Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky toýa edilen hüjümde ölenleriň sany 80-e ýetdi


Ýaş oglan Kabuldaky toýa edilen hüjümde ölen doganynyň matamyny tutýar. 18-nji awgust, 2019 ý.
Ýaş oglan Kabuldaky toýa edilen hüjümde ölen doganynyň matamyny tutýar. 18-nji awgust, 2019 ý.

Geçen hepde Owganystanyň paýtagty Kabulda toý dabarasyna janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde ölenleriň sany 80-e ýetdi diýip, 21-nji awgustda ýokary derejeli owgan resmileri maglumat berdiler.

17-nji awgustda amala aşyrylan hüjümde ölenleriň başdaky sany 63-e deň bolupdy; emma, soňy bilen ýaralananlaryň käbiri keselhanada ýogaldy diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahimi mälim etdi.

“Ýene-de 17 adam ýaralary sebäpli keselhanada aradan çykdy. 160 töweregi adama entegem ýa keselhanada ýa-da öýlerinde bejergi berilýär” diýip, Rahimi sözüne goşdy.

Kabulyň günbatar tarapyndaky toý mekanyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistiki topar öz üstüne aldy.

Partlama musulmanlaryň Eid al-Adha baýramçylygy soňlanandan birnäçe gün soň, Owganystanyň garaşsyzlygynyň 100 ýyllygynyň bellenmeginiň öňüsyrasynda boldy.

Bu şu ýylyň dowamynda Kabulda amala aşyrylan 17-nji hüjüm boldy. Hüjümlerde azyndan 193 adam öldi, başga-da 900-e golaýy ýaralandy.

Hüjüm ABŞ-nyň “Talyban” topary bilen Owganystandaky 18 ýyla golaýlan konflikti soňlamak üçin ylalaşyga ýakyn gelendigi aýdylýan wagtynda boldy.

XS
SM
MD
LG