Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkiýä rus raketa gorag ulgamyny satyn almagy goýbolsun etmek üçin 31-nji uýula çenli möhlet berdi


ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň F-35 söweş uçarlary
ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň F-35 söweş uçarlary

Birleşen Ştatlar Türkiýä özüniň Orsýetiň raketa gorag ulgamyny satyn almak baradaky ylalaşygyndan yza çekilmelidigini, bolmasa ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda F-35 söweş uçarlaryny öndürmek taslamasyna gatnaşmak babatdaky şertnama hukuklaryny ýitirmek bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýdyp, 31-nji iýula çenli möhlet berdi.

ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň edinmek we üpjünçilik meseleleri boýunça orunbasary Ellen Lord 8-nji iýunda žurnalistlere, eger-de raketa ylalaşygy goýbolsun edilmese, Birleşen Ştatlarda Ankara satylmakçy bolýan F-35 uçarlarynda uçmak üçin tälim alýan türk pilotlarynyň hem ýurtdan çykaryljakdygyny hem aýtdy.

Ol berlen soňky möhletiň “F-35 programmasy bilen baglanyşykly türk işgärleriniň işlerini üýtgetmekleri we Birleşen Ştatlardan çykmagy, Türkiýäniň bu işe gatnaşygynyň düzgünli bes edilmegi üçin” ýeterlik wagt berjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

ABŞ-nyň iş başyndaky goranmak sekretary Patrik Şanahan türk kärdeşine hat iberip, eger-de Ankara ugruny üýtgetmese,Türkiýäni bu programamdan çykarmak boýunça görüljek çäreleri düşündirdi.

Waşington we onuň ýaranlary Orsýetiň S-400 raketa ulgamyny NATO ulgamlary bilen uýgun hasaplamaýarlar we F-35 söweş uçarlaryna wehim diýip bilýärler.

Birleşen Ştatlar Ankarany bu ulgamy satyn almagy goýbolsun etmäge çagyrdy we bu meseläniň töweregindäki ýagdaýlar rus raketalarynyň Türkiýä getirilmeli wagty golaýladygyça gyzyşdy.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan gaýta-gaýta öz ýurdunyň Orsýet bilen aradaky söwdadan el çekmejekdigini aýtdy we bu yalalaşygyň “bitirilen işdigini” nygtady.

Birleşen Ştatlaryň NATO boýunça ýarany Türkiýe eýýäm Orsýete S-400 raketa gorag ulgamy boýunça tälim aljak işgärlerini iberdi.

Şeýle-de, bu ýurduň Birleşen Ştatlarda azynda iki piloty F-35 uçarlarynda uçmak boýunça tälim alýar. Ankara öz harbylarynyň ulanmagy üçin bu uçarladan 100 sanysyny satyn aldy.

Türkiýe öz senagatyny F-35 uçarlaryna degişli bölekleri öndürmäge gatnaşmaga taýýarlamak üçin milliardlarça serişde harçlady. Bu ýurtdaky kompaniýalar bu uçaryň ýüzlerçe detalyny, hususan-daharby uçaryň gonuş wemerkezi fuzelýažy bilen bagly böleklerini öndürýär.

Lord Türkiýäniň bu programma gatnaşygynyň, eger-de ol S-400 ulgamyny satyn almak kararyny üýtgetmese, 2020-nji ýylyň başynda bes ediljekdigini aýtdy.

"Türkiýäniň şindi hem ugruny üýtgetmek mümkinçiligi bar” diýip, ol aýtdy.

"Eger-de Türkiýä S-400 ulgamlaryny kabul edip almasa, biz Türkiýäniň bu meselede kadaly ýagdaýa dolanmagyny üpjün ederis” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG