Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident bugdaý planynyň ýerine ýetirilendigini aýdýar, gallaçylar şübheli garaýar


Illýustrasiýa suraty. Bugdaý.
Illýustrasiýa suraty. Bugdaý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet harmanyna tabşyrylandygy aýdylýan 1 million 650 müň galla hasyly mynasybetli türkmen halkyny gutlady.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky ýerli çeşmeleri hem-de habarçylary bu ýyl geçen ýyla garanyňda galla hasylynyň oňat bolandygyny aýdýar.

Beýleki tarapdan, ýurduň oba-hojalyk pudagyny yzarlaýan synçylar galla hasylynyň artykmajy bilen ýerine ýetirilendiginiň aýdylmagyna soragly çemeleşýär.

9-njy iýulda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri prezident Berdimuhamedowyň döwlet bugdaý planynyň ýerine ýetirilmegi mynasybetli türkmen halkyna, gallaçy kärendeçilere iberen gutlag hatyny köpçülige ýetirdi.

Golaýda Azatlyk Radiosynyň Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky habarçylary regionlarda bu ýyl galla hasylynyň geçen ýyl bilen deňeşdireniňde bereketli bolandygyny, ýöne ýurduň oba hojalygyny yzarlaýan synçylaryň we gallaçylaryň getirilýän resmi sanlara soragly çemeleşýändigini habar berdiler.

Türkmen metbugaty bu ýyl gallaçy kärendeçileriň 1 million 650 müň tonna bugdaý hasylyny döwlete tabşyrylandygyny habar berýär.

Geçen 2018-nji ýylda ýerli metbugat takyk san agzamazdan, 1 million tonnadan gowrak gallanyň döwlet harmanyna tabşyrylandygyny habar beripdi.

Geçen ýyl Türkmenistan bugdaý plan borçnamasyny dolup bilmedi.

Ýurt içindäki garaşsyz çeşmeler ygtybarly maglumatlara salgylanyp, geçen ýyl döwlete tabşyrylan gallanyň ýarym million tonnadan sähel gowrakdygyny habar beripdi.

Fewral aýynda “Hronika Türkmenistan” neşiriniň çeşmeleri Türkmenistanyň şol wagtky Oba we suw hojalyk ministrliginiň 2018-nji ýylyň bugdaý hasylyna degişli içerki hasabatlaryna salgylanyp, geçen ýyl ýurtda 538 müň tonna galla hasylynyň döwlet harmanyna tabşyrylandygyny habar berdi.

Synçylar ýurtda plan borçnamasy esasynda ýygnalýan bugdaý we pagta hasyllary döwlet harmanyna tabşyrylanda artdyryp ýazmalaryň giň ýaýrandygyny, munuň Sowet döwründen miras galan endikdigini aýdyp gelýär.

Geçen ýyl Türkmenistanda bugdaý üçin umumy 760 müň gektar ýer bölünip berildi hem-de ondan 1 million 600 müň tonna hasyl ýygnamak döwlet derejesinde planlaşdyryldy.

Bu ýyl bugdaý döwlet plan borçnamasyny bäş welaýatyň arasynda ilkinji bolup, döwlet metbugatynyň habar bermegine görä, 25-nji iýunda Ahal welaýaty ýerine ýetirdi. Bu habar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji iýunda öz ýeke-täk ogluny, Serdar Berdimuhamedowy, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeginiň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň çägine aprel aýynda aralaşan dowamly ýagyşlaryň Mary we Ahal welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän bugdaý maýsalaryna zyýan ýetirendigini habar beripdi.

Döwlet metbugaty ýurda gelen siliň bugdaýa ýetirýän täsirini agzamady.

Türkmenistanda yglan edilýän bugdaý hem-de pagta möwsümleriniň tamamlanmagynyň yzýany tas her ýyl döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallar harmana tabşyran hasylynyň girdejilerini bankomatlardan maňlaýyna sylyp alýan kärendeçileri görkezýär.

26-njy iýunda türkmen telewideniýesiniň wideo maglumatlarynda gallaçy kärendeçileriň öz zähmet haklaryny maňlaýa sylyp alyşlary görkezildi. Ýöne Lebabyň dürli etraplaryndaky daýhanlaryň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu görkezilenleriň hakykata gabat gelmeýändigini, daýhanlaryň hasyl pulunyň haçan beriljekdigi barada resmilerden takyk maglumat almak synanyşyklarynyň hem häzirlikçe netije bermeýändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG