Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo ABŞ-nyň ‘öňünden şert goýulmazdan’ Eýran bilen gepleşik geçirmäge meýillidigini aýtdy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Amerikanyň “öňünden şert goýulmazdan” Eýran bilen gepleşik geçirmäge meýillidigini, ýöne oňa edilýän basyşyň dowam etdirjekdigini aýdýar.

Pompeo bu beýanaty 2-nji iýunda, Şweýsariýanyň günortasyndaky Bellinzona şäherinde şweýsar kärdeşi Ignazio Kassis bilen geçiren gepleşiklerinden soň mälim etdi. Şweýsariýa Birleşen Ştatlaryň Eýrandaky bähbitlerine wekilçilik edýär.

Pompeo bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda: “Biz öňünden şert goýulmazdan gepleşiklere girişmäge taýýar, olar bilen oturyşmaga taýýar” diýdi. Ol soňra hem: “Amerikanyň Yslam respublikasynyň, bu rewolýusion güýjüň zyýanly işjeňligini düýpleýin yzyna serpikdirmek baradaky tagallalary dowam eder” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Abbas Musawi Pompeonyň beýanatyna jogap berip, “Eýran söz oýnuna üns berenok” diýdi. Ol Birleşen Ştatlar öz “umumy hereketini” üýtgetmese, Tähran bilen Waşingtonyň arasynda gepleşik bolmajakdygyny bildirdi.

Öten ýyl Waşington 2015-nji ýylda dünýäniň güýçli döwletleri bilen Tähran arasynda baglaşylan ýadro geleşiginden çekileli bäri Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gatnaşyklar iň pes derejä ýetdi.

Waşington şondan soňra sanksiýalary gaýtadan girizip, ritorikany güýçlendirdi hem-de Eýrandan “abanýan howplara” salgylanyp, özüniň Orta Gündogardaky harby hereketlerini artdyrdy.

Tähran bolsa bu aýdylýanlary ret edýär.

Hem Amerikanyň, hem-de Eýranyň resmileri özleriniň uruş islemeýändiklerini aýtdylar.

Birleşen Ştatlaryň prezident Donald Tramp Eýranyň ýolbaşçylary bilen gürleşmäge meýillidigini bildirip, 30-njy maýda: “Olar gepleşik isleýän bolsalar, men bar” diýdi.

Ýöne Eýranyň ýokary lideri Ali Hameneýi Amerikanyň häzirki administrasiýasy bilen gürleşmek “zäherli” bolar diýip, Waşington bilen gepleşikleri ret etdi.

1-nji iýunda prezident Hassan Rohani Waşington sylag-hormat bildiren halatynda, Eýranyň gepleşik geçirmegi mümkin, ýöne Tähran basyş bilen gepleşiklere girmez diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 2-nji iýunda Amerikanyň ABC telekanalyna beren interwýusynda Tähranyň bu golaýda Waşington bilen gepleşiklere razylyk bermegi “o diýen ähtimal däl” diýdi.

Zarif Tramp “basyşy täzeden girizýär, Eýranyň garşysyna gönükdirilen haýbatlar asla netije bermez” diýdi.

“Sylag-hormaty synap görüň. Şonuň netije bermegi mümkin” diýip, Zarif sözüniň üstüni ýetirdi.

Kassis Pompeo bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Şweýsariýa Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasynda “araçy” däl-de, bir tarapyň habaryny beýlekä ýetiriji bolup hyzmat edip bilse şatlanar diýdi. Bu işi etmek üçin iki tarapdan-da edilen haýyş gerek diýip, Şweýsariýanyň daşary işler ministri belledi.

Ýöne onuň beýle haýyşyň edilip-edilmändigi hakda aýdan zady ýok.

Kassis: “Ýagdaý juda dartgynly, biz bu dartgynlyklardan doly habarly. Şweýsariýa, elbetde, Eýran bilen zorlukly hereketleriň artmazlygyny arzuw edýär” diýdi. Ol soňra hem: “şu wagt iki tarap-da basyşy artdyrýarlar, bizi alada goýýan şu” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Birleşen Ştatlar Eýranyň ykdysadyýetini çökeren sanksiýalarda Tährana ýeňillik bermek bilen onuň ýadro programmasyny jylawlamaga gönükdirilen ýadro ylalaşygyndan çykanda Tramp şertler Eýranyň atom ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni alarlyk derejede berk däl, onda ýurduň raketa programmasy ýa onuň regiondaki ýarym harby toparlara berýän goldawy agzalanok diýdi.

Eýran özüniň pitneçi işjeňlikleri goldaýandygyny inkär edip, ýadro programmasynyň parahatçylykly energiýa üçindigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG