Demonstrasiýaçylar Kremliň birnäçe kilometr uzaklygyndan ýöriş edip baryşlaryna el çarpdylar we “Orsýet azat bolar!” we Şa ýok bolsun!” diýip gygyrdylar.
Öňdebaryjy oppozisiýa şahsyýeti we ýöriş guramaçylarynyň biri bolan Lýubow Sobol “Syýasy tussaglara azatlyk” diýen şygara gygyrýan adamlaryň öňüni çekdi.
Rus oppozisiýa aktiwistleri, häkimiýetleriň ygtyýar bermekden ýüz öwürmegine garamazdan, paýtagtda ýene bir ýygnanyşyk geçirip, Moskwa polisiýasy bilen uly gapma-garşylyga girjege meňzeýär.
31-nji awgustda teklip edilen protest aksiýasy aktiwistleriň paýtagt häkimiýetlerine şäher geňeşiniň ýetip gelýän saýlawlary babatda basyş görkezmek tagallalarynyň çäginde guraljak bolýan tapgyrlaýyn demonstrasiýalaryň soňkusy bolup durýar.
Hepdelik protestler başda iýulda, saýlaw resmileriniň liberal kandidatlary 8-nji sentýabrda Şäher dumasyna geçiriljek saýlawlar üçin hasaba almakdan ýüz öwürmekleri netijesinde başlandy.
Başdaky ýygnanyşyklara onlarça müň adam çykdy we olar ýurtda 2012-nji ýyldan bäri görlen iň uly halk demonstrasiýalary boldy.
Polisiýa häkimiýetler tarapyndan “bikanun köpçülikleýin toplanyş” diýlip atlandyrylan demonstrasiýalaryň birnäçesini zorluk bilen dargatdy.
2 müňden gowrak adam tussag edildi, adamlaryň käbiri protestden öň, öňünden gaçmak arkaly tutulyp saklandy we bu ýagdaýlar halkara ýazgarmalaryna alyp geldi.
31-nji awgustdaky ýygnanyşykdan öň hem eýýäm birnäçe oppozisiýa lideri, şol sanda saýlawlara kandidat bolmak tagallasyny edýän Ilýa Ýaşin hem tussag edildi.
Ol 28-nji awgustda, şol bir aýyplamalar esasynda dördünji 10 günlük tussaglyk möhletini tamamlan badyna tussag edildi.
Lýubow Sobol, aklawçy we tanymal oppozisiýa lideri aktiwistleriň ýygnanyşyk geçirilmegine rugsat sorap ýazan hatlarynda ýygnanyşyk üçin üç ýeri teklip edendiklerini, emma olaryň ählisiniň ret edilendigini aýtdy.
Häkimiýetler alternatiw ýer hem teklip etmediler, bu ýerli kanunçylyga ters gelýär diýip, Sobol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de ol Şäher geňeşini “prowokasiýalara baş urmagy hem-de moskwalylary äsgermezligi bes etmäge, ýygnanyşmak we pikir beýan etmek hukuklary azatlygynyň üpjün edilmegine” çagyrdy.
Şu aralykda, protestleriň öňüsyrasynda, şäheriň Baş prokuraturasy ygtyýar berilmedik islendik protest aksiýasy üçin Sobolyň jogapkaärçilige çekilip bilinjekdigini aýtdy.
Oňa “kanunyň bozulmagyna ýol berilmejekdigi we, eger-de kanun bozulsa, ýuridiki jogapkärçilik çekjekdigi kakynda duýduryş berildi” diýip, "Interfaks" habar gullugy ady aýdylmadyk sözçiniň aýdan sözlerini sitirledi.
“Ygtyýar berilmedik jemgyýetçilik çäresini gurnamak-da, oňa gatnaşmak-da, ikisi hem kanun esasynda jeza berilmegine degişli” diýip, sözçi aýtdy.
31-nji awgustdaky protest ýygnanyşygynyň iýulyň aýagynda we awgustyň başynda guralan ýygnanyşyklar ýaly köp adam çekjegi belli däl. 10-njy awgustdaky protest çäresine tas 50 müň çemesi adam gatnaşdy.
Soňky hepde ahyrlarynda geçirilen protestlere az adam geldi we bu ýagdaý oppozisiýa liderleriniň orta gatlak orsýetlileriň goldawyny ýitirýändigi baradaky pikirleriň aýdylmagyna getirdi.