Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti kebeleklere garşy gyssagly çäre talap edýär, tebigaty goraýjy çäre görmegiň zyýanyna ünsi çekýär


Aşgabat, maý, 2019

Türkmenistanyň prezidenti Aşgabatda köpelen kebelekleriň öňüni almak üçin "gyssagly çäreleriň" zerurdygyny öňe sürdi, tebigaty goraýjylar bolsa, kebelekleriň köpelmeginiň howply däldigini, tersine olary ýok etmegiň ekologiýa zyýan ýetirip biljegini aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti kebeleklere we beýleki mör-möjeklere garşy göreşi 23-nji maýda Aşgabadyň häkimliginde hökümet we mejlis agzalarynyň, şeýle-de harby we howpsuzlyk resmileriniň öňünde eden çykyşynda talap etdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary soňky hepdelerde paýtagtda kebelekleriň, agaç bitiniň we beýleki mör-möjekleriň öň görlüp-eşidilmedik derejede köpelendigini habar beripdi. Bilermenler bolsa, bürmekçi diýlip, atlandyrylýan kebelekleriň köpelmeginiň şu ýyl tutuş Merkezi Aziýada ýüze çykandygyny we muňa maýyl hem yzgarly howanyň sebäp bolandygyny bellediler.

Kebelekler Merkezi Aziýany gurşap aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Türkmenistanyň prezidenti kebeleklere garşy "gyssagly çäreleriň" zerurlygy barada eden çykyşynda mör-möjekleriň köpelmegine güýçli ýagynlaryň netijesindäki yzgarly howanyň sebäp bolandygy barada alymlaryň aýdanlaryny gaýtalady. Emma ol "ýerli häkimiýetleriň, Oba hojalyk we tebigaty goramak ministrliginiň bu ýagdaýyň döremeginiň öňüni almak üçin degişli iş geçirmändigini" belledi.

"Şäherlerimiziň we obalarymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan meseleleriň biridir" diýip, döwlet mediasy prezidenti sitirleýär we onuň "kabul edilen ekologiýa kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almak boýunça" gyssagly çäre görmegi tabşyrandygyny habar berýär.

​Azatlygyň habarçylaryna mälim bolşuna görä, Aşgabadyň häkimiýetleri kebelekleri ýok etmek üçin, hususan-da 10-njy maýdan bäri çäre görýärler we himiki serişdeleri ulanýarlar.

Habarçylaryň sözlerine görä, himiki serişdeler köçelerde ýörite tehnika arkaly ýaýradylýar. Emma bu iş diňe bir gijelerine däl-de, eýsem köçelerde adamlaryň köp bolan wagtynda, köpçüligiň üýşen ýerlerinde, şol sanda transporta garaşyp duran ýolagçyly awtobus duralgalarynda amala aşyrylýar.

Türkmenistanly ekolog Andreý Zatoka kebelekleriň köpdügine garamazdan, olara garşy göreşe zerurlygyň ýokdugyny, tersine olary ýok etmegiň tebigata zeper ýetirip biljekdigini belleýär.

"Bürmekçi kebelekleriň, beýleki mör-möjekler ýaly köpelip gitmegi wagtal-wagtal döreýän ýagdaýdyr, bu munuň üçin amatly şertleriň döremeginde ýüze çykýar. Şeýle köpelmeler, adatça uzaga çekmeýär, olar beýleki mör-möjeklerden we keselden köpçülikleýin gyrylýar. Muňa garşy hiç hili çäre görmeli däl, bar zat öz-özünden kadalaşýar. Emma kebeleklere garşy göreş, aýratynam himiýanyň ulanylmagy ekologiýa deňagramlylygyň uzak möhletleýin bozulmagyna getirip biler we bu hem guşlar, hem ösümlikler hem-de adamlar üçin zyýanly" diýip, ekolog "Türkmenistanyň Hronikasy" neşrine beren interwýusynda aýtdy.

27-nji maýda neşiriň websaýtynda Aşgabatdaky kebelekleriň wideosy çap edildi.

19-njy maýda hökümetçi websaýtlaryň biri Aşgabatda kebelekleriň adaty bolmadyk bir möçberde köpelendigi barada habar berip, olaryň şähere görk berýändigini belläpdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG