Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda türkmenistanly bir zenany awtoulag kakdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Stambul şäherinde türkmenistanly bir zenany awtoulag kakdy. Türk media serişdeleriniň maglumatyna görä, bu waka şäheriň Beşiktaş etrapçasynda türkmen zenany çatrykdan geçmäge synanyşan mahalynda boldy.

Türkiýäniň “haberler.com” neşiriniň 9-njy iýunda beren habaryna görä, bu ýol heläkçiligi irden sagat 09:45 töweregi Beşiktaşyň Lewent Büýükdere köçesiniň ugrunda boldy.

“Türkmenistanly zenan gyzyl yşyk ýanan pursady ýoluň beýleki tarapyna geçmek isleýär. Şol wagty ony Pınar Gedik Özen atly sürüji 34 BHV 881 belgili awtoulagy bilen kakýar. Munuň netijesinde türkmenistanly zenan ýaralanýar. Töwerek-daşdaky raýatlar onuň ýaralanan goluny saraýarlar. Şonda zenany kakan awtoulagyň aýal sürüjisi ony bir pursat hem ýeke goýmady” diýlip, habarda aýdylýar.

Habarda türkmenistanly zenanyň golundan we ýanjygyndan ýaradar bolandygy bellenilip, wakanyň bolan ýerine gelen Tiz kömek ulagynyň ony Stambulyň Okmeýdan bilim we derňew hassahanasyna alyp gidendigi hem aýdylýar.

“haberler.com” neşiri türk polisiýasynyň bu ýol heläkçiligini hasaba alyp, waka bilen baglanyşykly derňewleri başladandygyny mälim etdi.

“Awtoulagy bilen zenany kakan aýal sürüji soraga çekilmek üçin Lewent polisiýa merkezine alnyp gidildi” diýip, neşir belleýär.

Azatlyk Radiosynyň Stambulyň Okmeýdan bilim we derňew hassahanasy bilen habarlaşyp, türkmenistanly zenanyň soňky saglyk ýagdaýlary barada maglumat almak synanyşyklary netije bermedi. Şeýle-de, bu türkmen zenanyň şahsyýeti barada Lewent polisiýa merkezinden hem maglumat alyp bolmady.

Soňky ýyllarda Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, Türkiýe türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar.

Türk metbugatynda türkmen zähmet migrantlarynyň duçar bolýan ýagdaýlary, şeýle-de Türkiýede jenaýata baş goşan, jynsy zorluga sezewar edilen, öldürilen ýa-da ýiten, ten satýan ýa-da ten satmaga mejbur edilen türkmenistanlylar barada ýygy-ýygydan habarlar peýda bolýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna okamaga ýa-da işlemäge gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary halk köpçüligine mälim etmän gelýärler.

Ýöne geçen aýyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleri soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adamyň Türkmenistany terk edendigini habar berdi.

“Bu kategoriýanyň tas ählisi yzyna dolanmaýar” diýip, çeşmelerimiziň biri bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygyny hem belledi.

Türk media serişdeleriniň Türkiýäniň Migrasiýa edarasyna salgylanyp, 2-nji iýunda beren maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistandan diňe Türkiýä jemi 82 müň 325 sany türkmenistanly sapar etdi. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,2% ýokary bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG