Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýan ýurduň adalat ulgamyny düýpgöter üýtgetmäge çagyrýar


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan ençeme kazyýetleriň öz kanunylygyny ýitirip, aşa köp kazylaryň özlerini öňki häkimiýetlere borçly saýýandygyna salgylanyp, ýurduň adalat ulgamyny düýpgöter reformirlemek boýunça çagyryş etdi.

Paşinýan 20-nji maýda Ermenistanyň harby, kazyýet we syýasy liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda eden çykyşynda, ýurtda geçen ýyl kanuny ýerine ýetiriji we kanun çykaryjy häkimiýetler düzülse-de, kazyýet ulgamy öňki “korrumpirlenen hökümetiň” täsiri astynda galdy diýdi.

Ol adalat ulgamyny reformirlemek baradaky planyny bir ýyl mundan ozal özüni häkimiýet başyna getiren gansyz rewolýusiýanyň “ikinji tapgyry” diýip häsiýetlendirdi.

Paşinýanyň çykaran hökümleri Ýewropanyň adam hukuklary kazyýeti tarapyndan bikanun diýip anyklanan kazylaryň ählisi işden boşadylmaly diýip, gerekli reformalary geçirmek üçin özüniň baş kanuna üýtgetme girizmek meselesine garamaga meýillidigini bildirdi.

Ol adamlary öz ganym duşmany öňki prezident Robert Koçarýanyň türmeden boşadylmagyna protest bildirip, kazyýetleriň girelgesini petiklemäge çagyranyndan bir gün soňra “hirurgiki taýdan ara goşulmagyň wagty gelip ýetdi”diýdi. Koçarýana korrupsiýada we döwleti agdarmak boýunça synanyşyk etmekde günä bildirilmegine garaşylýar.

Uzak wagtlap ýurtda ýolbaşçylyk edip gelen Serž Sarkisýanyň garşysyna geçen ýaz tutuş ýurtda geçen protestlere liderlik edeninden soňra häkimiýet başyna gelen Paşinýan ähli kazylar “barlag prosesinden” geçirilip, olaryň garaşsyz kazy bolup hyzmat etmäge ukyply ýa däldigi belli bolmaly diýdi.

“Men kazyýetler tarapyndan çykarylan kararlaryň kanuny we ygtybarlydygy hakda pikir aýdyp bilemok we aýtmak hem islämok. Bu meniň ygtyýarlygymda däl ... Muňa garamazdan, kazyýetler tarapynadan çykarylýan kararlar hakda halkyň arasynda düýpli ynamsyzlygyň bardygy mese-mälim”diýip, Paşinýan aýtdy.

“Ermenistanyň ilaty kazyýet häkimiýetlerine şindi-de üznüksiz dildüwşük gurnalyp, halkyň garşysyna amala aşyrylan öňki korrumpirlenen düzgüniň galyndysy diýip garaýar”.

“Bu ähtimallygyň hakykydygy we doly esaslydygy nädereje, bu bir başga mesele, ýöne kazyýet ulgamynyň halkyň ynamyny gazanyp bilmändigi, onuň işlemäge ýeterlik kanunylygynyň ýokdugyny aňladýar” diýip, Paşinýan sözüniň üstüne goşdy.

Ermenistanyň esasy oppozision güýçleri bu göçüm baş kanunyň kazyýetleriň işine daşardan garyşylmagyny gadagan edýän maddasyna ters gelýär diýip, kazyýetleriň petiklenmegini tankytladylar.

“Abadan Ermenistan” partiýasynyň ýokary derejeli wekili Geworg Petrosýan Azatlyk Radiosynyň ermeni gullugyna: “Eger [Paşinýan] käbir adamlardan lapykeç bolsa, muny kazyýetlere basyş etmek, kazyýetleriň işlerine päsgel berip, olary gowşatmak bilen beýan etmeli däl” diýdi.

64 ýaşly Koçarýan 2008-nji ýylda tamamlanan onýyllyk hökümdarlyk döwrüniň soňky hepdelerinde konstitusiýanyň düzgünlerini ýatyrmakda aýyplanyp, üstümizdäki aýyň başlarynda kazyýet öňüne getirildi.

2008-nji ýylyň mart aýynda turan protestlerde Koçarýan demonstrasiýany dagatmak üçin, howpsuzlyk güýçlerini iberensoň 8 protestçi bilen iki polisiýa işgäri öldi. Koçarýan ýurtda üç hepde adatdan daşary ýagdaý yglan edeninde, bu buýrugy beripdi.

Koçarýan 1998-nji ýyldan 2008-nji ýyla çenli Ermenistanyň prezident bolmazdan öň Daglyk-Garabagyň lideridi.

1990-njy ýyllaryň başlarynda bolan uruşda Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistler esasan ermeni ilatly regiony Azerbaýjandan basyp aldylar. Uruşda 30 müň töweregi adam öldi, konfliktiň çözgüdi üçin edilen diplomatik tagallalaryň hem beren köp netijesi ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG