Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlygyň öňüsyrasynda Aşgabatda 'haryt bolçulygy' döredi, hyrydar az göze ilýär


Azyk önümleri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlarynyň görnüşleri göz-görtele artdy we olaryň bahasy hem birneme arzanlady. Ýöne muňa garamazdan, ilatyň alyjylyk ukyby gaty pes, bazarlarda haryt satyn alýan adamlar juda az göz ilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Şu wagt baýramçylygyň hatyrasyna we halkyň ruhuny götermek hem-de hökümete ynam döretmek maksady bilen, Eýran döwletinden satyn alnan almany, armyty, şetdalyny we mango ýaly ekzotiki gök-bakja önümlerini halka satýarlar. ‘Teke bazarda’ kartoşkanyň 1 kilogramy 4,50 – 7 manat aralygynda satylýar. Mundan 10-15 gün ozal onuň 1 kilogramy 7-8 manat aralygynda bahalanýardy. Şonda onuň hili hem-de görnüşleri örän ýaramazdy” diýip, howpsuzlyk sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 13-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Habarçy käbir beýleki azyk harytlarynyň bahasy barada hem maglumat berip, 1 kilogram sogany 2,80 – 3,50 manat aralygynda satyn alsa bolýandygyny, mundan ozal onuň nyrhynyň 3,50 manatdan başlanandygyny hem belledi.

“Pomidoryň 1 kilogramy 3,50 – 5 manat aralygynda bahalanýar. Mundan öň onuň bahasy 5,50 manatdan başlanýardy. Hyýaryň 1 kilogramy 2,80 – 4 manat aralygynda bahalanýar. Öň onuň 1 kilogramyny iň arzan diýeniňde, 5 manatdan satyn alyp bolýardy” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy “Teke bazaryndaky” käbir beýleki azyk harytlarynyň şu günki bahalary barada hem maglumat berdi.

“Süýji-kökeleriň 1 kilogramy 20 – 50 manat aralygynda bahalanýar. Süýt-gatyk önümleriniň 1 litri 6 – 8 manat aralygynda satylýar. Süzmäniň 1 kilogramy 13 manada, gaýmagyň 0,5 litri 30 manada, etiň 1 kilogramy 25 manada, çylka etiň 1 kilogramy 32 manada, arassa süňküň 1 kilogramy 7 manada barabar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, bazarlarda azyk harytlarynyň görnüşleri artyp, olaryň bahasy birneme arzanladylan bolsa-da, harytlaryň hyrydary o diýen köp göze ilmeýär.

“Bazarlarda haryt satyn alyp ýören adam juda az. Sebäbi harytlar birneme arzanladylan bolsa-da, olar ilatyň aglabasynyň maddy güýç ýeterinden gymmat. Şol sebäpli adamlar diňe zerur bolan harytlary satyn alýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ýa-da Täze ýyl ýaly uly baýramçylyklaryň öň ýanynda, adatça, bazarlarda azyk harytlarynyň görnüşleri göz-görtele artýar, söwda tekjelerinden ýitirim bolan käbir önümler gaýtadan satuwa çykarylýar we olaryň bahasy birneme arzanladylýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bu azyk bolçulygynyň we arzançylygyň diňe sanlyja gün dowam edýändigini, baýramçylyklar geçenden soňra olaryň görnüşleriniň gaýtadan azalýandygyny we bahalarynyň hem ýene-de ýokarlanýandygyny aýdýarlar.

11-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň döwlet dükanlarynda towuk ýumurtgasynyň satylyp başlanandygyny, ýöne dükanlaryň nobatlaryň döremezligi üçin bu gyt harydy birden, öňünden duýdurmazdan satuwa çykarýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň regionlaryndaky döwlet dükanlarynda un, çörek gytçylygy hem ýiti derejede dowam edýär. Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy welaýatyň Oguzhan etrabynda unuň üstünde uruş-dawanyň, depeleşigiň hem bolandygyny habar berdi.

Türkmenistanda azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň fonunda,Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji sentýabrda ýurduň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowy “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG