Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan günä geçiş yglan etdi. Halkara jemgyýetçiliginiň boşatmagy soran tussaglarynyň ykbaly mälim edilmedi


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda yglan edilen günä geçişde şu gezek 764 adam tussaglykdan boşadylýar. Emma türkmen häkimiýetleri halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistandan boşatmagy soran tanymal bendileriniň ykbalyny bu gezek hem mälim etmediler.

Türkmen metbugatynyň habar berşi ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesi mynasybetli tussaglary boşatmak barada karara 29-njy maýda gol çekipdir.

Resmi maglumata görä, günä geçiş baradaky karar bilen baglylykda ýurduň Baş prokurory B.Atdaýewe we kanuny goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen ähli tussaglaryň tiz wagtda tussaghanalardan çykyp, öz maşgalalaryna gowuşmagy üçin degişli çäreleri görmek tabşyrylypdyr.

Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, "günä geçiş aksiýalaryny geçirmek bilen adamlara öz eden etmişlerine ökünmek, täze durmuşa başlamak we halal zähmet bilen günäsini ýuwmak we ýurduň ösüşine goşant goşmak" üçin mümkinçilik döredilýär.

Türkmen döwlet habarlar gullugy prezidentiň türmeden goýberilýän raýatlaryň işe ýerleşmegi üçin zerur çäreleri görmegi häkimlerden we beýleki ýolbaşçylardan talap edendigini belleýär.

Ýylyň dowamynda birnäçe gezek günä geçişi yglan etmek çäresi, prezident G.Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geçeli bäri ýylda birnäçe gezek baýramçylyklaryň öňüsyrasynda geçirilýär.

Prezidentiň türmeden goýberilýän tussaglary işe ýerleşdirmek talaby hem her günä geçişde öňe sürülýär.

Emma öňki bendileriň sözlerine görä, olar iňňän seýrek ýagdaýda işe ýerleşmegi başarýarlar, tersine öňki tussaglar polisiýanyň gözegçiliginde saklanýarlar we dürli kemsitmelere sezewar edilýär.

Türkmen hökümeti ozalky tussaglaryň işe ýerleşdirilişi, olaryň näçesiniň soň işsizlik zerarly gaýtadan jenaýata baş goşýandygy barada maglumat bermeýär. Türkmenistanda yglan edilýän günä geçişlerde türmeden çykýan bendileriň sanawlary we atlary köpçülige mälim edilmeýär.

Günä geçişlerde türmeden boşadylýan raýatlaryň sany hem ýyl-ýyldan azalýar.

2002-nji ýylyň Gadyr gijesine gabat yglan edilen günä geçişde 16 müňden gowrak tussag azatlyga çykan bolsa, 2017-nji ýylyň Gadyr gijesine gabat yglan edilen günä geçişde türmeden çykanlaryň sany 1029 adama, 2018-nji ýylda 611 adama çenli azalypdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda syýasy sebäplere görä tussag edilenleriň günä geçişlerde köplenç goýberilmeýändigini aýdýarlar. Halkara guramalarynyň türkmen türmelerinde dereksiz ýiten tussaglaryň ýöredýän sanawlarynyň düzümi gitdigiçe artýar.

Üstesine, käbir syýasy tussaglaryň tussaglyk möhleti artdyrylýar. Ýaňy-ýakynda 12-nji iýulçy Gulgeldi Annanyýazowyň tussaglyk möhletiniň uzaldylandygy köpçülige mälim boldy.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasy tanymal türkmen dissidenti, Aşgabatda 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda bolan protestleriň guramaçylarynyň biri bolan Gulgeldi Annanyýazowyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Hazaryň kenaryndaky Garabogaz, ozalky Bekdaş şäherine sürgün edilendigini habar berdi.

G.Annanyýazow 2008-nji ýylyň tomsunda, Norwegiýadan bosgunlykdan dolanyp gelende, Köşüdäki öýlerinde tussag edildi we oktýabrda, Türkmenistanyň Ýokary sudy tarapyndan, serhetden bikanun geçmekde günäli tapylyp, 11 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. 22-nji maýda Birleşen Ştatlaryň bäş senatory Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat ýazyp, Gulgeldi Annanyýazowyň boşadylmagyna çagyrdy.​

Şol günüň özünde halkara guramalary Türkmenistanda tussag edilen ady belli aktiwist Gaspar Matalaýewi boşatmagy talap edip çykyş etdiler.

22-nji maýda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde türkmen türmesinde saklanylýan tanymal aktiwist Gaspar Matalaýewyň azat edilmegine çagyryş edilip piket geçirildi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde aktiwist Matalaýewiň azat edilmegine çagyryş edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:40 0:00

Halkara aktiwistleri türkmen häkimiýetleriniň halkara guramalarynyň çagyryşlaryna jogap bermeýändigini we dialogdan ýüz öwürýändigini aýdýarlar. Nýu Ýorkdaky aksiýanyň gatnaşyjylary ilçihanadan hiç kim çykmansoň, 100 müňden gowrak adamyň gol çeken petisiýasyny ilçihananyň girelgesinde goýup, resmilere ýetirmeli boldular.

Türkmenistan adam başyna iň köp tussag düşýän ýurtlaryň biri hasaplanýar.

ABŞ-nyň "Türme syýasaty inisiatiwasy" toparynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan ilatynyň jan başyna düşýän tussaglarynyň sany boýunça, dünýäniň 170 ýurdunyň arasynda Birleşen Ştatlardan soň, ikinji ýerde durýar. 2016-njy ýyla degişli bu maglumata görä, Türkmenistanda her 100 müň adama 583 tussag düşýär.

Türkmenistanyň türmeleri aýylganç şertler we tussaglaryň gynamalara sezewar edilmegi bilen tanalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG