Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşy köçesinden ulagly geçýän zenanlara 'jeza' garaşýar


Türkmenbaşy şaýoly, Aşgabat
Türkmenbaşy şaýoly, Aşgabat

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabadyň polisiýasynyň aýallaryň köçelerden ulagly geçmegine kemsidiji gadagançylygyň bardygyny ilkinji gezek açyk mälim edendigini habar berýärler. Şeýle gadagançylyk hususa-da, paýtagtyň merkezindäki Türkmenbaşy şaýoluna, öňki Lenin köçesine degişli.

- Ulagly aýallary esasy köçäniň ugrunda köpçülikleýin saklap başladylar, bu ýerde hem prezidentiň köşgi, hem-de Olimpiýa şäherçesiniň merkezi binalary ýerleşýär. Aýallaryň awtoulaglaryny saklap, olary sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýarlar we ulaglaryny ýol gözegçilik polisiýasynyň Çoganlydaky merkezi edarasyna alyp barýarlar. Muňa 'dostawka' diýilýär - diýip, habarçymyz 16-njy sentýabrda habar berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, ýol gözegçilik polisiýasy gadagançylygyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edýär, köpçülige "sypmak" başartmaýar.

- PÝGG-niň awtoulaglary Türkmenbaşy köçesinde saklap bilmedik zenanlaryň köpüsini çyrasyny ýakyp, goňşy köçelerde yzarlaýar we yzyndan ýetýär. Emma adamkärçilikli polisiýa işgärleri hem duş gelýär. Olar aýallara "Lenin köçesinden" geçmeli däldigini, bolmada olaryň 'dostawka' ediljegini aýdýarlar" diýip, şeýle ýagdaýa duçar bolan sürüji zenanlar bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasynyň özünden kommentariý alyp bilmedi.

Aşgabatly zenanlar köçelerde saklanmagy, dürli bahanalar bilen sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy bilen şu ýylyň başyndan bäri köpçülikleýin häsiýetde ýüzbe-ýüz boldular. Şeýle-de, şondan bäri zenanlara sebäbi düşündirilmezden täze sürüjilik şahadatnamalary berilmeýär, möhleti geçen dokumentleri täzelenmeýär.

Azatlyk Radiosynyň PÝGG-niň işgärlerine salgylanyp, habar bermegine görä, zenanlaryň Türkmenbaşy şaýolundan geçmegine girizilen häzirki gadagançylyk sentýabrdan bäri ulanylýar, emma şeýle gadagançylygyň bolmagy barada köpçülik diňe köçede saklanan pursadynda bilip galýar.

​- Aýal sürüjileriň köpçülikleýin tutulan wagtynda polisiýanyň eline düşmän bagty çüwen zenanlar bu bikanun gadagançylyk barada eşitmändi, bu hiç ýerde çap bolmandy. Bu gadagançylyk sentýabryň başynda, 27-nji sentýabrda bellenjek Garaşsyzlyk gününiň öňýany işläp başlapdyr" diýiň, habarçymyz aýdýar.

​Türkmenistanyň häkimiýetleri ýylyň başyndan bäri awtoulagly zenanlar babatynda dowam etdirilýän çäklendirmeleri resmi derejede agzamaýar. Bu mesele milli habar beriş serişdelerinde gozgalmaýar.

Şol bir wagtda-da, zenanlaryň we erkek adamlaryň deň hukuklylygy Türkmenistanyň kanunlarynda kepil geçilýär.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG