Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sobol: Putin biziň tutuş ýurdumyzy öldürýär


Oppozisýa aktiwisti Lýubow Sobol

Polisiýa Moskwadaky oppozisiýa ýygnanyşygynda demonstrasiýaçylary gazaply urup-ýençdi we 800-den gowrak adamy tussag etdi.

3-nji awgustda, häkimiýetler ygtyýar berilmedik ýygnanyşygy togtatmak üçin “zerur bolan ähli çäräni görjekdigini” duýdurandan soň, Moskwada bolan demonstrasiýada pitnä garşy polisiýa tarapyndan 800-den gowrak adam, şol sanda tanymal oppozisiýa aktiwisti tussag edildi.

Polisiýa rus paýtagtynda şuňa meňzeş ýygnanyşykda 1300-den gowrak adamy tussag edeninden bir hepde soň guralan ygtyýar berilmedik oppozisiýa ýygnanyşygynyň öňünden, Moskwada saýlawlaryň azat geçirilmegini talap etmek üçin protest bildiriljek ýerlerde pitnä garşy polisiýanyň ýüzlerçe ofiseri ýerleşdirildi.

Garaşsyz syýasy gözegçi bolan OVD-Info 828adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Polisiýa rus paýtagtyndaky protestçileri urup-ýençýär, tussag edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Tanymal oppozisýa aktiwisti Lýubow Sobol öz syýasy edarasyndan çykanda, polisiýa tarapyndan tussag astyna alyndy.

Üç hepde bäri açlyk yglan edýän we häzirki protest tolkunlarynyň guramaçysy bolan Sobol taksili protest meýdanyna barmaga synandy. Emma polisiýa ony taksiden zor bilen düşürip, polisiýanyň awtoulagyna dykyp, alyp gitdi.

Rus polisiýasy oppozisiýa aktiwisti Soboly protestden öň tussag etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

AÝ/AR-nyň “Current Time” telewizion kanalynyň habarçysy Timur Olewski rus oppozision aktiwisti Lýubow Sobol bilen 3-nji awgustda, ol Moskwadaky syýasy edarasyndan çykanda polisiýa tarapyndan tussag edilmezinden sähel öň söhbetdeş boldy.

"Adamlar [köçelere] meniň üçin ýa başga biri üçin çykmaýarlar, olar muny özleri üçin edýärler. Olar öz syýasy wekilleriniň saýlawlara gatnaşanyny görer ýaly bolmak isleýärler” diýip, Lýubow Sobol žurnalist bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Adamlar diňe idea üçin çykýarlar. Olar pul ýa-da kimdir başga biri üçin taýak bilen ýüzbe-ýüz bolmazlar. Adamlar muny özleri üçin edýärler” diýip, aktiwist sözüniň üstüni ýetirdi.

Sobol “Sizden açlygy bes etmegi soramadylarmy? [Moskwanyň] şäher geňeşinden size telefon eden bolmadymy” diýen soraga “Ýok, maňa şäher geňeşinden hiç wagt jaň eden bolmady” diýip jogap berdi.

Ýöne ol “garyndaşlaryňyzdan başga hiç kim sizden açlygy bes etmegiňizi haýyş etmedimi” diýlip berlen soraga bir gezek saýlaw komitetiniň başlygy Ella Pamfilowanyň şeýle haýyş bilen ýüz tutandygyny aýdyp jogap berdi. Emma muňa garamazdan, ol muny “uly ikiýüzlülik” hasaplaýar we Pamfilowa jogap bermekden saklanandygyny aýdýar.

Žurnalistiň “Siz özüňizi öldürýändigiňize düşünýärsiňizmi?” diýip beren soragyna Sobol: “Ýok, men özümi öldürýändirin öýtmeýärin. Men özümiň ynanýan işimi edýärin. Özem men dogry iş edýändigime ynanýaryn. Men [prezident Wladimir] Putin biziň tutuş ýurdumyzy öldürýär diýip hasaplaýaryn, bu diňe haýal ölüm” diýip jogap berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG