Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Putin bilen Kazana etjek saparyny maslahatlaşdy


Gazagystan. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putin bilen güleşýär. Aktau, 12-nji awgust, 2018.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýunda Kazana geler diýip, rus mediasy habar berýär.

Öňde duran sapar barada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly geçirilren söhbetdeşlikde maslahat edildi. Söhbetdeşligiň haýsy tarapyň inisiatiwasy bilen geçirilendigi aýdylmaýar.

“Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna boljak sapary köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirer” diýmek bilen, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty bu saparyň senesini anyklaşdyrmaýar.

Kremliň metbugat gullugy söhbetdeşlikde “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we sebitara gatnaşyklary ösdürmek meseleleri, hususan-da Türkmenistanyň prezidentiniň Tatarystana etjek sapary hakynda maslahatlaşylandygyny” aýdypdyr.

“Tatar-inform” neşiri türkmen prezidentiniň Tatarystanyň paýtagtyna bir günlük sapar bilen geljekdigini we respublikanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyp, Sabantuý dabaralaryna gatnaşjakdygny habar berýär.

Minnihanow Türkmenistanda apreliň aýagynda iş saparynda boldy.

Türkmen we rus prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi Berdimuhamedowyň Duşenbede regionyň 27 döwletini öz içine alýan toparyň liderleriniň, şol sanda W.Putiniň gatnaşan duşuşygyna barmazlygynyň yz ýanyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG