Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker we tüwi her ele çäkli möçberde satylýar, uzyn nobatlar döreýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Paýtagt Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Teke bazaryň” döwlete degişli azyk haryt dükanlarynda şeker we tüwi döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan diňe çäkli  möçberde satylýar. Olary satyn almak üçin ýerli ýaşaýjylar ir ertirden nobata durýarlar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 27-nji maýda habar berdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, tüwi adam başyna 3 kilogramdan satylýar. Onuň 1 kilogramynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 8 manat. Şeker her adam başyna 1 kilogramdan satylýar, onuň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 7 manat.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň “Teke bazardan” ýetiren maglumatlaryna görä, bazaryň hususy söwda nokatlarynda 1 kilogram tüwi 20 manatdan, şeker 12 manatdan satylýar. Bu bahalar agzalýan harytlaryň döwlet nyrhlary bilen deňeşdireniňde degişlilikde 2.5 we tas 2 esse töweregi gymmatdyr.

2015-nji ýylda Aşgabatda tüwiniň 1 kilogramynyň bahasy 5 manatdy, häzirki wagtda onuň döwlet bahasy 8 manada, hususyýetçilerdäki bahasy 20 manada çykdy
2015-nji ýylda Aşgabatda tüwiniň 1 kilogramynyň bahasy 5 manatdy, häzirki wagtda onuň döwlet bahasy 8 manada, hususyýetçilerdäki bahasy 20 manada çykdy

​Habarçy “Teke bazarda” ýerleşýän döwlete degişli azyk haryt dükanlarynda şeker we tüwi satyn almak üçin döreýän nobatlar barada maglumat berdi.

Ol özüniň 27-nji maý güni irden sagat 7-de bazara baranynda, bir döwlet dükanynyň öňünde agzalýan iýmit önümleriniň nobatyna azyndan 50 töweregi ýaşaýjynyň garaşyp durandygyny, sagat 8-e golaýlanda nobata garaşýan adamlaryň sanynyň 100-e golaýlandygyny habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, sagat irden 9:30 töwereklerinde satyjylar nobata aşa köp adamyň ýygnanandygyny aýdyp, şeker we tüwiniň söwdasyny togtatdylar.

“Käbir adamlar dargaşdy, ýöne köpler söwdanyň täzeden ýola goýulmagyna umyt baglap, garaşmaga dowam etdi” diýip, habarçy aýdýar.

Habarçy “Teke bazarda” hususy söwdadaky beýleki käbir harytlaryň bahalary barada maglumat berdi:

"Gazagystandan import edilen unuň 1 kilogramy 6 manat, 900 gramlyk plastiki gaplarda satylýan günebakar ýagy 8 manat, pomidoryň bahasy arzanlady, ol 3.5 manat, hyýar 4.5 manat, soganyň 1 kilogramy 1 manat 50 teňňeden hemmä elýeterli, greçkanyň 1 kilogramy 7 manat"

“Teke bazary” Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndadyr. Azatlyk Radiosy bazar administrasiýasy bilen habarlaşyp, bazaryň çägindäki döwlet dükanlarynyň öňünde şeker we tüwi satyn almak üçin döreýän uzyn nobatlar barada maglumat alyp bilmedi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň mundan bir aýdan gowrak wagt ozal çap eden maglumatyna görä, Aşgabadyň bazarlarynda ýanwar – mart aýlary aralygynda uzyn däneli bürünjiň bahasynyň hususy söwdada 18 manatdan 23 manada gymmatlandygyny, Daşoguzda öndürilen tüwiniň bahasynyň 11-12 manat aralygyndadygyny habar beripdi.

5-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti “Türkmenistanda 2019-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky” karara gol çekdi. Oňa laýyklykda Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplarynda şaly ösdürilip ýetişdiriler.

Prezidentiň kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi 18 müň 300 gektar ýere şaly ekilip, 82 müň 400 tonna tüwi hasylyny almak planlaşdyrylýar.

Resmi habarlara görä, Daşoguz welaýatynda şaly ekişine 12-nji maýda badalga berildi. Welaýatda 8 müň 100 gektar ýere şaly ekilýär we bu ekin meýdanlaryndan 35 müň tonna tüwi hasylyny almak planlaşdyrylýar.

Aşgabatdaky tüwi we şekeriň gytçylygy, onuň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan çäkli möçberde satylmagy barada ýurduň resmi media we metbugat serişdelerinde maglumat ýok.

Azatlygyň aşgabatly habarçylarynyň maglumatlaryna görä, paýtagtda maýyň ortalaryndan bäri şekeriň gytçylygy dowam edýär.

Ýerli habarçymyz 15-nji maýda paýtagtyň döwlet dükanlarynda şekeriň her ele 1-2 kilogram aralygynda çäkli möçberde satylýandygyny habar berdi.

Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirip geldi. Synçylar bu ýagdaýa esasan nebit-gaz serişdeleriniň global arzanlamagynyň hem-de Türkmenistanyň iri energiýa müşderilerini ýitirmeginiň, şeýle-de ykdysady reformalaryň gijikdirilmeginiň, giň ýaýran korrupsiýanyň, aç-açanlygyň bolmazlygynyň, kompetentsizligiň, ykdysady sferanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin ygtybarsyzlygynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýüze çykmagy bilen döwlet walýuta gözegçiligini berkitdi. Munuň yzýany, ýurtda walýutanyň gara bazary döredi. Häzirki wagtda dollaryň resmi bahasy 3.5 manatlygynda saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 27-nji maýda dollaryň gara bazarda 18 manat 50 teňňeden satyn alnyp, 19 manatdan satylýandygyny habar berdi.

Ýurtda walýutanyň gara bazarynyň döremegi, ekspertleriň aýtmagyna görä, hususyýetçileriň importa durýan harytlary daşary ýurtlardan getirip, ýurt içinde satmagyna kynçylyk döretdi. Bu ýagdaý öz gezeginde harytlaryň bahalarynyň galmagyna getirdi.

Galyberse-de, Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň fonunda, ýurduň hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ondan ozal ilata mugt berlen elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň we beýlekileriň ýeňillikli üpjünçiligini ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG