Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýumurtgany duýdansyz, Maryda uny goşundyly we pagta ýagyny nobatly satýarlar


Türkmenistanda azyk bazary (arhiw suraty)

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda towuk ýumurtgasy satylyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary ýumurtganyň satuwda peýda bolup başlandygyny 11-nji sentýabrda habar berdiler. Emma olaryň sözlerine görä, dükanlar nobatlaryň döremezligi üçin gyt harydy birden, öňünden duýdurmazdan satyp başlaýarlar.

"Adamlaryň dessine nobata durýandygy we ýumurtgany 20 minuda ýetirmän gysga wagtda satyn alyp gutarýandygy sebäpli, [häkimiýetler] ýumurtgany duýdansyz satuwa çykarmagy oýlap tapdyrlar. Käwagt irden, käwagt agşam. Öňünden duýdurman satuwa çykarýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Dükanlarda ýumurtganyň söwdasynyň birden başlanyp, birden soňlanýandygyna garamazdan, Aşgabatda dükanlaryň öňünde uly nobatlar döreýär.

"Garryja adamlar uzak günläp dükanlaryň öňünde garaşyp durýarlar we ýumurtga satylyp başlansa öz garyndaşlaryna we tanyşlaryna jaň edýärler. Ýumurtga gysga wagtyň içinde hem gelýär, hem satylyp gutarýar" diýip habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ýumurtgany çäkli san bilen satýarlar. Her adam başyna ondan köp bermeýärler. Bir ýumurtga 0,5 manatdan satylýar. Onuň ozalky bahasy 35 teňňedi. Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda bahalar häkimiýetler tarpyndan kesgitlenýär.

Ýumurtganyň we beýleki azyk önümleriniň bazarlardaky hem döwlet dükanlaryndaky bahasy birnäçe esse ýokary. Hususan-da ýumurtga şu günler Aşgabatda 1,5 manada, Maryda 1-1,5 manat aralygynda satylýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň sözlerine görä, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň satylyp başlanmagy baýramçylygyň golaýlamagy bilen bagly. 27-nji sentýabrda Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyny belleýärler.

"Baýramçylygyň öňüsyrasynda häkimiýetler baýramçylyk duýgusyny döretmek üçin towuk ýumurtgasyny satuwa çykaryp başladylar" diýip, şäher häkimiýetlerine golaý çeşmämiz aýdýar.

Türkmenistanda ýumurtga gytçylygy geçen ýylyň dekabrynda başlanypdy we aprel aýynda güýçlenipdi. Soňky aýlarda towuk ýumurtgasy döwlet dükanlarynda yzygiderli satuwdan aýryldy, satylyp başlanan wagtynda uly nobatlar döredi, ýumurtga san taýdan çäklendirilip satyldy. Bahalar hem galýar, azygyň söwdasyna polisiýa gözegçilik edýär.

Şu günler Marynyň döwlet dükanlarynda hem ýumurtga ýok. Bu regionyň ýaşaýjylary unuň we pagta ýagynyň ýetmezçiligini hem duýýarlar.

Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, şu günler welaýatyň bazarlarynda unuň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 160 manada durýar. Ýerli ilat unuň ýene gymmatlamagyndan howatyrlanýar.

Döwlet dükanlarynda uzaga çeken arakesmeden soň un 5-nji sentýabrda ilata resmi taýdan kesgitlenen norma boýunça satylyp başlandy.

"Eger maşgalada iki adam bolsa olara her aýda döwlet bahasyndan 10 kilogram uny satyn almaga rugsat berýärler, onuň bäş kilogramyny ýerli undan berýärler, beýleki bäş kilogramyny hapa gara undan berýärler. Ol uny adamlar iýip bilmeýärler, onuň tagamy ajy, içinden kepek çykýar. Onuň daşyndan iki kilogram çüýrük almany almagy hem talap edýärler" diýip, 9-njy sentýabrda Azatlygyň Marydaky habarçysy aýtdy.

Habarçylarymyzyň ýene biri şu günler Maryda pagta ýagynyň hem gytalandygyny we döwlet dükanlarynyň köpüsinde satylmaýandygyny habar berdi.

"Şu gün Maryda gök bazaryň öňünde ir sagat 5:00-de pagta ýagyny almak üçin uly nobat döredi. Ýagy ir sagat 9:00-da satyp başladylar 5 litrlik gabyny 13 manada. Ol bir sagatda gutardy we köp adama ýetmedi" diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy 11-nji sentýabrda habar berdi.

Türkmenistanda azyk önümleriniň gytçylygy soňky iki ýylyň dowamynda dowamly saklanýar. Ýurduň ilaty çörek, un, şeker, tüwi, pagta ýagy we ýumurtga ýaly önümleriň gytçylygyny yzygiderli başdan geçirýär we olary uly nobatlarda durup satyn almaly bolýar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary uzaga çeken azyk krizisini resmi derejede boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG