Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa howa giňişliginiň bozulmagy boýunça Moskwanyň ‘çuňňur gynanç’ bildirendigini aýdýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Günorta Koreýanyň resmileri Russiýanyň öz harby uçarlarynyň biriniň Günorta Koreýanyň howa giňişliginiň çäklerine gireni üçin “çuňňur gynanç” bildirendigini aýdýarlar. Moskwa muny ret edýär.

23-nji iýulda Günorta Koreýanyň uçarlary Russiýanyň harby uçary Günorta Koreýanyň Gündogar deňzindäki howa giňişligine gireni üçin oňa iki gezek duýduryş okuny atdylar diýip, Reuters habarlar agentligi bu ýurduň Milli Goranmak ministrligine salgylanyp habar berdi.

"Russiýa Günorta Koreýa beren maglumatynda bu waka tehniki näsazlygyň sebäp bolan bolmagy örän ähtimal diýdi" diýip, “Ýonhap” habarlar agentligi Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-iniň edarasyna salgylanyp, 24-nji iýulda habar berdi.

“Russiýa özüniň Goranmak ministrliginiň dessine derňew başladyp, bu babatda zerur çäreleri görjekdigini aýtdy” diýip, metbugat wekili Yoon Do-han žurnalistlere aýtdy.

Şeýle-de, Yoon bu maglumatyň 23-nji iýulda Russiýanyň harby attaşesi tarapyndan gowşurylandygyny hem belledi.

“Moskwa eger uçar ilkibada planlaşdyrylan ugry boýunça uçan bolsa, onda bu waka ýüze çykmazdy diýdi” diýip, Yoon aýtdy.

Günorta Koreýanyň parlamentiniň Daşary meseleler boýunça komitetiniň başlygy Yoon Sang-hyun Russiýanyň Günorta Koreýadaky ilçisi Maksim Wolkowa salgylanyp, Russiýanyň waka gynanç bildirýändigini aýtdy.

Emma, Russiýanyň Seuldaky ilçihanasy Moskwanyň resmi taýdan ötünç sorandygy baradaky maglumaty dessine ret etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG