Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

PÝGG we salgyt resmileri hususy taksilere garşy indi bilelikde göreşýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde we Balkan welaýatynda hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlara garşy gözegçilikler has-da güýçlendirilip, indi olara garşy çäreler iki döwlet edarasynyň işgärleri tarapyndan amal edilýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky we Balkandaky biri-birinden garaşsyz iki habarçysynyň beren maglumatlaryna görä, soňky günlerde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlara jerime salmak üçin ýurduň Baş döwlet salgyt gullugynyň işgärleri bilen bilelikde işleýärler.

“Şäheriň köçelerinde PÝGG-niň işgärleriniň golaýynda salgyt işgärleri hem nobatçylyk çekýärler. Polisiýa hususy ulagynda kireý edýändigi güman edilýän ulagy saklaýar we sürüjiniň resminamalaryny salgyt gullugynyň işgärlerine geçirýär. Salgyt resmileri-de sürüjä pul jerimesini salmak üçin resminamalary doldurýar” diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri 6-njy iýunda gürrüň berdi.

Edil şular ýaly ýagdaýlar Türkmenistanyň günbatar welaýatynda hem gaýtalanyp, Balkanyň köçelerinde we ýollarynda duran PÝÝG-niň işgärleri we salgyt resmileri diňe şäher içinde däl-de, eýse welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň aralarynda kireý edýän sürüjilere hem pul jerimesini salýarlar.

“Hususy awtoulagynda kireý edeni üçin saklanan sürüjä birinji gezekde 300 manat, ikinji gezekde 600 manat jerime salynýar. Üçünji sapar saklanan sürüjiniň sürüjilik şahadatnamasyny elinden alýarlar” diýip, Balkandaky habarçylarymyzyň biri 6-njy iýunda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt Balkan welaýatyndaky PÝGG-niň bir gatly postlarynyň ençemesiniň ýokarsynda ýene bir gat jaýyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu postlaryň ikinji gatynda salgyt resmileriniň oturjakdygy aýdylýar.

“Bu salgyt resmileri polisiýa işgärleri bilen bilelikde, awtoulagdaky sürüjiniň we ýolagçylaryň resminamalaryny, pasportlaryny barlarlar. Eger ulagdakylaryň ýolagçylaryň we sürüjiniň familiýasy bir bolmasa, onda sürüjä pul jerimesi salnar” diýip, balkanly habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyndan we PÝGG-niň Aşgabatdaky hem-de Balkandaky edaralaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda soňky iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy we gytçylygy, şeýle-de işsizlik bilen baglylykda, hususy awtoulagda kireý etmeklik ilatyň gazanç etmek mümkinçilikleriniň esasy usullarynyň arasynda agzalýar.

“Şahsy ulagynda kireý edýän ilat gynanýar. Olar näme etjegini bilenok. Döwlet edarasynda işlemeýän adamlar öň öz ulagynda kireý edýärdi. Häzir bolsa, olar gazanç etmegiň bu mümkinçiliginden hem mahrum edilýärler. Maşgalalaryň köpüsi bir adamyň girdejisine garaşly bolýar. Iş tapmak bolsa, öňküsi ýaly kyn bolup galýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlara garşy gözegçilikler türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etmeginiň yzýany güýçlendirilip başlandy.

2016-njy ýylda Türkmenistanda hususy awtoulagy bilen kireý etmekçi bolýan raýatlar azyndan 12 adam bolup birleşip, “hojalyk jemgyýeti” diýilýän ýörite firma şekilli edara döretmeli edildi.

Hususy awtoulagynda kireý edýän taksi sürüjileriniň ençemesi munuň üçin talap edilýän resminamalaryň aşa çylşyrymlydygy sebäpli firmany döretmegiň tas mümkin däldigini, Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdiler.

Häzirki wagt türkmenistanlylar awtoulagda syýahat etmek üçin şahsy ýa-da dogan-garyndaşlarynyň, şeýle-de döwlet taksilerinden peýdalanyp bilýärler.

Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi maşgalalaryň hususy ulagyň ýokdugyna ünsi çekip, döwlet eýeçiligindäki taksileriň ilatyň aglabasynyň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG