Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zimbabwäniň ozalky prezidenti Robert Mugabe 95 ýaşynda aradan çykdy


Robert Mugabe, 2018-nji ýyl, arhiw suraty
Robert Mugabe, 2018-nji ýyl, arhiw suraty

Garaşsyz Zimbabwäniň ilkinji premýer-ministri, soňra prezidenti bolan, 40 ýyla golaý dolandyryşynda ýurdy garaşsyzlykdan kleptokratiýa getirmekde tankytlanan Robert Mugabe 95 ýaşynda aradan çykdy.

Ol aprelden bäri Singapurda bir hassahanada bejergi alýardy.

Mugabe 2017-nji ýylda, 37 ýyl häkimiýet başynda bolandan soň, harby döwlet agdarylyşygy netijesinde prezidentlikden çetleşdirildi.

Onuň dolandyryşynyň başky ýyllarynda ýurduň garaýagyz köplügi üçin saglyk hyzmatlarynyň we bilim almak mümkinçilikleriniň elýeterliligi ýokarlandy, emma soňky ýyllarda ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagy, korrupsiýa hadysalary köpeldi.

Mugabe 1980-nji ýylda, Zimbabwe Birleşen Patyşalykdan garaşsyz bolandan soň geçirilen ilkinji saýlawlarda ýeňiş gazanyp, garaşsyz Zimbabwäniň ilkinji premýer-ministri boldy. Soňra, 1987-nji ýylda ol bu wezipäni ýatyrdy we oňa derek prezident boldy.

Mugabe 1924-nji ýylyň 21-nji fewralynda Rhodeziada, akýagyz azlyk tarapyndan dolandyrylýan britan koloniýasynda doguldy.

Ol 1964-nji ýylda Rhodeziadaky hökümeti tankytlandan soň, sud edilmezden on ýyl ýyl gowrak tussaglykda saklandy.

1973-nji ýylda, heniz türmede wagtynda, Mugabe Zimbabwe Afrikan halk bileleşiginiň prezidenti wezipesine saýlandy, ol bu birleşigiň dörediji agzasydy.

Mugabe türmeden boşadylandan soň Mozambige gitdi we şol ýerden Rhodezianyň içine partizançylyk reýdlerini gurnady. Şonuň bilen bir wagtda-da ol başarnykly gepleşik geçiriji hökmünde tanaldy.

Netijede, krizisi soňlamak üçin syýasy ylalaşyklara gelinmegi bilen, täze, garaşsyz Zimbabwe respublikasy döredildi.

Emma onlarça ýyl häkimiýet başyndan bolansoň, Mugabäniň halkara abraýy peseldi we ony diktator hökmünde häsiýetlendirýän tankytçylar köpeldi.

Ol 2000-nji ýylda ilkinji gezek çynlakaý syýasy oppozisiýa bilen ýüzbe-ýüz boldy we garaýagyzlara bermek üçin akýagyz fermerleriň daýhan hojalyklaryny ellerinden aldy. Bu ykdysady kynçylyklary köpeltdi, emma onuň goldawçylarynyň arasyndaky meşhurlygyny ýokarlandyrdy.

Şol döwürlerde Mugabäniň tarapyny tutýan milisiýa, syýasy netijelere täsir ýetirmek üçin, zorlukly usullary ulandy.

2008-nji ýylda, haçanda ol prezident saýlawlarynyň ilkinji tapgyrynda ýeňlende, oppozisiýa edilen hüjümler onuň syýasy garşydaşynyň syýasy bäsleşikden çekilmegine getirdi.

Mugabe özüni wezipesinden diňe hudaýyň aýryp biljekdigini aýtdy.

Emma 2009-njy ýylda, ykdysady çökgünlik netijesinde, ol bäsdeşi Morgan Tsvangiraý bilen, premýer-ministr hökmünde, häkimiýeti bölüşmäge mejbur boldy.

2017-nji ýylda, öz aýaly Greýsi ornuna goýmak tagallalary zerarly, Mugabe öz uzak wagtlyk ýaranlaryny – harbylary özüne garşy goýdy, olar ony wezipesinden çekilmäge mejbur etdiler.

XS
SM
MD
LG