Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM daşary ýurtlarda okaýan türkmenlerden 'şugulçy bolmagy' talap edýär


Türkiýede okaýan türkmenler (illýustrasiýa suraty)

"Türkmenistanyň alternatiw habarlary“ neşiriniň maglumatyna görä, daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen studentleri tomus kanikulyna baranda, howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan "söhbetdeşlige“ çagyrylýar we olaryň beýleki talyplar barada edil şugulçy ýaly maglumat bermegi talap edilýär.

Читайте также на русском

Azatlyk radiosy bilen gürrüňdeş bolýantürkmen studentleri hem şeýle ýagdaýy her tomus kanikulynda we dürli saý-sebäp bilen Türkmenistana baranlarynda başdan geçirýändiklerini tassyklaýarlar.

Özüni "Aman“ diýip tanadan we häzir Türkiýede aspiranturada okaýan türkmen studentiniň aýtmagyna görä, ol we tanyş talyplary Türkmenistana her gezek baranda ýokarda agzalan ýagdaýa duş gelýärler.

"Beýleki ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň arasynda ýagdaý nähili, anyk aýdyp biljek däl, ýöne Türkiýedäkileriň arasynda ýörite ilçihana tarapyndan bellenen wekiller bar, ýagny olar gündelik durmuşda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda bolup geçýän hadysalary komitete ýetirip durlar. Türkiýede okaýanlar öz aralarynda ilçihana tarapyndan ýörite bellenen talyp wekilleriniň kimdigini gowy bilýär we şonuň üçin hem hemişe ätiýaçly hereket edýärler” diýip, Aman aýdýar.

“Meniň pikirimçe, bu ýerde howpsuzlyk gullugynyň işgärleri ýa studentleriň arasyndaky "öz adamlaryna“ ýagny "öz şugulçylaryna“ ynanmaýar ýa-da olaryň berýän maglumatlaryny başga studentlere tassyklatmak isleýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soň Aman gürrüňini dowam etdirip, Türkmenistanda soňky gezek baryp-gaýdanda hem ýerli howpsuzlyk edarasyna çagyrylandygyny gürrüň berdi.

"Häzir bizi gyzyklandyrýan maglumatlary sorajak welin, çynyňy aýt. Sebäbi biz barybir hemme zady bilýäris. Diňe seniň "Patriot“ (watansöýer) bolup-bolmandygyňy synamak isleýäris. Aňyrda kimler bilen gatnaşýarsyň? Kwartirada bolýaňmy ýa-da umumy ýaşaýyş jaýynda? Özüň ýaly türkmen talyplaryndan kimleri tanaýarsyň we olaryň ýagdaýlary barada jikme-jik maglumat beräýseň? Talyplara sponsor bolýan ýurtlar, fondlar ýa-da jemgyýetler barmy? Daşary ýurtlardaky syýasy hereketler bilen araňyz nähili? Sosial mediadaky materiýallar bilen gyzyklanýaňyzmy we teswir ýazýaňmy? Talyplaryň ýaşaýşy we Türkmenistandaky ýagdaýlar barasynda media maglumat berýän ýa-da şeýle habarlara teswir ýazýan studentleri bilýäňmi? Watanyňy, halkyňy söýýän bolsaň, bilýän maglumatlaryňy biziň bilen paýlaşmaly. Bolmasa maşgalaň Türkmenistanda nädip asuda ýaşap biler? Türkiýede okuwyňy tamamlap geleniňde, komitetde işläp bilersiň diýdiler“ - diýip, türkmen talyby Aman Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň howpsuzlyk gullugynyň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna anonim görnüşde düşündiriş berýän käbir işgärleri soraga diňe radikal dini toparlar bilen ilteşikli studentleriň çagyrylýandygyny nygtap, talyplardan başga ugurlarda maglumat almaga mätäçlik çekilmeýändigini öňe sürýärler.

Emma muňa garamazdan, GDA we ÝB ýurtlarynda bilim alýan türkmen studentleriniň köpüsi Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, Türkmenistana baranlarynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň "gürrüňdeşlige“ çagyryp, beýleki studentler barasynda maglumat almak üçin dürli basyşlar bilen synanyşyk edýändigini, şol bir wagtyň özünde-de "bile işleşmek“, ýagny "şugulçylyk“ teklibini hem hödürleýändigini tassyklaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG