Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada soňky 30 ýylda iň uly protest geçirildi


Guramaçylar 23-nji iýunda Letna parkynda geçirilen ýörişe 250 müň adamyň gatnaşandygyny aýdýarlar.

Pragada müňlerçe adam proteste çykyp Çehiýanyň premýer-ministri Andreý Babişiň wezipeden çekilmegini talap etdi.

Guramaçylar 23-nji iýunda Letna parkynda geçirilen ýörişe 250 müň adamyň gatnaşandygyny aýdýarlar. Sanlara görä, bu çykyş 1989-nji ýylda kommunist režim dargaly bäri iň uly protest aksiýasy bolupdyr.

Demonstrantlar döwlet baýdaklaryny göterip çykdylar we "Çekil" we "Biz demokratiýany elden bermek islemeýäris" mazmunly şygarlary öňe sürdüler.

Ýekşenbe günki ýöriş soňky hepdelerde Babişe garşy protest aksiýalaryň soňkusydy. 64 ýaşly premýer-ministr we milliarder Babiş galplyk we bähbit gapma-garşylygy ýaly ençeme aýyplama bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Çehiýanyň polisiýasy Babişe Ýewropa Bileleşigi tarapyndan berlen $2.24 million möçberdäki puly hyýanatçylykly ulanmakda aýyplama bildirdi. Bu iş ÝB-niň kömek puluna eýe bolan kompaniýanyň Babişiň eýeçiligindäki "Agrofert" kompaniýasy bilen gatnaşygynyň anyklanmagyndan soň başlandy.

Babiş ähli aýyplamalary ret edýär.

Premýer-ministre garşy 4-nji iýunda geçirilen ilkinji ýörişe 120 000 çemesi adam gatnaşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG