Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedowyň 15-nji awgustda Orsýete sapar etmegine garaşylýar


Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Tähranda duşuşýar. Arhiwden alnan surat
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Tähranda duşuşýar. Arhiwden alnan surat

15-nji awgustda ýokary derejede rus-türkmen gepleşikleri geçirilmegi mümkin, prezident Wladimir Putin bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide duşuşýar diýip, Orsýetiň “Izwestiýa” neşiri 13-nji awgustda habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, türkmen prezidenti bu hepde Orsýete sapar eder. Putin bilen Türkmenistanyň lideriniň arasyndaky gepleşikleriň Soçide geçirilmegi meýilleşdirilipdir.

Rus prezidentiniň metbugat wekili Dmitri Peskow ýakyn wagtda ýokary derejede rus-türkmen gepleşikleriniň geçirilmegini aradan aýyrmaýar diýip, “Izwestiýa” ýazýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde Soçide geçiriljekdigi habar berilýän üstümizdäki duşuşyk barada maglumat agzalmaýar.

Iki lider 12-nji awgustda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça geçirilen sammite gatnaşdylar.

Metbugatdaky maglumatlara görä, Putin we Berdimuhamedow Aktauda sammitiň gapdalyndan ikiçäk duşuşyk geçirmedi.

Mundan ozal, iki lider Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşagy guramasyna girýän döwletleriň 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabr güni Soçide geçiren sammitinde duşuşypdy. Şonda prezident Berdimuhamedow “wepalylygyň” simwoly hökmünde Putiniň doglan gününe oňa türkmen alabaýyny sowgat beripdi.

Berdimuhamedow Putine alabaýy sowgat berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:41 0:00

GDA-nyň Soçide geçirilen sammitindäki duşuşykdan sanlyja gün ozal, has anygy 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabr güni Wladimir Putin Aşgabada resmi sapar amala aşyryp, Aşgabatda Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşyk geçiripdi.

Bu duşuşyklardan çen tutulyp, ýakyn wagtda geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleri hasaba goşanda, iki lider ikinji gezek giň gerimli regional sammitiň edil öňýany, ýa-da yzýany birek-biregiňkä sapar edýär.

Putiniň 2-nji oktýabrda Aşgabada eden resmi sapary türkmen tarapynyň çakylygy boýunça amala aşyrylypdy. Onuň dowamynda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama, şeýle-de 14 sany bilelikdäki resminama gol goýlup, taraplar senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek, Migrasiýa ulgamynda ygtyýarly edaralaryň wekilhanalaryny açmak, hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hakynda ylalaşypdylar.

Şol bir wagtyň özünde, Putiniň Berdimuhamedow bilen türkmen paýtagtynda geçiren duşuşygynyň dowamynda Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň hem maslahat edilendigi aýdylypdy.

Demirgazyk Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy bilen, Moskwa Aşgabada onuň owgan serhedi babatda ýardam bermäge taýýardygyny mälim edip geldi.

Putiniň oktýabrda Aşgabada eden sapary Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagynyň edil yzýanyna gabat geldi.

Ondan has ozal, 2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda prezident Berdimuhamedow Orsýete resmi sapary amala aşyryp, Soçide Putin bilen duşuşdy.

Şol duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öz içine alýan möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdypdy. Ýatladyp geçsek, 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Orsýet Türkmenistandan gaz satyn almagy bes edipdi. Munuň bilen bir hatarda, Türkmenistan soňky ýyllarda ykdysady gowuşgynsyzlygy başdan geçirdi.

Galyberse-de, şol saparyň dowamynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda Berdimuhamedowyň Putinden iki milliard dollar karz sorandygy baradaky maglumatlar aradan aý ýarym geçensoň peýda bolupdy.

Berdimuhamedow bilen Putiniň üstümizdäki duşuşygy Hazar sammitiniň yzýanyna gabat gelýär.

Hazarýaka döwletleriniň düýn geçiren sammitinde kabul edilen Konwensiýanyň türkmen dilindäki teksti Türkmenistanyň metbugat serişdelerinde heniz jemgyýetçilige doly elýeterli edilmedi. Birlermenleriň aýtmagyna görä, Türkmenistan Hazar meselesiniň çözülmegi bilen, özüniň energiýa ugurlaryny has-da diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär.

News.az ýaly käbir metbugat serişdeleri Konwensiýanyň kabul edimegi bilen Hazaryň hukuk derejesiniň ne deňiz, ne-de köl hökmünde kesgitlenendigini, Aljazeera we beýleki käbir media serişdeleri bolsa onuň statusynyň hem deňiz, hem-de köl hökmünde kesgitlenendigini aýdýar. Hazaryň hukuk derejesini kesgitleýän Konwensiýanyň doly teksti rus dilinde "Kremliň" resmi websahypasynda çap edildi.

XS
SM
MD
LG