Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda adamlar “sürülenişip”, bankomatlara “çozýar”, Marynyň keselhanalarynda terminallar işlemeýär


Illýustrasiýa suraty. Bankomatyň öňünde nobata garaşýan adamlar.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda raýatlaryň bank kartlaryndaky pullaryny bankomatlardan nagtlaşdyrmak problemalary saklanyp galýan wagty, köp ýerde töleg terminallary işlemeýär.

“Mary welaýatynyň etraplaryndaky hassahanalarda töleg terminallary işlemeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp habar berýär.

Onuň sözlerine görä, keselhanalarda bar bolan töleg terminallaryna bank kartlarynyň üsti bilen töleg geçirip bolmaýar.

Habarçy Mary etrabynyň hassahanasynda işlemeýän töleg terminallary bilen bagly ýagdaýlara salgylanýar:

“Şu gün (10-njy iýulda – red.) etrap keselhanasynyň girdeji kassasyna nagt görnüşinde töleg geçirmeli boldy. Kartdan hiç zat töläp bolmaýar. Sanitariýa depderçäme möhürçe goýdurmak üçin Saglyk ätiýaçlandyryş pasporty bilen nagt 21 manat töledim” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, keselhanada töleg terminallarynyň işlemeýändigi sebäpli köp sanly adam saglyk bejergisini alyp bilmän yzlaryna gaýdýar. Sebäbi olar özleriniň bank hasaplaryndaky pullaryny kartlarynyň üsti bilen bankomatlarda nagtlaşdyryp bilmeýär.

Türkmen bankomatlaryndaky nagt ýetmezçiligi bilen bagly habarlaryň fonunda Aşgabadyň bankomatlarynda pul nagtlaşdyrmak üçin uzyn nobatlar döreýär; adamlar sürülenişip, bankomatlaryň öňünde köpçülik bolup nobata garaşýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ikinji habarçysy 9-njy iýulda Aşgabatdan habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň gapdalyndaky “Bank 24” bankomatlarynda, “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän bankomatda, köp sanly döwlet banklarynyň edara jaýlarynyň öňünde, şäheriň tas ähli bankomatlarynyň öňünde uzyn nobatlar bar; adamlar pul nagtlaşdyrmaga garaşýar.

“Bankomatlaryň öňünde örän köp, gaty köp adam nobata garaşýar” diýip, habarçy sözüne goşýar.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda, şol sanda paýtagt Aşgabatda, ýerli ýaşaýjylaryň öz bank kartlarynda bar bolan maliýe serişdelerini bankomatlarda nagtlaşdyrmak mümkinçilikleri çäkli bolmagynda galýar. Soňky 1 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýygy-ýygydan ýüze çakýan bu ýagdaý soňky günlerde has-da güýçlendi.

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, pensionerleriň pensiýa haklary we mümkinçiligi çäkli adamlaryň hem-de çagaly eneleriň döwlet kömek pullary olaryň bank hasaplaryna geçirilip başlandy.

Ýatlasak, 8-nji iýulda Daşoguz we Mary şäherleriniň ýaşaýjylarynyň bankomatlardan pul nagtlaşdyryp bilmän kösenýändikleri barada habarçylarymyz habar beripdi.

“Häzir Daşogzuň merkezindäki bankomatlaryň öňünde pensiýa pullaryny alyp bilmän garaşyp duran uly ýaşly gartaşan adamlaryň nobatlaryny synlasa bolýar” diýip, daşoguzly habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 45 gradusa çenli baryp ýetýän yssy howada bankomat nobatyna garaşýan uly ýaşly adamlaryň arasynda ýykylyp çaşýan, huşuny ýitirýän adamlara-da duş gelse bolýar.

Marydan maglumat ýetiren habarçymyz tutuş şäherde sanlyja bankomatyň işleýändigini, olaryň hatarynda “Senagat” täjirçilik bankyna degişli jemi 2 bankomatyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň 1 bankomatynyň, şeýle-de “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Mary şahamçasynyň bankomatlarynda nagt tapdyrýandygyny, ýöne olardan pul nagtlaşdyrmak üçin adamlaryň uzyn nobatlara garaşmaly bolýandygyny habar berdi.

Türkmen resmileri raýatlaryň bankomatlardaky nagt ýetmezçiligini ýa-da bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýär. Olar mediada edýän çykyşlarynda ýurduň bank we maliýe pudagynyň sanly ulgama geçýändigini, bu pudagyň innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ösdürilýändigini öwran-öwran gaýtalaýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG