Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Twiplomatiýa": Resmi Aşgabat digital diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaýar


Illýustrasiýa suraty

Birleşen Milletler Guramasyna (BMG) agza 193 ýurduň hökümetleriniň 97 %-niň Twitter sosial ulgamynda resmi hasaplary bar, ýöne diňe alty ýurduň, ýagny Laosyň, Moritaniýanyň, Nikaraguanyň, Swazilandyň, Demirgazyk Koreýanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň Twitter ulgamynda resmi hasaby ýok diýip, halk bilen gatnaşyklary pudagynda global derejede iş alyp barýan düýbi Nýu-Ýorkdaky “Berson-Marstellar” kompaniýasy soňky çap eden “Twiplomatiýa” atly barlagynyň netijelerine salgylanýar.

Barlagda Twitter ulgamynda resmi hasaplar arkaly digital diplomatiýada işjeňlik gazanan döwlet adamlarynyň, syýasatçylaryň, hökümetleriň we halkara guramalaryň resmi hasaplary seljerilýär; olara sosial platformada eýerýänleriň sanlary deňeşdirilýär.

Ýöne “Twiplomatiýanyň” maglumatlaryna görä, Twitter ulgamynda Türkmenistanyň ne hökümet derejesinde, ne-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýa-da döwlet adamlarynyň hem-de syýasatçylaryň aýratynlykda resmi hasaplary bar.

Döwlet adamlarynyň, syýasatçylaryň we beýlekileriň Twitterde resmi hasap açmazlygy beýlede dursun, Twitteriň özi ýurtda petikli bolmagynda galýar. Türkmenistanda hökümet diňe bir Twittere däl, eýsem feýsubga (Facebook), ýutuba (YouTube), we beýleki käbir ýerli sosial platformalara, şol sanda habarlaşykda ulanylýan telefon tilsimlerine, watsaba (WhatsApp), Telegrama “müňkürlik edýär”, olary petikli saklaýar.

Şonda-da, maý aýynda Ženewada geçirilen halkara ýygnakda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýurtda sosial mediadan peýdalanýanlaryň sanynyň 2016-njy ýyldan bäri 180 % artandygyny aýdyp, ýurtda 25 müň adamyň Facebook sosial toruny işjeň ulanýandygyny, bularyň 24 %-niň her gün feýsbuga girýändigini öňe sürdi.

Türkmenistanda hökümet derejesinde geçirilýän ýygnaklarda ýurduň dürli pudaklaryny digitallaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy agzalyp geçilýär.

Geçen ýylyň noýabr aýynda döwlet baştutany Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlise we Ylymlar akademiýasyna ýurtda Internet we elektron ulgamlaryny ösdürmek boýunça ýörite “Internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” taslamasynyň maksatnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Muňa garamazdan, Türkmenistan dünýäde interneti iň ýiti çäklendirýän döwletleriň hatarynda galýar.

Birleşen Ştatlarda internet hyzmatlary boýunça ýöriteleşen “Akamai Technologies” guramasynyň dünýä ýurtlarynda internetiň ulanylyşy we elýeterliligi boýunça barlaglar esasynda noýabr aýynda çap eden hasabatynda, Türkmenistan öz ilatynyň Internet elýeterliligini 20 prosentden hem aşakda saklaýan ýurtlaryň arasynda agzalýar. Bu görkeziji dünýäniň ykdysady taýdan ösen we baý ýurtlarynyň köpüsinde 90 prosentden hem ýokarda bolup durýar.

“Twiplomatiýanyň” netijeleri barada aýdylanda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 52 million töweregi yzarlaýjysy bilen dünýäde Twitterde iň köp adamyň yzarlaýan resmi hasabyny ýöredýär. Trampdan soň rim papasynyň Twitterdäki hasaby iň köp yzarlaýjy çekýär. Maglumatda aýdylmagyna görä, hökümetler we syýasatçylar sosial platformadaky resmi hasaplary arkaly-da diplomatiýa ýöredýärler.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystanda, Özbegistanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda Twitter platformasy resmi derejede ulanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG