen aýal-gyzlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy 10-njy maýda gürrüň berdi.

Bu edaranyň ençeme işgäri özleriniň aýlyk haklarynyň ortaça 800-1000 manat aralygyndadygyny aýdyp, esasy zähmet borçlarynyň Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirliklerindäki wezipeleri bolup durýandygyny ýatladýar.

Ýöne olar muňa garamazdan, özleriniň dynç günsüz, irden sagat 8-den agşam sagat 8-e çenli her günüň dowamynda azyndan 12 sagat işlemäge mejbur edilýändiklerini, şeýle-de iş wagtyndan daşary, artykmaç işlän sagatlary üçin goşmaça zähmet haky ýa-da töleg tölenmeýändigini aýdýarlar.

“Hepdelik iş wagtymyz 40 sagada barabar bolany üçin käbir işgärler ýolbaşçylara özleriniň işlemäge razydyklaryny aýtdylar, ýöne munuň üçin goşmaça pul tölemegi soradylar. Şol işgärleriň aglabasy işden çykaryldy. Galanlaryna-da berk duýduryş berildi. Şol sebäpli adamlar işini ýitirmejek bolup, seslerini çykarman işleýärler. Baýramçylyklaryň öňýanynda, gijelerine hem işlemeli bolýarys. Biz Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň hyzmatkärleri” diýip, 9-njy maýda aşgabatly 40 ýaşlaryndaky zenan anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy gürrüňi edilen ýagdaýlar barada kommentariýa almak üçin Aşgabadyň şäher häkimligi bilen habarlaşanda, özüni tanatmadyk jogapkär resmi maglumat bermekden saklandy.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň, şol sanda lukmanlaryň, mugallymlaryň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň, mekdep okuwçylarynyň we harby gullukçylaryň ýygym möwsüminde pagta ýygymyna gatnaşmak bilen bir hatarda, köçeleri süpürmäge, haşal otlary arassalamaga, ýer agdarmaga mejbur edilýändigi barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi.

Şu ýylyň aprelinde Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň jemagat edaralarynyň işgärleriniň iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur edilýändigini, olaryň gijelerine köçeleri ýuwup, süpürýändigini gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, ýagny “Türkmenistanyň Zähmet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakyndaky” kanunyň 8-nji maddasynda ýurtda mejbury ýa-da hökmany zähmetiň gadagandygy aýdylýar.

“Haýsydyr bir adamdan haýsydyr bir jeza bilen gorkuzmak arkaly talap edilýän, muny ýerine ýetirmek üçin bolsa onuň öz hyzmatlaryny meýletin teklip etmedik islendik iş (gulluk) mejbury ýa-da hökmany zähmet diýlip hasap edilýär” diýilýär.

Şu kodeksiň 59-njy maddasyna laýyklykda bolsa, işgäriň iş wagtynyň kadaly dowamlylygy hepdede 40 sagatdan ýokary geçip bilmez. Şeýle-de, iş beriji her bir işgäriň hakyky işlän wagtynyň hasabyny ýöretmäge borçludyr.

Türkmenistan halkara guramalarynyň birnäçesi, şol sanda dünýäde gulçulyga we mejbury zähmete garşy iş alyp barýan Anti-Slavery International hukuk goraýjy guramasy tarapyndan mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG