Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň gowaça meýdanlarynda gowaçalar gunçalaryny döküp başlady. WIDEO


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde pagtaçy kärendeçiler gowaça ideg etmek işleriniň üpjünçiligi bilen bagly problemalardan şikaýat edýärler.

Azatlyk Radiosynyň Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary regionlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işlerini talaba laýyk berjaý etmäge doly mümkinçilikleriniň ýokdugyny habar beýärler.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden habarly çeşmesi regionyň käbir gowaça meýdanlaryna aýlanyp, daýhanlar bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň sözlerine görä, kärendeçiler gowaçalaryň idegi bilen bagly üpjünçilik işleriniň ýerine ýetilişinden şikaýat edýärler.

Maryly çeşme häzirki günlerde gowaçalaryň gunçalaryny döküp başlandygyny habar berdi.

Çeşmämiziň 17-nji awgustda Azatlyk Radiosyna Mary welaýatynyň gowaça meýdanlaryndan iberen suratlarynda we wideo şekillerinde ine-gana ösüp bilmedik, haşal otlar bilen gurşalan gowaça meýdanlaryny, şeýle-de gunçalaryny döken gowaçalary görmek bolýar.

Maryly çeşme gowaça meýdanlaryna derman sepmek işlerine badalga berlendigini aýdýar.

16-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan bir oba hojalyk hünärmeni gunçalaryny dökýän gowaçalar barada şeýle maglumat berdi:

“Öňki ýyllarda gowaçalar diňe suwsan halatynda, suwy gijigende gunçalaryny döküp başlardy.” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran maryly agronom aýtdy.

Mary welaýatynyň etraplarynyň biriniň gowaça meýdanlarynda 17-nji awgustda düşürilen wideoda gunçalaryny dökýän, heniz köreklemedik gowaçalary görse bolýar.

Dowamlylygy 2 minutlyk wideoda çeşmämiz gowaçalaryň arasynda aýlanyp, hatar aralaryna dökülen gowaça gunçalaryny surata alýar.

Maryda gowaçalar gunçasyny dökýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:55 0:00

WIDEO: Maryda gowaçalar gunçalaryny dökýär

Onuň iberen suratynda ine-gana ösüp bilmedik, haşal otlar bilen gurşalan gowaça meýdanlaryny hem görmek bolýar.

Türkmenistanyň käbir regionlarynda, şol sanda Mary welaýatynyň käbir künjeklerine şu ýylyň aprel aýynda güýçli sil geldi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary sil netijesinde gapaklan käbir gowaça meýdanlarynda ekiş işleriniň ikinji gezek geçirilendigini habar berdiler.

Mary welaýatyndaky çeşmäniň iberen ikinji suratynda gowaça meýdanlaryndaky mör-möjekleri görmek bolýar.

16-njy awgustda TDH häzirki döwürde welaýatlarda gowaçanyň hatarara bejergisi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýändigini öňe sürüp maglumat çap etdi.

Mary welaýatynyň gowaça meýdanlarynda düşürilen surat
Mary welaýatynyň gowaça meýdanlarynda düşürilen surat

Ýöne 16-njy awgustda Daşoguz welaýatyndan maglumat iberen habarçymyz ençeme kärendeçiniň sözlerine salgylanyp, gowaçalara mineral dökün üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň aradan aýrylmaýandygyny habar berdi.

Gowaça meýdanlaryndaky mör-möjekler. 17-nji awgust. Mary welaýaty
Gowaça meýdanlaryndaky mör-möjekler. 17-nji awgust. Mary welaýaty

“Biz tarapda gowaçalary suwarmaga suw ýetmeýär. Munuň üstesine gurçuk kebelegi hem köpeldi. Mineral dökünler bilen üpjünçilik meselämiz hem çözülmän galýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen daşoguzly kärendeçi Radio bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Halkara hukuk guramalary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG