Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow türkmen-rus gaz söwdasynyň dikeldilendigini tassyklady, Hytaýda türkmen gazyny 500 mln adam peýdalanýar


Şatlykda Gündogar-Günbatar gaz geçijisiniň aýylyş dabarasyna gatnaşýan oglan. 31-nji maý, 2010 ç. Arhiw suraty

Orsýetiň nebit-gaz maglumatlary agentligi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän gaz kongresinde edilen çykyşa salgylanyp, 22-nji maýda Türkmenistanyň iberýän tebigy gazyny Hytaýda 500 milliondan gowrak adamyň ulanýandygyny, on ýylda iberilen gazyň 240 mlrd kub metre golaý bolandygyny habar berýär.

Emma bu gazyň nähili bahadan satylýandygy syr bolmagynda galýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşýanlara iberen gutlagynd aaýdylmagyna görä, türkmen gazy häzirki wagtda Hytaýa we Russiýa eksport edilýär.

Resmi Aşgabat şu wagta çenli Orsýete gaz ibermegiň dikeldilendigini resmi taýdan yglan etmän gelýärdi. Şol bir wagtda, türkmen mediasy rus alyjylaryna iberilýän tebigy gazyň möçberi, gysga wagtlyk baglaşylan şertnamanyň uzaldylmak ähtimallygy hakynda hem maglumat bermeýär.

Emma muňa garamazdan, rus metbugaty gazyň başlangyç dikeldilmesiniň ýylyň ortasyna çenli döwri öz içine alýandygyny, şertnamanyň ýene bäş ýyl möhlete uzaldylmagy barada gepleşik geçirilýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň Hytaýa iberen gazynyň töwereginde hem, näme üçindir, aýdyňlyk az we resmi türkmen mediasyna hem-de türkmen halkyna mälim bolmadyk ýagdaýlar saklanyp galýar.

Hytaýa iberilýän türkmen gazynyň möçberi on ýyl içinde, 2019-njy ýylyň 19-njy maýyna çenli döwürde, 238,8 mlrd kub metre barabar boldy. Bu sanlar 22-nji maýda Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) baş direktory E Sýanden tarapyndan Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde yglan edildi.

Şeýle-de ol Hytaýyň sarp edijiler bazaryna daşardan iberilýän tebigy gazyň umumy möçberiniň 65 prosentden gowrakdygyny, türkmen gazynyň onuň 10 prosentden gowragyny tutýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistan Hytaýyň gaz importyny diwersifikasiýa etmeginde wajyp düzümleriň biri bolup durýar.

Hytaý dünýädäki gaz ulanyjy bazarlaryň iň irileriniň biri bolup durýar we bu ýurtda tebigy gaza bolan talabyň diňe ýokarlanjakdygy aýdylýar.

"Häzirki pursatda gaz geçirijiniň üç şahamçasy– A, B we C guruldy. Gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasyna ýylda iberilýän gazyň möçberi 65 mlrd kub metre ýeter, şu ýylyň aýagyna çenli iberilýän türkmen gazynyň möçberi 35 mlrd kub metrden geçer” diýip, “Praým” neşiri baş direktoryň sözlerini sitirleýär.

Е Sýanden häzirki wagtda türkmen gazynyň Hytaýyň 22 welaýatynyň we awtonom regionlarynyň ilatyna iberilýändigini, şeýlelikde, Türkmenistanyň gazyny ýurtda 500 milliondan gowrak adamyň ulanýandygyny aýdýar.

Mundan başga, ol CNPC-iň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmengeologiýa” döwlet konsernleri bilen sazlaşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny belledi.

Hytaý resmisiniň tassyklamagyna görä, CNPC Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnama territoriýasyna $8 mlrd maýa ýatyrdy we bu ýerde ýylda 13 mlrd kub metr harytlyk gaz öndürmek mümkinçiligi bolan önümçiligi döretdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýokarda agzalan gutlagynda ýurduň diňe tebigy gazy eksport etmegiň “uly mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen çäklenmeýändigi” aýdylýar.

Emma synçylar häzirki wagtda Owadandepede gurluşygy, goýberiş-sazlaýyş işleri tamalanýan gazhimiýa toplumynyň netijeli boljagyna şübheli garaýarlar.

Bu toplum tebigy gazdan benzin öndürmeli we metbugat habarlarynda Täze Zelandiýada, Malaýziýada we ABŞ-nyň Luiziana ştatynda şunuň ýaly desgalaryň global nebit bahalary arzanlamazyndan öň batyp galandygy aýdylýar.

Ikinji tarapdan, ýerli synçylar Türkmenistanyň daşary ýurtlara edýän eksportyndan ilata kän peýda gelmeýändigini öňe sürýärler.

Energiýa bahalarynyň global arzanlamgy bilen Türkmenistan öz taryhynda iň agyr maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy we ýurduň 30 ýyllap ýeterlik diwersifikasiýa edilmedik ykdysadyýeti zerarly adamlar uzyn azyk nobatlaryna durýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG