Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň bankomatlarynyň öňünde indi nobat ýok, sebäbi olarda “pul ýok”


Türkmenistandaky bankomatlaryň biriniň öňünde goýlan 'pul ýok' diýen ýazgy.
Türkmenistandaky bankomatlaryň biriniň öňünde goýlan 'pul ýok' diýen ýazgy.

Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde adamlar bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin indi nobata garaşmagy bes etdiler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bu barada habar berip, ýerli ýaşaýjylaryň bu ýagdaýyň sebäbini bankomatlarda puluň ýoklugy hem-de häkimiýetleriň uzyn nobatlara garşy görýän çäresi hökmünde düşündirýändigini habar berdi.

12-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habarlaşýan ýurt içindäki habarçysy Mary şäherindäki bankomatlaryň tas ählisine aýlanyp, olaryň öňünde indi nobatlaryň ýokdugyny, sebäbi indi olarda puluň ýokdugyny habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi birnäçe gün mundan ozal bankomatlaryň öňünde dörän uzyn nobatlardan “birahat bolan ýerli häkimiýetleriň bankomatlara indi pul goýdurmaýandygyny” aýdýarlar. Olar bu ýagdaýy häkimiýetleriň uzyn bankomat nobatlaryna garşy göreşi diýip düşündirýärler.

Ýatlasak, 8-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Mary şäherinde sanlyja pully bankomatyň öňünde uzyn nobatlaryň döreýändigini habar beripdi.

Ol adamlaryň bankomatlaryň öňündäki uzyn nobatlarda yssy howada kösenýändigini gürrüň berdi.

“Bankomatlaryň öňünde uzyn nobat bar. Adam gaty kän. Adamlaryň pensiýa we “posobiýe” haklary olaryň bank hasaplaryna geçirilipdir, ýöne olary nagtlaşdyryp bilmän kösenýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Şonda Marydan maglumat ýetiren habarçymyz tutuş şäherde sanlyja bankomatyň işleýändigini, olaryň hatarynda “Senagat” täjirçilik bankyna degişli jemi 2 bankomatyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň 1 bankomatynyň, şeýle-de “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Mary şahamçasynyň bankomatlarynda nagt tapdyrýandygyny, ýöne olardan pul nagtlaşdyrmak üçin adamlaryň uzyn nobatlara garaşmaly bolýandygyny habar berdi.

Bu maglumatyň yzýany, 10-njy iýulda Marydan habar ýollan beýleki bir habarçymyz keselhanalarda töleg terminallarynyň işlemeýändigini habar berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, adamlaryň bank kartlarynda pullary bolan ýagdaýynda-da, töleg terminallarynyň işlemezligi, galyberse-de bankomatlarda nagt puluň ýetmezçiligi ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirýär.

8-nji iýulda ýerli habarçylar Daşoguz şäherinde-de bankomatlaryň öňünde döreýän nobatlarda adamlaryň, hususan-da garry adamlaryň yssy howada bankomat nobatlarynda juda kösenýändigini, olaryň arasynda çaşyp, ýykylýan adamlara-da duş gelinýändigini habar berdi.

Türkmen bankomatlaryndaky nagt ýetmezçiligi bilen bagly habarlaryň fonunda, Aşgabadyň bankomatlarynda pul nagtlaşdyrmak üçin uzyn nobatlar döreýär; adamlar sürülenişip, bankomatlaryň öňünde köpçülik bolup nobata garaşýar.

Bu barada iň soňky sapar 10-njy iýulda Aşgabatdan habar ýetiren habarçymyz paýtagtyň çägindäki Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň gapdalyndaky “Bank 24” bankomatlarynda, “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän bankomatda, köp sanly döwlet banklarynyň edara jaýlarynyň öňünde uzyn nobatlaryň saklanýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumatda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda tutuş ýurt boýunça 2 müň 198 sany bankomatyň hasaba alnandygy aýdylýar. Şeýle-de, resmi maglumata görä 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň çäginde 15 müňe golaý töleg terminaly hasaba alnypdyr.

Türkmen resmileri bankomatlar boýunça ýurtda bar bolan kynçylyklary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG