Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokurorlar MH-17 uçarynyň urlup ýykylmagy esasynda ganhorlykda aýyplanjak dört adamyň atlaryny aýtdy


Ukraina. Derňewçiler MH17 uçarynyň galyndylaryny gözden geçirýärler. Arhiw suraty
Ukraina. Derňewçiler MH17 uçarynyň galyndylaryny gözden geçirýärler. Arhiw suraty

Açyk-çeşme Bellingcat kollektiwleýin derňew topary 2014-nji ýylda Malaýziýanyň MH17 ýolgaçy uçarynyň gündogar Ukrainanyň asmanynda urlup ýykylmagy we onuň üstündäki 298 adamyň öldürilmegi bilen bagly täze güman edilýänleriň atlaryny aýtdy.

Topar olaryň atlaryny 19-njy iýunda, Niderlandiýanyň bu iş boýunça bilelikdäki resmi derňew toparynyň (BDT) prokurorlarynyň azyndan dört güman edilýäniň atlaryny yglan etmegine we bu iş boýunça ilkinji jenaýat aýyplamalaryny bildrirmegine garaşylýan wagtyň öňüsyrasynda aýtdy.

Hollandiýanyň baş prokurory Fred Westerbeke Buk raketa atyjysyny, 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda MH17 uçaryny urup ýykan ýaragy Orsýetden Ukraina we Ukrainadan Orsýete eltmekde güman edilýän dört adamyň adyny aýtdy. Olar rus raýatlary Sergei Dubinski, Igor Girkin, Oleh Pulatov we ukrainaly Leonid Kharçenko.

Bellingcat hasabaty Ukrainanyň Donets regionynda Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň Goranmak ministrligi diýilýäne tabynlykda ýerleşýän üç topara degişli birnäçe şahsyýetiň kimligini anyklady.

Ol toparlar “GRU DNR”, Donetsk separatistleriniň harby aňtaw gullugy diýilýäni hem öz içine alýar. Bu topara MH-17 betbagtçylygy mahalynda ozalky rus ofiseri Sergei “ Khmuriy” Dubinski ýolbaşçylyk edýärdi. Şeýle-de olar ukrainaly Oleksandr Khodakovskiý tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Wostok batalýonyny”, ukrainaly Ihor Bezler tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Bezler toparyny öz içine alýar.

Täzelikde şahsyýeti kesgitnenen adamlar Orsýet tarapyndan goldanylýan separatist söweşijiler bolup, Bellingcat olaryň MH17 uçarynyň Buk raketa atyjysynyň nyşanasy hökmünde ýalňyş kesgitlenmeginiň we urlup ýykylmagynyň göni jogapkärleridigini” aýtdy.

Atlary bilen şahsyýetleri kesgitlenen ukrainalylaryň käbiri şulardan ybarat: Leonid "Krot" Kharçenko, Ole "Gyurza" we "Khalif" Pulatov, Eduard "Ryazan" Hilazov, Oleh "Zmey" Şarpov, Serhiy "Botsman" Povalyaev, Valeriy "Naemnik" Stelmakh, Ihor "Minyor" Ukrainets, we Oleksandr "Sanych" Semyonov dagy.

“Bu erkekleriň Hilazowdan (2015-nji ýylyň 27-nji iýulynda ölendir öýdülýär) we Povalyaevden (2016-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda öli) başgasy şindi hem diri we ýa Orsýetde, ýa-da basylyp alnan ukrain territoriýasynda ýaşaýar” diýip, Bellingcat täze hasabtyna ugurdaş çap eden beýanatynda aýtdy.

Hollandiýanyň NOS telewideniýesi 19-njy iýunda irden Bilelikdäki derňew toparynyň güman edilýän dört adamyň şahsyýetini kesgitläne meňzeýändigini habar berdi. Olaryň atlary ukrainaly Muçkayev, Dubinsky, Oleh Pulatov we Ivan Bezyzkov diýlip görkezildi.

Betbagtçylykly hadysanyň yz ýanyndan uçar ýykylmasynyň açyk-çeşme maglumatlaryny toplamaga we analiz etmäge başlan Bellingcat topary ozal bu işe dahyllydyklaryny aýdyp, birnäçe adamyň şahsyýetini anyklapdy. Olaryň içinde MH-17-ni urup ýykan Buk raketa atyjysynyň getirilmegine gözegçilik eden Dubinski hem bar diýip, Bellingcat aýdýar.

Geçen ýyl bu topar bu iş bilen baglanyşyklydygy aýdylýan ýene bir şahsyýetiň, Oleg Ivannikovyň kimligini kesgitledi. Ol Orsýetiň GRU ofiseri bolup, “Orion” lakamy bilen tanalýar we seperatitler tarapyndan kontrollykda saklanylýan Luhansk sebitinde gizlin hereket edýär.

BDT-nyň derňewçileriniň 19-njy iýunda ýolagçy uçarynyň urlup ýykylmagynyň derňewi boýunça täze çäreleri hem yglan etmeklerine garaşylýar.

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Olena Zerkal 18-nji iýunda Interfax-Ukraina neşiri bilen söhbetdeşlikde güman edilýänleriň atlarynyň yglan ediljekdigini, günläreiň bildirijekdigini yglan etdi. Ol şondan soň golland sudunyň bu işleri seljermäge başlajakdygyny hem sözüne goşdy.

Prokurorlar öz indiki ädimleriniň güman edilýän aýratynlykdaky adamlary kesgitlemekden we olary sud öňüne getirmäge çalyşmakdan ybarat boljagyny aýtdylar.

BDT başda, 2016-njy ýylda çylşyrymly Buk raketa ulgamynyň Orsýetden getirilendigini yglan etdi. Orsýetiň 53-nji uçara garşy raketa brigadasy bu Buk sistemasyny 2014-nji ýylda Ukraina getirdi diýip, BDT 2018-nji ýylyň maýynda goşmaça netije çykardy.

Moskwa Krym ýarymadasyny 2014-nji ýylyň martynda öz gözegçiligine geçirdi we Ukrainanyň Donetsk we Luhans regionlarynyň käbir böleklerini elde saklaýan separatistlere goldaw berdi. Bu konflikt netijesinde şol ýylyň apreleinden bäri 13 müň çemesi adam öldürildi. Ýolagçy uçary konflikt zonasynda, hökümet tarapyndan kontrollyk edilmeýän territoriýada urlup ýykyldy.

XS
SM
MD
LG