Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewiň sudy Poroşenko, Klimkine garşy derňew geçirmek barada höküm çykardy


Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Petro Poroşenko (çepde) we daşary işler ministri Pawlo Klimkin (sagda) NATO-nyň baş sekretary Ýens Stolteberg bilen 2015-nji ýylda Lwowda gepleşikleri geçirýär.
Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Petro Poroşenko (çepde) we daşary işler ministri Pawlo Klimkin (sagda) NATO-nyň baş sekretary Ýens Stolteberg bilen 2015-nji ýylda Lwowda gepleşikleri geçirýär.

Kiýewiň sudy Ukrainanyň Korrupsiýa Garşy Milli Býurosynyň ýurduň ozalky prezidenti Petro Poroşenko we öňki daşary işler ministri Pawlo Klimkine garşy, häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary boýunça, derňewe başlamagy barada höküm çykardy.

Suduň bu baradaky karary 21-nji awgustda Kiýewiň Solomýanka etrap sudunyň websaýtynda çap edildi. Onda hökümiň şikaýata degişli däldigi hem bellenilýär.

Poroşenko we Klimkine bildirilýän aýyplamalaryň jikme-jikleri aýan edilmeýär.

Soňky hepdeleriň dowamynda Poroşenko salgyt galplygy işi boýunça Derňewler boýunça Döwlet Býurosy tarapyndan iki gezek sorag edildi.

Aprelde Poroşenko prezidentlik saýlawlarynda Wolodymyr Zelenskiýden ýeňlişe sezewar bolupdy.

XS
SM
MD
LG