Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suw ýetmezçiliginden kösenýän lebaply pagtaçylar plan borçnamasynyň dolmazlygyndan alada edýärler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky kärendeçi daýhanlar gowaça meýdanlary üçin suwaryş suwlarynyň ýiti ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 29-njy iýulda habar berdi.

“Welaýatyň Çärjew etrabynyň “Jeýhun” daýhan birleşiginiň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, suw ýetmezçiligi sebäpli gowaça ekişine girişileni bäri bu sebitdäki ekin meýdanlarynda hiç hili agrotehniki çäreleri geçirilmändir” diýip, neşir belleýär.

Maglumata görä, Amyderýadan akyp gelmeli suw üçin niýetlenen suwaryş kanallaryndaky galyndylar indi köp ýyllaryň dowamynda arassalanmaýar. Şol sebäpli Amyderýadan kanallara suw gelse-de, gowaça meýdanlaryna akmaýar.

Neşir suwaryş suwlarynyň ýetmezçiliginiň Lebabyň Balykçy, Araplar, Uçbaş we Esgiler obalarynda hem duýulýandygyny, agronomlaryň ýagdaý barada çynlakaý alada bildirýändigini aýdýar.

“Bu obalaryň ýaşaýjylary Lebap welaýat häkiminiň orunbasaryna, Çärjew etrabynyň häkimine we arçynlyga ýüzlenip, eger suwaryş suwlarynyň ýetmezçiligi baradaky mesele çözülmese, onda döwlet tarapyndan kesgitlenen pagta plan borçnamasynyň dolmajakdygyny aýdýarlar. Muňa garamazdan, ne welaýat, ne-de etrap häkimligi bu meseläni çözmäge synanyşypdyr” diýip, neşir ýazýar.

Lebapda suwaryş suwlarynyň ýetmezçiliginiň duýulýandygyny Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri hem tassyklaýar. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonym şertde söhbetdeş bolan habarçynyň sözlerine görä, gowaça meýdanlaryna seredeniňde, ýap ýa-da ýol ýakalary gök öwsüp dursa-da, ekiniň ortasynda ýa-da aňrybaşynda diňe käbir ýerlerde pagta ösýär.

Habarçy pagtaçy daýhanlaryň diňe suw däl-de, tehnika ýetmezçiliginden hem kösenýändigini aýdyp, etraplardaky oba hojalyk tehnikalarynyň aglabasynyň ýokary derejeli döwlet resmileriniň kärende ýerinde işledilýändigini belleýär.

“Tehnika ýetmezçiligi sebäpli daýhanlar ekin meýdanlaryny deňläp bilmeýärler. Şol sebäpli käbir kärendeçiler ekiniň beýik ýerinr hem suw ýetirjek bolup, pesdäki pagtany gark edip çüýredýärler. Hökümet işgärleri olara ‘siz kärende ýeriňize gowy seredip bilmeýärsiňiz, ýeriňiz eliňizden alnar’ diýip, haýbat atýarlar. Fosfor döküni hem öz wagtynda berilmeýär. Dökün bolanda-da, daýhanlar ony özi daşamaly. Käbir daýhanlar bu döküni eşek arabasynda birnäçe gezek gatnap, öz ekin meýdanlaryna daşaýarlar. Sebäbi ertire goýsaň, arçynlar, resmiler ony satyp gutarýarlar” diýip, habarçy 30-njy iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käbir kärendeçiler gowaça ekinlerine suwy, döküni öz wagtynda berip, tehniki çäreleri hem wagtly-wagtynda geçirmek üçin käte üç hepdeläp öýlerine gelmän, ekin meýdanlarynda çatma dikip ýaşaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Lebap welaýatynyň we Çärjew etrabynyň häkimlikleri bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet resmilerinden “gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi” birnäçe gezek talap edendigine garamazdan, Azatlyk Radiosy pagtaçy daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýetmezçiliginden kösenýändigi barada aprel aýynyň başyndan bäri ençeme gezek habar berdi.

Iň soňky gezek 22-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri welaýatyň tas ähli etraplarynda we daýhan birleşiklerinde kärendeçi daýhanlaryň gowaça eken meýdanlaryna ekiş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda amala aşyrmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, olaryň hepdeläp, gije-gündiz ekin meýdanlarynyň üstünde durýandygyny gürrüň berdi.

Bu habarlaryň fonunda, 2-nji iýulda “Altyn Asyr” telekanalynda Ahal we Mary welaýatlaryna degişlidigi aýdylýan gowaça meýdanlary, olarda hatarara bejergilerini geçirýän tehniki serişdeler, şeýle-de ekinleriň dökün we suw bilen üpjünçiliginiň öz wagtynda geçirilýändigi barada wideo reportaž görkezildi.

Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda we Daşoguz welaýatynyň daýhanlary biraz giç — 27-nji martda girişdiler.

Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG