Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda köne okuw egin-eşikleri satylýan ‘Utul bazar' meşhurlyk gazanyp başlady


Aşgabatda täze okuw geýimleri we esbaplary satylýan mekdep bazarlarynyň biri. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda täze okuw geýimleri we esbaplary satylýan mekdep bazarlarynyň biri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň Daşoguz welaýatynda okuw geýimlerini we esbaplaryny köne harytlaryň satylýan bazaryndan satyn alýan raýatlaryňbarha köp göze ilýändigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy bu ýagdaýa il arasynda “Utul bazar” diýlip atlandyrylýan we köne egin-eşik satylýan bazardaky gyzgalaňly söwdanyň şaýatlyk edýändigini aýdýar.

“Mundan ozalky ýyllarda bu bazarda ýek-tük adamy görse bolýardy. Häzirki wagt bu bazar adamdan doly diýsek-de boljak. Bu ýerdäki ene-atalaryň köpüsi iki-üç çagaly eli ýuka maşgalalardyr. Olaryň uly bazarlardaky mekdep geýimlerini almaga maddy güýji ýetmeýär. Meniň söhbetdeş bolan ene-atalarymyň ençemesi özleriniň aýlygynyň gündelik azyk zerurulyklaryna zordan ýetýändigini aýdyp, çagalaryny köpçülikden kem etmejek bolup, olara ‘Utul bazardan’ öň geýlen geýimleri satyn alýandyklaryny aýtdylar” diýip, çagasynyň elinden tutup, bazarda aýlanyp ýören ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy 20-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu bazarda öň gurply maşgalalaryň çagalary tarapyndan geýlen okuw geýimleri we esbaplary satylýar. Bu okuw geýimleri we esbaplary täze harytlardan ortaça üç-dört esse arzan nyrhdan bahalanýar.

Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” telekanaly “ýurduň ähli ýerlerinde guralan mekdep bazarlarynyň işläp başlamagynyň körpelerde aýratyn şatlyk duýgylaryny döredýändigini” aýdyp, bu bazarlarda harytlary satyn alýan gowy geýnüwli ene-atalaryň we çagalaryň wideosyny köpçülige ýetirdi.

Bellemeli ýeri, türkmen telewideniýesiniň wideoşekillerinde bazarlarda “söwdanyň işiniň gyzgalaňly dowam edýändigi” aýdylsa-da, söwda dükanlarynyň we nokatlarynyň töweregi gum-guklyk ýaly bolup görünýär. Ol ýerde diňe sanlyja ene-atany we çagany görse bolýar. Şeýle-de, olaryň kameranyň öňünde özüni alyp baryşlary bu sahnalaryň öňünden guramalaşdyrylyp taýýarlanan bolmagynyň ähtimaldygy barada pikir hem döredýär.

“Altyn Asyr” telekanalynyň 19-njy awgustda köpçülige ýetiren bu wideo reportažy Aşgabadyň dükanlarynyň okuw geýimlerini alyjylara indi karz görnüşinde satyp başlandygy barada garaşsyz neşirde çykan habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 15-nji awgustda çap eden habaryna görä, söwda merkezleriniň işgärleri mekdep üçin harytlary karz satyn almak boýunça bu täze mümkinçilik baradaky bildirişleri ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde asýarlar.

Neşiriň maglumatyna görä, söwdegärler öz harytlaryny rassroçka, ýagny wagty bilen bölekleýin tölemek usulyny ulanmak bilen alyjylaryň az bolmagy we ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmegi sebäpli gowşan söwdasyny janlandyrmak isleýärler.

Mundan bir gün soň, 16-njy awgustda Mary welaýatynda ene-atalaryň okuw geýimleri we esbaplary üçin çykdajylaryndan başga-da, orta mekdepleriň käbirinde dürli maksatlar üçin ýygnalýan puly hem bermäge mejbur bolýandygy mälim boldy.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy bu pul serişdesiniň mekdeplere Baýdak, prezidentiň portretini, dokument salynýan bukjalary hem-de beýleki esbaplary satyn almak üçin 11-nji klas okuwçylardan ýygnalýandygyny we onuň adam başyna 400 manada barabardygyny aýtdy.

1-nji ýanwardan başlap Türkmenistanda ortaça aýlyk haky 800 manada barabardyr. Bu resmi kursdan $228, “gara bazaryň” nyrhynda ortaça $45 deňdir.

Geçen ýylyň awgust aýynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary bir çaganyň okuw geýimleriniň we esbaplarynyň minimal bahasynyň 600 manat töwereginde bolandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG