Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýran bilen gepleşige taýýar, emma harby çäre ähtimallygynyň hemişe bolandygyny aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, London, 4-nji iýun, 2019.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, London, 4-nji iýun, 2019.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň Eýran bilen gepleşiklere taýýardygyny, emma Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy harby çüre görmegine hemişe ähtimallyk bolandygyny aýtdy.

"Şeýlelikde, men ilki iş başyna gelenimde, Eýran adatdan daşary duşmançylykly ýerdi” diýip, Britaniýa döwlet saparyna gelen Tramp 5-nji iýunda ITV telewideniýesine aýtdy.

“Olar şol wagtda dünýäde birinji orunda durýan terrorçy döwletdi we belki-de häzir, şu günem şeýledir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol harby çäre görmek zerur bolup bilermidi diýen soraga: “Ol ýerde hemişe şeýle ähtimallyk bar. Men muny islärmidim? Ýok. Men beýle bolmagyny islemezdim. Emma ol ýerde elmydama şeýle ähtimallyk bar” diýip jogap berdi.

Ol Eýranyň prezident Hassan Rohani bilen gepleşmäge taýýarmysyňyz diýlip berlen soraga: “Hawa, elbetde. Men gepleşmegi ileri tutardym” diýip jogap berdi.

Trampyň bu sözleri Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär. Waşington bir ýyl ozal Tähranyň dünýä döwletleri bilen 2015-nji ýylda baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykdy.

Bu şertnama Eýrana ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine sanksiýalardan boşadylmak mümkinçiligini berýärdi.

Tramp ABŞ-nyň bu şertnamadan çykýandygyny yglan edip, onuň şertleriniň Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmeginiň öňüni almak üçin ýeterlik däldigini, şeýle-de onuň bu ýurduň raketa programmasyny, sebitde jeňçilige berýän goldawyny öz içine almaýandygyny aýtdy.

Şondan bäri Waşington sanksiýalary gaýtadan girizdi, Eýrandan “derhal abanyp biljek wehimlere” salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogardaky harby kuwwatyny güýçlendirdi.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Khamenei 5-nji iýunda Tähran Trampyň gepleşikler teklibine aldanmaz we öz raketa programmasyndan el çekmez diýdi.

"Bu syýasy hilegärlik eýran resmilerini we eýran halkyny aldawa salyp bilmez” diýip, Khamenei Eýranyň telewideniýesinde berlen sözünde aýtdy.

XS
SM
MD
LG