Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwisti Gaspar Matalaýew türmeden çykdy


Türkmen aktiwisti Gaspar Matalaýew
Türkmen aktiwisti Gaspar Matalaýew

Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy çykyş eden aktiwist Gaspar Matalaýew üç ýyllyk tussaglykdan soň 6-njy sentýabrda türmeden çykdy. Bu barada Turkmen.news neşri habar berýär.

"Ol kanuna gabat gelmeýän üç ýyla çeken nädogry tussaglyk möhletini başdan geçirdi. Häzir aktiwist öz öýünde ýakynlarynyň arasynda" diýip, neşiriň 6-njy sentýabrda çap eden maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistanda pagta ýygymda mejbury zähmetiň ulanylmagy barada garaşsyz barlag geçiren Gaspar Matalaýew 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabryndan 5-nji oktýabra geçýän gijesinde öz öýünde Türkmenabatda tussag edilipdi.

Gaspar Matalaýewiň tussag edilmegi, onuň şol ýylyň pagta ýygym kampaniýasynyň dowamynda çaga zähmetiniň giňden ulanylmagy barada taýýarlan reportažynyň çap edilmeginiň iki gün yzýanyna gabat gelipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Gaspar Matalaýewiň tussaglygyny syýasy matlaply hasap edýärler we onuň üstüni açan maglumatlarynyň türkmen hökümetiniň ýyllarboýy pagta ýygyma onlarça müň raýaty mejbury çekmek we olara jezalandyrmak haýbaty bilen pagta ýygdyrmak hereketlerine ünsi çekmäge ýardam berendigini aýdýarlar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Gaspar Matalaýewiň tussaglygyny eden-etdilikli atlandyrdy we Türkmenistandan "Gaspar Matalaýew ýaly pagta ýygymda mejbury zähmetiň ulanylyşyny hasaba almak boýunça iş alyp barýanlara" zorluk görkezmegi, gynamalary we tutha-tutluklary bes etmegi talap edipdi. Aktiwistiň tussag edilmeginiň Adam hukuklary boýunça ähliumumy deklarasiýanyň alty maddasynyň we Raýat hem syýasy azatlyklary baradaky halkara ylalaşygynyň dört maddasynyň bozulandygy aýdyldy.

Şeýle-de, BMG Türkmenistandan onuň tussag edilişini doly we garaşsyz derňemegi talap etdi.

22-nji maýda Gaspar Matalaýew Zähmet hukuklary boýunça halkara forumyň “Zähmet hukuklaryny goraýjy” sylagy bilen sylaglandy. Türkmen aktiwistine bu sylag onuň Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen bagly problemalary beýan edendigi üçin berildi. ​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

XS
SM
MD
LG