Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussag alşygy amala aşdy, boşadylan tussaglar Moskwa hem-de Kiýewe gelip gondy


Oleh Sentsow Kiýewe geldi.
Oleh Sentsow Kiýewe geldi.

Orsýet bilen Ukraina arasynda köp garaşylan tussag alyşmasynyň çäginde, 70 tussagy alyp gelýän uçarlar Moskwada we Kiýewde gondy.

Prezident Wladimir Zelenskiý we şatlykdan ýüzi gülýän mähelle Borispil halkara uçar menzilinde azat edilen 35 ukraianlylary garşy aldy.

Azat edilen ukrain tussaglaryny aeroportda prezident garşy aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00


Olaryň arasynda Kremli Krymy ele geçirmekde berk tankytlandan soň Orsýet tarapyndan gümürtik terrorçylyk aýyplamasynda aýyplanyp, 20 ýyl azatlykdan mahrum edilen ukrain kinorežissýory Oleh Sentsow, Orsýet tarapyndan Kerç bogazynyň golaýynda ýesir alnan 24 ukrain deňizçisi hem bar.


Moskwada, azat edilen 35 tussagyň arasynda RIA Nowostiniň žurnlaisti Krill Wişinskiý, ukrain raýaty Wladimir Tsemah dagy hem bar.

Tsemah 2014-nji ýylda gündogar Ukrainanyň asmanynda urlup ýykylan, üstündäki 298 adamyň hemmesi wepat bolan ýolagçy uçarynyň – Malaýziýanyň MH17 reýsiniň derňewi bilen bagly, halkara derňewçileriniň “gyzyklanýan adamy” bolup durýar.

Tsemahyň boşadylmagy, derňew hem-de onuň bu betbagtçylyk bolan pursatynda Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň howa-gorag bölüminiň ýolbaşçysy bolmagy sebäpli, aýratyn ynjyk mesele bolup göründi.

Ýewropa parlamentiniň 40 agzasy şu hepde, “esasy güman edilýän” atlandyryp, Ukrainany Tshemahy alşylýan tussaglaryň sanawyna goşmazlyga çagyrdy.

Ukrain prezidenti Tsemahyň Niderlandiýanyň bilelikdäki derňew toparynyň agzalary tarapyndan birnäçe sagatlap sorag edilenden soň Orsýete berlendigini, olaryň eýýäm gündogar Ukrainada urlup ýykylan uçar babatda oýnan roly üçin dört adama aýyp bildirendigini aýtdy.

Niderlandiýanyň daşary işler ministri Stef Blok 7-nji sentýabrda amala aşyrylan tussag alyşmasyndan soň Gollandiýanyň Ukrainadan “birnäçe gezek, iň ýokary derejelerde” Tsemahy Orsýete bermezligi sorandygyny aýtdy diýip, AFP habar berýär. Blok özüniň beýle karara gelinmegine “gynanandygyny” aýtdy.

Synçylar butussag alşygyna gündogar Ukrainada ukrain hökümet güýçleri bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan separatist güýçleriň arasynda barýan bäş ýyllyk urşy soňlamak üçin täze gepleşiklere başlanmak ähtimallygy hökmünde seredýärler.

Zelenskiý uçaryň gapdalynda duran ýerinden muny konflikti soňlamagyň "ilkinji ädimi" hökmünde häsiýetlendirdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa tussag alşygyna päsgel beren “prowokasiýalara” we beýlreki bökdençliklere garamazdan, ahyrynda onuň amala aşyrylandygyny aýtdy.

"Prowokasiýalara we beýleki obýektiw kynçylyklara garamazdan, ahyry bu iş başa bardy. Bu örän möhüm ädim. Meseleleri çözmek üçin, olary mümkin boldugyça çuňlaşdyrmagyň deregine, şu aýgytlylygy dowam etdirmeli. Syýasy erk we sitemalaýyn yhlasly işlemek netijesini berýär” diýip, ol aýtdy.

Alşylan tussaglaryň atlary we anyk sany bada-bat elýeterli bolmady.

XS
SM
MD
LG