Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habaryndan soň, Berdimuhamedow ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegi tabşyrdy


Mary welaýatynda haşal otlar bilen gurşalan seýrek gowaçaly ekin meýdanlary
Mary welaýatynda haşal otlar bilen gurşalan seýrek gowaçaly ekin meýdanlary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy awgustda wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýokary derejeli oba hojalyk resmilerine ýurduň ekin meýdanlaryny degişli derejede suw bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurduň obasenagat toplumyny maslahat edipdir.

Prezident mejlisi açyp, ilkinjilik bilen oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Magtymguly Baýramdurdyýewiň hasabatyny diňledi; oňa regionlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirdi.

Soňra Berdimuhamedow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Annageldi Ýazmyradowa ýüzlenip, ekin meýdanlaryny degişli derejede suw bilen üpjün etmek boýunça çäre görmegi tabşyrdy.

Berdimuhamedowyň oba hojalyk resmilerine ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligi boýunça çäre görmegi tabşyrmagy, Azatlyk Radiosynyň ýurduň regionlaryndaky gowaça meýdanlarynyň suw ýetmezçiligi barada yzygiderli beren habarlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Prezidentiň ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligini kadaly ýola goýmak boýunça resmilere beren tabşyrygyndan 3 gün ozal, 16-njy awgustda daşoguzly kärendeçiler Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gowaça meýdanlaryny suwarmak üçin özleriniň suw ýetmezçiliginden kösenýändiklerini aýtdylar. Bu barada Azatlyk Radiosy dessine habar berdi.

Geçen hepdesoňy lebaply kärendeçiler hem Azatlygyň ýerli habarçylaryna ekin meýdanlarynda suw ýetmezçiliginden kösenýändiklerini aýtdylar.

17-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy regionda ekilen gowaçalaryň köpçülikleýin gunçasyny döküp başlandygy barada wideo maglumat ugratdy. Habarçynyň ugradan wideosynda tutuş düýbi bilen gopup gaçýan gowaça gunçalaryny görmek bolýar.

Maryda gowaçalar gunçasyny dökýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:55 0:00

WIDEO: Maryda gowaçalar gunçasyny döküp başlady

Azatlyk Radiosynda atlandyrylmazlyk şertinde çykyş eden ýerli agronom muňa şeýle düşündiriş berdi:

“Öňki ýyllarda gowaçalar diňe suwsan halatynda, suwy gijigende gunçalaryny döküp başlardy. Beýle bolanda, gowaçany näçe çalt suwaryp ýetişseň, şonça çalt gunça dökülmeginiň öňüni alyp bolýardy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran maryly agronom Azatlygyň habarçysyna gürrüň beripdir.

8-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň gizlinlik şertlerinde çykyş edýän habarçysy günorta-gündogar Türkmenistanyň idegi pes gowaça meýdanlarynda düşürilen ýene bir wideony Azatlyga ugratdy.

Sakarçägäniň seýrek gowaçaly ekin meýdanlary
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

WIDEO: Sakarçägäniň seýrek gowaçaly ekin meýdanlary

Wideoda seýrek gowaçaly ekin meýdanlaryny görmek bolýar. 8-nji awgustda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň kärendeçi daýhanlary Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesi bilen gürrüňdeşlikde özleriniň gowaça ideg etmekde suw, tehnika we dökün ýetmezçiliginden ejir çekýändiklerini habar berdiler.

Şondan bir hepde ozal, 30-njy iýulda Azatlyk Radiosynyň gündogar Türkmenistandaky habarçysy Lebap welaýatynyň ençeme pagtaçy kärendeçilerine salgylanyp, olaryň suw we tehnika ýetmezçiliginden şikaýat edýändiklerini habar berdi.

Mary welaýatynda haşal otlar bilen gurşalan seýrek gowaçaly ekin meýdanlary
Mary welaýatynda haşal otlar bilen gurşalan seýrek gowaçaly ekin meýdanlary

22-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri welaýatyň tas ähli etraplarynda we daýhan birleşiklerinde kärendeçi daýhanlaryň gowaça eken meýdanlaryna ekiş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda amala aşyrmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, olaryň hepdeläp, gije-gündiz ekin meýdanlarynyň üstünde durýandygyny gürrüň berdi.

19-njy awgustda geçiren iş maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “ýurduň çäginde bar bolan suw howdanlarynda we beýleki suw desgalarynda, şol sanda dag içindäki suw ýygnanýan ýerlerde, şeýle hem “Altyn Asyr” türkmen kölünde suw gorlarynyň bardygyny, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, dürli çäreleriň görülýändigini aýdypdyr. Ýöne türkmen metbugatynda bu ugurda görülýän anyk çäreler barada maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG