Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen estradaçylarynyň instagram kampaniýasy 'Nyýazow döwrüni ýatladýar we soragy köpeldýär'


Berdimuhamedowyň ýogalandygy barada 20-21-nji iýulda ilki sosial ulgamlarda, soň rus dilli metbugatda ýaýran gürrüňler Moskwadaky we Bişkekdäki türkmen ilçihanalary tarapyndan inkär edildi, emma resmi Aşgabat bu gürrüňlere hiç bir düşündiriş bermedi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy barada ýaýran gürrüňleriň fonundaky çaklamalaryň dowam edýän wagtynda türkmen estrada wekilleriniň başlan instagram kampaniýasy öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwrüni ýatlatdy we sorgalary köpeltdi diýip, aşgabatly synçy aýdýar.

Şu aralykda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýurtda prezidentiň ölümi ýa-da saglygynyň ýaramazdygy barada gürrüň ýaýradýanlara garşy göreş boýunça aktiw işiň başlanandygyny habar berdi.

Türkmen estradasynyň tanalan wekilleriniň birnäçesi 26-njy we 27-nji iýulda birden inisiatiwa görkezip, sosial ulgamlarda “durýalan” kampaniýasyna başlady we olaryň hiç bir fakt getirmezden aýdýan ýazgaryjy, näletli sözleri sosial ulgamlarda garşylykly reaksiýa döretdi.

Türkmen sahnasynyň wekilleri prezident hakyndaky 'ýalan geplere' ynanmazlyga çagyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:11 0:00

Türkmenistanda başga pikirlileriň ýa-da režimiň tankytçylarynyň garşysyna ozalky prezident döwründe hem dürli kampaniýalar guralýardy we olaryň “damarynda türkmen ganynyň akyp-akmaýandygy” sorag astyna alynýardy.

Ýöne ol döwürde “nälet” kampaniýalary türkmen döwlet telewideniýesinde berilýän gepleşikler, gazet-žurnallaryň sahypalarynda çap edilýän makalalar arkaly gurnalýardy we köplenç diňe bir tarapyň pozisiýasyny görkezýärdi.

Türkmenistanda belli bir derejede internet elýeterliligi döränden soň, soňky döwürde resmi däl pikir-garaýyşlar hem köp ile ýetip başlady we bu mümkinçilik prezidentiň ölümi baradaky gürrüňler bilen baglylykda, teswir ýazýanlaryň we pikirini aýdýanlaryň birden köpelmegi bilen, ilkinji gezek has köpçülikleýin ulanylan ýaly boldy.

Prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründen tapawutlylykda, Berdimuhamedow döwründe döwlet telewideniýesinde we metbugatda syýasy garşydaşlary masgara etmek synanyşyklary tasdan gözden uçupdy.

"Türkmen estradaçylarynyň instagramdaky ýüzlenmeleri Nyýazowyň döwrüni yzyna getiren ýaly boldy" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli žurnalist Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, "Nyýazow döwründe hem prezidenti tankytlamak watany tankytlamak, oňa ýakymsyz söz diýmek, ýurda ýakymsyz söz diýmek" hasaplanýardy.

"Internet mümkinçiligi türkmenleriň watan bilen prezidentiň şahsyýetiniň garyşdyrylmagyna, dürli sebäpler bilen daşary ýurtlara çykan ildeşleri barada aýdylýan agyr sözlere adamlaryň razy däldigini görkezdi" diýip, aşgabatly žurnalist aýtdy.

Şeýle-de ol indi Selbi Tuwakgylyjowa ýaly aýdymçylaryň "daşary ýurtlara giden adamlar" barada seresap bolmalydygyny, olaryň öňki ýaly bäş-on adam däldigini, on müňlerçe türkmenistanlydygyny belledi.

Ýerli synçylaryň köpüsi Ýagşy Goşunowyň 21-nji asyrda adam jezalandyrmagyň aýylganç bir görnüşi - adamyň ýüzüne köz basylmagy barada gürrüň edip, has öte geçendigini belleýär.

Şol bir wagtda synçylar bu kampaniýa goşulyp, "ýalan gürrüňlere gulak asmazlyga" çagyran Myrat Öweziň, ozal türmede oturyp çykan bagşynyň öz pikirini Ý.Goşunowa garanda has sypaýyçylykly aýtmaga çalşandygyny aýdýarlar.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy" toparynyň maglumatyna görä, 25-nji iýulda soňky “gep-gürrüňlere garşy” başlanan göreşiň çäginde güýç gurluşlary Aşgabatda we regionlarda “güýçlendirilen görnüşdäki gulluk” diýilýäne geçdiler.

Lebap welaýatyndaky žurnalistleriň habar bermegine görä, bu sebitde ýurtdaky durnuklylygyň bozulmagyna täsir ýetirjek gürrüň ýaýratmakda aýyplanyp, üç adam tussag edildi.

“Tussag edilenler “Türkmentelekomyň” Lebapdaky bölüminiň, suw hojalygy edarasynyň we ýerli ýaşaýyş jaý hojalygynyň işgärleri” diýip, TH ýerli habarçylaryna salgylanyp, habar berýär. Emma Azatlygyň habarçylary bu maglumaty häzirlikçe tassyklap bilmediler.

Şeýle-de, prezident Berdimuhamedowyň saglygy barada ýaýran gürrüňlere garşy wagyz işlerini geçirmek hakynda Medeniýet ministrligine, ýaşululara hem tabşyryk berlendigi aýdylýar. Hususan-da ýaşulularyň maşgala agzalary daşary ýurtda gazanç edýän maşgalalar bilen gürrüň geçirmekleri tabşyrylypdyr.

Bu hili gürrüňçilikler, işsizlik sebäpli güýçlenýän zähmet migrasiýasynyň çäginde, mundan öň hem geçirilipdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, resmi maglumata görä, 15-nji iýuldan awgustyň ortasyna çenli dynç alýar. Öňki ýyllardakydan taputlylykda, prezidentiň we hökümet agzalarynyň anyk nirede dynç alýandygy aýdylmaýar.

Awazanyň ýalkymy binasy.
Awazanyň ýalkymy binasy.

27-nji iýulda "Awaza" milli syýahatçlyk zolagynda "Awazanyň ýalkymy" binasynyň (belentligi 23 metr) açylyşyna bagyşlanan uly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara ne prezident, ne-de hökümet agzalary gatnaşdy.

27-nji iýuldaky ikinji uly dabara Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda, welaýat häkimi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, 640 orunlyk mekdebiň düýbüniň tutulamgyna bagyşlanyp geçirildi. Bu dabara, prezident Berdimuhamedowyň gatnaşýan dabaraly çäreleri ýaly, uly türkmen toýy görnüşinde, aýdym-sazly çykyşlar, teatrlaşdyrylan sahnalar, çelpek ýaýýan, pişme, çapady bişirýän aýallar, çagalaryň surat sergileri, hatara goýlan iş tehnikalary bilen bezelip, uludan tutuldy.

Serdar Berdimuhamedow Tejendäki dabara gatnaşýar.
Serdar Berdimuhamedow Tejendäki dabara gatnaşýar.

Prezidentiň ýogalandygy barada 20-21-nji iýulda ilki sosial ulgamlarda, soň rus dilli metbugatda ýaýran gürrüňler Moskwadaky we Bişkekdäki türkmen ilçihanalary tarapyndan inkär edildi, emma resmi Aşgabat bu gürrüňlere hiç bir düşündiriş bermedi.

Şol bir wagtda TDH Berdimuhamedowyň adyndan ýazylan gutlagdyr gynanç hatlaryny, kararlary çap edip durýar we türkmen telewideniýesi 24-nji iýulda, şäher häkiminiň haýyşy boýunça, prezidentiň Aşgabat-sitide guruljak awtobus duralgalarynyň nusgalaryny görmäge gelendigini habar berdi.

Teswirleri gör (6)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG