Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Anna güni Türkmenistanda iki sagatlap Internet kesildi


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň bir Internet kafesinde oturan aýal.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň bir Internet kafesinde oturan aýal.

31-nji maýda öýlän tutuş Türkmenistanda iki sagatlap Internet kesildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 3-nji iýunda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, häkimiýetleriň anna güni Türkmenistanda Interneti 2 sagatlap bloklanmagyndan soň ýaşaýjylaryň ençeme VPN tilsimleri işlemegi bes etdi.

“Indi hemmeler täze [VPN] serwerlere geçerler” diýip, habarçy çaklaýar.

Onuň maglumatlaryna görä, telefonlara VPN goýmak üçin telefon ussalary ortaça 100 manat töleg talap edýär.

“VPN-çiler üçin bu goşmaça girdeji bolar” diýip, habarçy sözüne goşýar.

Türkmenistanda häkimiýetler sosial torlary, olaryň hatarynda Facebook, Twitter, YouTube saýtlaryny, WhatsApp, Viber, Telegram ýaly messenjerleri hem-de Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz çeşmeleriň habar saýtlaryny petikli saklaýar. Türkmenistanda raýatlar ýurduň çäginde bu saýtlardan peýdalanmak üçin VPN tilsimleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.

Türkmenistanda soňky wagtlarda häkimiýetleriň bu ugurdaky çäklendirmeleriniň we yzarlamalarynyň depgini güýçlenýär.

28-nji maýda Azatlyk Radiosynyň gündogar Türkmenistandaky çeşmesiniň habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda güýç edaralarynyň wekilleri Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ýakyn dogan-garyndaşlarynyň öýlerine aýlanyp, olaryň sim kartlaryny we telefonlaryny toplady.

Çeşmäniň maglumatyna görä, bu çärelere etrabyň Polisiýa hem-de Milli howpsuzlyk edaralary gatnaşýar.

Ýurt içinden habarlaşýan habarçylaryň we çeşmeleriň maglumatlaryna görä, häkimiýetler raýatlaryň telefon aragatnaşygyny we Internetdäki hereketleri çäklendirmek boýunça dürli çäreleri görýär.

Azatlyk Radiosynyň şu ýylyň ýanwar aýynda geçiren derňewlerine görä, türkmen hökümetine ýakyn çeşmeler ýurt raýatlaryny Internetde yzarlamak üçin häkimiýetleriň maglumat we howpsuzlyk tehnologiýalary boýunça ýöriteleşen nemes kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigi barada güýçli alamatlaryň bardygyny habar berdi.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda raýat azatlyklarynyň kemsidilmegini yzygiderli tankyt edip gelýär.

Galyberse-de, Türkmenistan öz ilatyna dünýädäki iň haýal Interneti hödürleýär.

Munuň bilen bagly, Internetiň tizligini anyklaýan “Speedtest” barlag tilsiminiň soňky çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan “oturymly brodbend” (fixed broadband), ýagny öýlere ýa-da edara-kärhanalara çekilýän giň gerimli Internetiň tizliginiň derejesi boýunça dünýäde 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary şu ýylyň başyndan bäri häkimiýetleriň VPN saýtlary petikleýändigini yzygiderli habar berip geldi.

Ýanwaryň ortalarynda Türkmenistanda VPN tilsimleriniň işi baglandy. Google Play tilsimi doly petiklenipdi.

Ýanwaryň aýagynda tehnologiýa habarlaryny çap edýän halkara neşir iki hepdäniň dowamynda ýurtda VPN gözleýän adamlaryň sanynyň tas 6 esse artandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri Türkmenistanda ähli pudaklarda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylýandygyny tekrarlaýar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda Türkmenistan elektron hökümeti durmuşa ornaşdyrmak boýunça dünýäde 193 ýurduň arasynda 147-nji orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG