Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagtaçylar suw we tehnika ýetmezçiliginden ‘kösenýär’, hökümetçi neşir türkmen pagtasynyň dünýä çykýandygyny aýdýar (WIDEO)


Sakarçäge etrabynyň gunçalap oturan gowaça meýdanlary.

Şu günler Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda gowaça hasylyna ideg möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri Mary welaýatynyň ekerançylyk ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýän gowaçanyň hasylynyň bu ýyl pes bolandygyny habar berýärler. Beýleki tarapdan, hökümetçi neşir Lebapda öndürilýän pagta önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna, şol sanda ABŞ-a eksport edilýändigini habar berýär.

8-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky çeşmesi Sakarçäge etrabynda ýerleşýän käbir gowaça meýdanlaryna aýlandy.

Ol gowaçanyň hasyllylygynyň bu ýyl gowşak bolandygyny habar berdi. Çeşmäniň ugradan wideosynda seýrek gowaçaly ekin meýdanlaryny görmek bolýar.

Sakarçägäniň seýrek gowaçaly ekin meýdanlary
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

WIDEO: Sakarçägäniň seýrek gowaçaly ekin meýdanlary

Maryly çeşme bu ýyl Mary welaýatynyň käbir ekin meýdanlarynda gowaçanyň 3 gezek ekilen ýerleriniň bolandygyny habar berdi. Ol iýun aýynyň başlarynda-da gowaça meýdanlarynyň täzeden sökülip ekilen ýerleriniň bolandygyny aýtdy.

Ýatlasak, bu ýyl aprel aýynda Türkmenistanyň dürli künjeklerine, hususan-da Balkan, Ahal we Mary welaýatlaryna güýçli sil geldi. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary şonda Ahal we Mary welaýatlarynyň dowamly ýagan ýagyşlardan zyýan çeken käbir etraplarynda gowaça meýdanlarynyň gapaklandygyny habar beripdi.

Mary welaýatynda gowaça ekişine 26-njy martda resmi derejede badalga berildi.

Welaýatyň pagtaçylary bu ýyl 165 müň gektarlyk ýerden 313 müň tonna pagta hasylyny ýygnamaly edildi.

Sakarçäge etrabyndaky gowaça meýdanlaryna aýlanan çeşmämiz gowaça ekýän kärendeçi daýhanlaryň suw, tehnika we dökün ýetmezçiliginden şikaýat edýändiklerini aýdýar.

“Yssy howa ýetişen gowaçanyň gunçasyny dökdi” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýöne onuň maglumatlaryna görä, ekin meýdanlarynda gunçalap oturan gowaçalary hem görmek bolýar.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda gunçalan gowaça meýdanlary.
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda gunçalan gowaça meýdanlary.

Sakarçäge etrabynda ýylda 40 müň tonna pagtany gaýtadan işlemäge ukyply pagta arassalaýjy kärhana bar.

Halkara hukuk toparlary pagta önümçiliginde türkmen hökümetiniň mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edýärler.

Beýleki tarapdan, türkmen hökümetine ugurdaş habarlary çap edýän business.com.tm saýty Türkmenistanda öndürilen pagta önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna, şol sanda Birleşen Ştatlara eksport edilýändigini habar berýär.

Neşiriň golaýda çap eden habarynda Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat we Seýdi şäherlerindäki hem-de Halaç etrabyndaky pagta egirme fabriklerinde öndürilen nah ýüplüklere ABŞ, Kanada, Wengriýa, Türkiýe, Ukraina, Russiýa ýaly ýurtlaryň “uly isleg bildirýändigini” aýdýar.

Bir tarapdan, hökümetçi neşir beýleki käbir ýurtlar bilen bir hatarda, Birleşen Ştatlaryň türkmen pagtasynyň önümlerine isleg bildirýändigini aýdýar, ýöne beýleki tarapdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagyna esaslanyp, 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizipdi.

Birleşen Ştatlaryň Gümrük gullugynyň türkmen pagtasynyň importyna girizen gadagançylygyndan 6 aý soň, 2018-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň döwlet metbugaty ABŞ-nyň “Amazon” we “Walmart” ýaly söwda kompaniýalarynyň türkmen pagtasyndan öndürilýän önümleri sarp edijilere ýetirýändigini habar berdi.

Türkmenistan 2019-njy ýylda ýurt boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG