Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda pagta ýagy gytalýar we gymmatlaýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda pagta çigidinden öndürilýän ýaglar birden öňküsinden 2 esse gymmatlady.

Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň bazarlarynda öňler 1 litri 6 manatdan bahalanan pagta ýaglary birden 11-13 manat aralygyna gymmatlady.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 23-nji sentýabrda habar berdi.

“Golaýda Ahalyň, Marynyň we Lebabyň bazarlarynda pagta ýagy gytalyp, birden gymmatlady. Öňler 1 litri 6 manat bolan pagta ýaglary häzir 11-13 manat aralygynda bahalanýar” diýip, habarçy bu gytçylyk we gymmatçylygyň ýurt raýatlarynyň arasynda pagta ýygym möwsümine gabat gelmegine soragly çemeleşilýändigini aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Russiýada öndürilen 1 litri öňler 13 manatdan bahalanan günebakar ýaglary indi 15-18 manat aralygynda satylyp başlandy.

“Şol sebäpden pagta ýagyna isleg artdy. Häzir adamlarda pul az bolansoň, bir manat hem bolsa, arzan haryda isleg bildirýär” diýip, habarçy sözüne goşdy.

19-njy sentýabrda Azatlygyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda arassalanmadyk pagta ýagynyň 1 litriniň 2 manat 60 teňňeden, hususy söwdada bolsa arassalanmadyk pagta ýagynyň litriniň 6 manatdan, arassalanan pagta ýagynyň 12 manatdan satylýandygyny habar beripdi. Ol pagta ýagynyň we beýleki käbir zerur iýmit önümleriniň Marynyň döwlet dükanlarynda seýrek tapdyrýandygyny, olary satyn almak üçin ýerli ýaşaýjylaryň ir ertirden döwlet dükanlarynyň öňünde nobata durmaga mejbur bolýandyklaryny aýdypdy.

Habarçynyň soňky maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda hereket edýän walýutanyň “gara bazarynda” 1 dollar 19 manat 20 teňňä deň bolup, bu ýagdaý daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň bahalarynyň az-kem gymmatlamagyna getirýär.

17-nji sentýabrda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtga, un ýa-da ösümlik ýagy ýaly günübirin ulanylýan azyk harytlaryň käte satuwa çykarylýandygyny, ýöne Lebabyň, Marynyň we Daşogzuň dükanlarynda beýleki käbir zerur iýmit önümleri bilen bir hatarda pagta ýagynyň tas satylmaýandygyny habar beripdi.

Şonda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bir işgäri gizlinlik şertlerinde beren maglumatynda Garaşsyzlygyň öňýanynda, ilki Aşgabady “azyk bolçulygy” bilen üpjün etmäge synanyşylýandygyny gürrüň beripdi.

Maryda pagta ýagynyň gytçylygy bilen bagly wakalary yzarlaýan ýerli habarçymyz 11-nji sentýabrda iberen maglumatynda, Mary şäherinde ýerleşýän Gök bazaryň öňündäki bir döwlet dükanynda pagta ýagyny satyn almak üçin ir sagat 5:00-de uzyn nobatlaryň dörändigini, sagat 9:00-da 5 litrlik gaby 13 manatdan satylyp başlanan pagta ýagynyň 1 sagadyň içinde satylyp gutarylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda pagta ýagynyň gytçylygy we gymmatçylygy boýunça Türkmenistanyň söwda resmileri düşündiriş bilen çykyş etmeýärler.

Türkmenistanda gündelik iýmit önümleriň, şol sanda pagta ýagynyň duýdansyz gytalyp gymmatlamagy ýurduň öňki söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowyň 4-nji sentýabrda wezipesinden boşadylyp, 13-nji sentýabrda korrupsiýa aýyplamalary esasynda döwlet telewideniýesinde görkezilmeginiň yzýanyna gabat gelýär.

Türkmenistan iki ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirip gelýär. Döwlet mediasy ýurtda bagtyýarlygyň we bolelinligiň höküm sürýändigini gaýtalaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG