Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nirede? (WIDEO)


Hökümet resmileri Awazada sport bilen meşgullandy, ýöne oňa prezident gatnaşmady
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00

Hökümet resmileri Awazada sport bilen meşgullandy, ýöne oňa prezident gatnaşmady

28-ji iýulda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi ýurduň ýolbaşçy düzümleriniň Türkmenbaşydaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan pursatlaryndan wideo görnüşler görkezdi.

Efire berlen wideo sýužetlerde ýurduň ýokary derejeli döwlet emeldarlary, şol sanda Mejlisiň başlygy we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary sport maşklaryny ýerine ýetirýärler. Ýöne olaryň türgenleşiklerine Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmady.

Döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, prezident Berdimuhamedow 15-nji iýul – 15-nji awgust aralygynda dynç alýar.

Berdimuhamedow häzirki wagtda nirede dynç alýar? Ozalky ýyllardan tapawutlylykda, onuň bu ýyl nirede dynç alýandygy mälim däl. Şol bir wagtyň özünde, onuň dynç alyş günlerinde bu ýokary wezipäni wagtlaýyn haýsy emeldara ynanandygy hem aýdylmaýar.

Geçen 2018-nji ýylyň iýul aýynda-da döwletiň ýolbaşçy düzümleri dynç alyş günlerini Awazada geçirip, dürli sport maşklary bilen meşgul bolupdy. 2018-nji ýylyň 13-nji iýul güni geçirilen bu türgenleşiklere-de Berdimuhamedow gatnaşmandy.

Galyberse-de, döwlet metbugatyna görä, 27-nji iýulda Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awazanyň ýalkymy” ady bilen gurlan täze monument binasynyň açylyş dabarasy boldy. Resmi metbugatyň habarlaryndan çen tutulsa, prezident Berdimuhamedow oňa gatnaşmady.

TDH prezident Berdimuhamedowyň 26-njy iýulda Tunisiň prezidenti Beži Kaid Es-Sebsiniň aradan çykmagy zerarly Tunisiň ýolbaşçylaryna gynanç hat ugradandygyny habar berdi.

Prezident 25-nji iýulda-da başga bir daşary ýurt ýolbaşçysyna, bu sapar Birleşen Şalygyň täze premýer-ministri Boris Jonsona gutlag hat ugratdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iň soňky sapar döwlet telewideniýesinde 24-nji iýulda görkezildi. TW-niň maglumatyna görä, şol güni prezident Aşgabat şäher häkiminiň haýyşy boýunça, gurluşygy meýilleşdirilýän täze megaproýektiň, Aşgabat-sitiniň çäginde guruljak duralgalaryň taslamalary bilen tanyş boldy.

Şeýle-de, 24-nji iýulda özbek hem-de türkmen metbugatlary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbäk kärdeşi Şawkat Mirziýoýewi telefonda doglan güni bilen gutlandygyny habar berdi.

Bu çäreleriň ählisi 20 – 21-nji iýulda türkmen prezidentiniň ölendigi barada ilki sosial mediada soňra käbir rus dilli metbugat serişdelerinde çykan habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Bu habary Türkmenistanyň Moskwadaky hem-de Bişkekdäki ilçihanalarynyň wekilleri dessine inkär etdi.

Ýöne Türkmenistanyň resmi media we metbugat serişdeleri 21-ji iýul güni bu habarlaryň Internet giňişliginde juda giňden ýaýraýan wagty Berdimuhamedowyň ýurduň saglyk ulgamynyň işgärlerine iberen gutlag hatyny ilata ýetirmek bilen çäklendi.

Habarlaryň online giňişlikde Türkmenistanyň içine aralaşmagy bilen türkmen sahnasynyň il arasynda tanalýan wekilleri – Annaguly Myratdurdyýew, Mekan Ataýew, Selbi Tuwakgylyjowa, Myrat Öwezow ýaly aýdymçylar, Ýagşy Goşunow we Myrat Mollaýew ýaly şortalar we beýlekiler 26-njy iýulda Instagramda #durýalan atly kampaniýa badalga berdiler. Ýerli ýyldyzlaryň çykyşlaryndan mälim bolşuna görä, olar görnüşinden prezidentiň ölümi barada Internet ulgamynda ýaýran habarlardan ynjalyksyz bolupdyrlar.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi 15-nji iýulda prezidentiň dynç alyşa çykandygyny habar berip, ony iki gyz agtygy bilen görkezipdi. Ondan ozal prezident 5-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Türkmen resmileri hökümet derejesinde prezidentiň jan-saglygy barada ýaýraýan gürrüňlere reaksiýa görkezmäni gelýär.

Beýleki tarapdan, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 28-nji iýulda ýurduň çar künjünde güýç edaralarynyň prezidentiň saglyk ýagdaýy ýa-da ölümi barada gep ýaýradýanlary tutup başlandygyny habar berdi.

Bu maglumatlaryň fonunda Türkmenistanyň prezidenti häzir nirede we onuň saglyk ýagdaýy nähili? Bu soraglaryň jogabyny diňe wagt görkezer.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG