Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Freedom House" soňky hasabatynda Türkmenistanda raýat azatlyklarynyň ýagdaýyna 2-lik baha berdi


Germaniýanda metbugat ýygnagyna gatnaşýan türkmen žurnalistleri. Arhiw suraty

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Freedom House (“Azatlyk öýi”) guramasy 2018-nji ýylda dünýädäki syýasy we raýat azatlyklarynyň ýagdaýy boýunça soňky hasabatyny çap etdi. Onda Türkmenistandaky azatlyklara pes baha berildi.

Hasabatda “erkin däl” diýlen toparda ýerleşdirilen 50 ýurduň arasynda 13 döwlet, şolaryň hatarynda Türkmenistan, syýasy hukuklar we raýat azatlyklary boýunça “ýaramazyň ýaramazy” diýen kategoriýada ýerleşdirildi. Gurama Türkmenistandaky azatlyklaryň ýagdaýyna 100 baldan 2-lik baha berdi.

Hasabatda global azatlyklaryň ýagdaýynyň tutuş dünýäde soňky 13 ýyl bäri yzly-yzyna gowşap gelýändigi aýdylýar. Onda häkimiýeti öz elinde jemlemek niýetindäki liderleriň garaşsyz metbugaty basyşda saklamagyň usullaryny tapýandygy bellenilýär.

“Soňky birnäçe ýylda gurallaryň täze toplumy peýda boldy we gowuşgynsyz demokratiýadaky liberal liderler olary, häkimiýetde galmaklaryna hyzmat etdirmek maksady bilen, mediany kontrol astynda saklamak üçin ulanýarlar” diýip, düýbi Waşingtonda ýerleşýän gurama aýtdy.

Gurama metbugaty basyş astynda saklamak tärleriniň hem demokratik, hem-de awtoritar döwletlerde görnetin bolandygyny aýdýar.

Hasabatda Türkmenistana, Eritreýa we Günorta Sudana 2-lik baha berildi. Demirgazyk Koreýa bu hasabatda-da 3-lük baha bilen Türkmenistandan ozmagy başardy.

Ýatlasak, mundan ozal Türkmenistan düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça aprel aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistanda metbugat azatlygy Demirgazyk Koreýadakydan hem ýaramazlaşyp, 180 ýurduň arasynda iň yzdaky orunda ýerleşdirilipdi.

“Azatlyk öýüniň” soňky çap eden 30 sahypalyk hasabatynda Türkmenistan diňe iki ýerde agzalýar.

Human Rights Watch, Freedom House (“Azatlyk öýi”), Serhetsiz reportýorlar ýaly halkara guramalar Türkmenistanda raýat azatlyklaryň ýagdaýyny, şol sanda ýurtda media we metbugat serişdeleriniň ýiti gysylmagyny yzygiderli tankyt edip gelýärler.

Hukuk guramalarynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanda media we metbugat serişdeleri doly döwletiň gözegçiliginde saklanýar, olarda köplenç halatda ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýeti taryplanýar. Şeýle-de, ýurduň media we metbugat serişdelerinde ýurtda bar bolan problemalar, raýatlaryň gündelik duçar bolýan meseleleri, şeýle-de tebigy heläkçilikler we şuňa meňzeşler barada gürrüň edilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli tomaşaçylaryň ençemesi ýurtda medianyň we metbugatyň syýasy propagandanyň guraly hökmünde ulanylýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde prezident Berdimuhamedowyň özi hem wagtal-wagtal döwlet mediasynyň işine nägilelik bildirýär. Ýöne ol köplenç halatda öz nägileligini medianyň ýurduň gazanan sepgitlerini ýeterlik derejede wagyz etmezligi bilen esaslandyrýar.

Türkmenistanda hereket edýän radio we telewizion kanallaryň ählisi döwletiň eýeçiligindedir.

“Azatlyk öýüniň” soňky hasabatynda dünýäniň beýleki köp sanly ýurtlarynda raýat azatlyklarynyň ýagdaýynyň pese gaçýandygy mälim edilýär.

Olaryň hatarynda metbugat azatlygy bilen bir hatarda, migrantlaryň we bosgunlaryň azatlyklarynyň ünsden düşürilýändigi, öz ýurdundan daşarda ýaşaýan diasporalara öz hökümetleriniň edýän basyşlarynyň artýandygy agzalýar.

Hasabatda dünýäde metbugat azatlygynyň digital awtoritarçylyk meýillerinden hem ejir çekip başlandygy mälim edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG