Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda towuk ýumurtgasynyň, welaýatlarda unuň gytçylygy saklanýar


Döwlet dükanynyň öňündäki nobat, Aşgabat

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda henizem towuk ýumurtgasynyň gytçylygy dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň sözlerine görä, ýumurtga satuwda bolmasa-da, alyjylar gyt harydyň gelmegine garaşyp, dükanlaryň öňünde ýygnanmagyny dowam etdirýärler.

"Dükanlarda henizem satuwda ýumurtga ýok. Şu gün agşam Magtymguly şaýolundaky "Desse" döwlet dükanynda, ýumurtganyň satyljagy barada habar ýaýrady. Adamlar dessine üýşüp nobata durup başladylar. Gysga wagtda polisiýa gelip, ýygnanmazlygy talap etdi we märekäniň göze ilmezligi üçin adamlaryň daşrak ýerde garaşmagyny sorady. Emma ýumurtga getirilmedi" diýip, habarçymyz paýtagtda bolan ýagdaýlaryň biri barada 29-njy awgustda habar berdi.

Azatlyk Radiosyna gowşan wideoda Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň biriniň öňünde onlarça adam giç agşama çenli dükanyň öňünde nobatda durup garaşýar.

Paýtagtdaky habarçylarymyň biriniň sözlerine görä, polisiýanyň dargamak talabyna garamazdan, adamlar dükanyň ýapylmagyndan soň hem nobatda garaşmagyny dowam etdiripdir.

"Adamlar agşam sagat 10:30 çenli garaşdylar soň dargadylar. Emma nobatda duran adamlar öz nägileligini mälim etdiler, näme üçin biz Owganystana ynsanperwer kömegi üçin azygy, şol sanda ýumurtgany iberýäris, özlerimizi üpjün edip bilmeýäris" diýip, bu nobatda duran habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda ýumurtga gytçylygy aprel aýynda güýçlenipdi. Şondan bäri döwlet dükanlarynda ýumurtga çäkli san bilen diňe ertirlerine satyldy.

Türkmenistanda azyk önümleriniň gytçylygy 2017-nji ýylyň güýzünde başlandy. Şondan bäri ýurtda un, çörek, şeker, pagta ýagy, tüwi we ýumurtga ýaly esasy azyk önümleri döwlet dükanlarynda satuwdan yzygiderli aýrylýar. Satylan ýagdaýynda uly nobatlar döreýär, harytlar alyjylar çäkli möçberde satylýar.

Bazarlarda şol azyk önümleri has gymmat bahadan satylýar, harytlaryň nyrhynyň galmagy dowam edýär.

Şu günler welaýatlaryň ýaşaýjylary un gytçylygyndan kösenýärler.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň 29-njy awgustda aýtmagyna görä, döwlet dükanlarynda un satylyp başlan badyna gutaryp galýar, bazarlarda gymmatlaýar.

“Mary welaýatynda un gymmatlap başlady, geçen hepdede hususyýetçiler bir haltasyny 100 manada satan bolsalar, eýýäm şu gün ol 140 manada çenli gymmatlady. Döwlet dükanlarynda aýdyşlaryna görä, olara hepdäniň dowamynda 40-50 halta un gelýär, şonuň üçin ol hemmä ýetmeýär. Köpçülik hususyýetçilerden satyn almaly bolýar” – diýip, habarçymyz 29-njy awgustda Marydan habar berdi.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, regionda un gytçylygynyň uzak wagtlap saklanýan wagtynda mümkinçiligi bolan maşgalalar uny kimsi özi, kimsi satuw üçin, ätiýaçdan satyn alyp goýmaga synanyşýarlar.

“Unuň bolmajagy barada geçen hepdede gürrüň ýaýrady. Käbir maşgalalar 20-30 halta uny satyn alyp goýdular. Indi bolsa hususyýetçilerde-de un gytaldy. Uny ätiýaç üçin satyn alyp bilmedik maşgalalar bir-birinden uny karz alýarlar we döwlet dükanyndan alansoň gaýtarjagyny aýdýarlar” diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çörek 0,5 manat, unuň bir kilogramy 1 manatdan satylýar. Soňky iki ýylyň dowamynda bir adam başyna iki çörek, bir kilogram şeker, 3 kilogram tüwi we 5 kilogram un ýaly normalar girilipdi.

Azyk ýetmezçiligi oba ýerlerinde has ýiti duýulýar. Käbir obalarda ýaşaýjylaryň birnäçe günläp ýapyk dükanlaryň öňünde garaşmaly bolýandygy ençeme gezek habar berilipdi.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet habar serişdeleri ýurtdaky azyk gytçylygyny agzamaýarlar.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG