Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pen Amerika: Tohtiniň Hytaýdaky içerki lagerde medisina kömegi berilmän ölendigi aýdylýar 


Nurmuhammad Tohti. Arhiw suraty

Pen Amerika, Amerikan Galamdaşlar guramasy 18-nji iýunda tanymal uýgur ýazyjysy Nurmuhammad Tohtiniň içerki tussaglagerinde medisina kömegi berilmän ölendigini habar berdi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Amerikan Galamdaşlar merkeziniň ýazmagyna görä, Sinjiaňdaky uýgur jemgyýetçiliginiň tanymal ýazyjysy Nurmuhammad Tohti diabet we ýürek keselleri sebäpli medisina kömegini alyp bilmän, Hytaýyň esasan musulman azlyklarynyň wekillerini tussaglykda saklaýan içerki lagerinde heläk boldy.

Galamdaşlar merkezi Hytaýyň uýgurlaryň we beýlekileriň medeni we intellektual durmuşynyň ýok edip aýyrmaga çalyşýan wagtynda tanymal ýazyjynyň medisina kömegini alyp bilmän ýogalmagyny uly betbagtçylyk hökmünde häsiýetlendirýär.

“Amerikanyň sesi” 14-nji iýunda döwlet häkimiýetleri tarapyndan 2018-nji ýylyň noýabrynda içerki tussaglar lagerine ýerleşdirilen Tohtiniň birnäçe gün ozal ýogalandygyny habar berdi. Onuň nähili ýagdaýda we nirede, içerki lagerde ýa-da ol ýerden boşadylyp, maşgalasynyň arasyna gelenden gysga wagt soň aradan çykandygy aýdyň däl.

70 ýaşyndaky ýazyjynyň maşgala agzalary “Amerikanyň sesi” bilen söhbetdeşlikde, aýdylmagyna görä, telefonlarynyň diňlenýän bolmagyndan gorkup, onuň nähili ýagdaýda ölendigini anyklaşdyrmadylar.

“Azat Aziýa” radiosy Tohtiniň içerki lagerde saklanylýan wagtynda diabet, süýji keselleri we ýürek hassalygy zerarly bejergi almak haýyşlarynyň ret edilendigini, netijede şu ýylyň mart aýynda azatlyga goýebrilenden gusga wagt soň saglyk ýagdaýynyň agyrlaşmagy esasynda ýogalandygyny habar berdi. Bosgunlykdaky uýgur jemgyýetçiliginiň içinden alnan tassyklanmadyk maglumatlara görä, Tohti azatlyga goýberilenden birnäçe aý soň hem gandally saklanyldy.

“Içerki tussaglar lagerlerindäki adamkärçiliksiz çemeleşmeler Hytaýyň azat pikir aýtmak hukuklaryny nähili ýowuzlyk bilen bozýandygyny görkezýär” diýip, Amerikan galamdaşlar merkeziniň Azat pikir aýtmak programmalarynyň baýry direktory Summer Lopez aýtdy.

“Tohtiniň hökümetiň olaryň medeni we intellektual durmuşyny ýok etmäge çalyşýan wagtynda ölmegi uýgur edebi jemgyýetçiligi üçin betbagtçylykly ýitgi” boldy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hytaý hökümeti günbatar Sinjiaňda uýgurlara we musulman azlyklaryna garşybasyp ýatyryşlaryny çuňlaşdyrdy diýip, Amerikan galamdaşlar merkeziniň Nurmuhammad Tohtiniň ölümi sebäpli ýaýradan beýanatynyň soňunda aýdylýar.

Häkimiýetler musulman ekstremizmine garşy göreşýändiklerini aýdýan-da bolsalar, synçylaryň köpüsi, şol sanda Amerikan Glamdaşlar guramasy hökümetiň syýasatlarynyň uýgurlaryň we beýleki azlyklaryň medeni kimligini basyp ýatyrmagy maksat edinýändigini aýdýarlar.

Hökümetiň basyp ýatyryşlary uýgurlaryň we beýlekileriň “täzeden terbiýeleýiş” lagerlerinde köpçülikleýin gabalyp saklanmagyny hem öz içine alýar. Olar bu ýerde “watançylyk bilimlerini” almaga mejbur edilýär we giň ýaýran kemsitmelere sezewar bolýar.

Amerikan Galamdaşlar guramasy döwlet tarapyndan nyşana alnan uýgur ýazyjylarynyň we medeni şahslarynyň başga-da bir toparynyň işlerini dokumentleşdirdi, olaryň arasynda Amerikan Galamdaşlar merkeziniň Ýazmak azatlygy sylagyna mynasyp bolan uýgur alymy Ylham Tohti, žurnalist Gheýret Niýaz, taryhçy Tohti Tunýaz, alym we ýazyjy Rahile Dawut we beýlekiler bar.

Mundan başga, Amerikan Galamdaşlar merkezi 2018-nji ýylyň martyndaky “Gadagan edilen kanallar” hasabatynda Sinjiandaky digital hukuklary ýagdaýyny hem analiz etdi we ýüz müňlerçe adamyň zor bilen ýerleşdirilen “watançylyk bilimi lagerlerini” şu günde bolup geçýän we azat pikir aýtmak hukugy üçin agyr netijeleri boljak iň uly adam hukuklary katastrofasy hökmünde häsiýetlendirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG