Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik we gyrgyz liderleri, dartgynlyklary gowşatmak üçin, Woruhda duşuşdy


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we onuň gyrgyz kärdeşi Sooronbai Jeenbekow. Woruh, 26-njy iýul, 2019.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we onuň gyrgyz kärdeşi Sooronbai Jeenbekow. Woruh, 26-njy iýul, 2019.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we onuň gyrgyz kärdeşi Sooronbai Jeenbekow, sebitdäki dartgynlyklary gowşatmak tagallalarynyň çäginde, Täjigistanyň Woruh eksklawynda duşuşdy.

Iki lider aladaly eksklawda duşuşanlarynda doganlarça gujaklaşyp, serhediň iki gyrasynda ýaşaýan ýerli adamlar bilen gürleşdiler.

Jeenbekow gyrgyz obasy Ak-Saýyň ilaty bilen gürleşip, serhet boýundaky problemalary öz şahsy gözegçiligine alandygyny aýtdy.

Iki lideriň gepleşikleri Täjigistanyň gyrgyz serhediniň golaýyndaky Isfara şäherinde, soňra Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Çolpon-Ata şäherinde dowam etdirmeklerine garaşýar.

Gepleşikler serhet boýunda bolan çaknyşyklardan soň başlandy.

Täjik resmileri 22-nji iýulda, gyrgyz obasynyň adamlarynyň aw tüpeňlerini ulanmagy netijesinde, bir täjik erkeginiň öldürilendigini, ýedi adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar. Bu dawa täjik ýaşaýjylarynyň Isfara-Woruh ýolunda täjik milli baýdaklaryny dikmegi bilen turdy.

Bu çaknyşyklardan soň, howpsuzlyk aladalary sebäpli, Batken regionyň resmileri Ak-Saý obasynyň 650-den gowrak ýaşaýjysyny başga ýere göçürdiler.

Sowet Soýuzy 1991-nji ýylda synaly bäri, Merkezi Aziýanyň ozalky sowet respublikalarynyň köp ýerinde serhet dawasy bar.

Bu ýagdaý Täjigistan, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen araçäkleşýän Fergana jülgesindäki ekslawlar sebäpli has-da çylşyrymlaşdy.

XS
SM
MD
LG